Ï Türkmenistanyň Prezidentiniň Belarus Respublikasyna resmi saparyna
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidentiniň Belarus Respublikasyna resmi saparyna

view-icon 620
Umumy maksatlara we wezipelere laýyk gelýän hyzmatdaşlyk

Şu gün – 27-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Belarus Respublikasyna iki günlük resmi sapary başlanýar. Türkmen Lideri bu sapary belarusly kärdeşi - Prezident Aleksandr Lukaşenkonyň çakylygy boýunça amala aşyrýar.

Minskide ýokary derejede geçiriljek türkmen-belarus gepleşikleri soňky ýyllarda has-da işjeňleşen döwletara gatnaşyklaryny ösdürmegiň ýolundaky nobatdaky ädime hem-de taraplaryň özara bähbitli hyzmatdaşlygy täze, özara bähbitlere laýyk gelýän we sazlaşykly ösdürilýän derejä ýetirmegi maksat edinýändigini görkezýän subutnama öwrüler. Muňa iki ýurduň dürli derejedäki wekiliýetleriniň ýygjamlaşan saparlary hem-de Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň Baştutanlarynyň arasynda birek-birege düşünişilmegine we ynama esaslanýan yzygiderli şahsy gepleşikleri we gatnaşyklary gös-göni ýardam berýär.

Ýeri gelende aýtsak, Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Aleksandr Lukaşenkonyň şu gezekki duşuşygy Aşgabatdaky ýokary derejedäki ikitaraplaýyn gepleşiklerden bäri laýyk bir ýyl geçenden soňra bolýar, şol gepleşikler bolsa, döwletara gatnaşyklarynyň taryhynda mynasyp orny eýeledi. Şonda iki döwletiň Baştutanlary Türkmenistanyň we Belarusuň netijeli syýasy gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga taýýardygyny ýene-de bir gezek tassyklap, deňhukuklylyk, özara bähbitlilik we uzakmöhletleýin esasda guralýan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň anyk ugurlaryny kesgitlediler.

Dostlukly iki ýurduň Liderleriniň nobatdaky duşuşygyna eýýäm wajyp ähmiýetli waka hökmünde baha berilmegi ýöne ýerden däldir, taraplaryň hoşmeýilliligi we tagallalary arkaly, täze we has anyk many-mazmun bilen baýlaşdyrylan we netijeli häsiýete eýe bolan türkmen-belarus hyzmatdaşlygyny giňeltmek we diwersifikasiýa etmek bilen baglylykda, şu duşuşyk möhüm ähmiýete eýedir. Dostlukly iki halkyň gymmatlygyna öwrülen ykdysady we medeni hyzmatdaşlyk boýunça toplanan baý tejribe häzirki tapgyrda döwletara gatnaşyklarynyň üstünlikli ösdürilmegine badalga beren wajýyp ýagdaý hasaplanýar.

Ýokary derejedäki gepleşikleriň barşynda taraplar ikitaraplpaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn esasda, ýagny iri halkara we sebit derejesindäki guramalaryň we düzümleriň, ilkinji nobatda bolsa, BMG-niň ugry boýunça üstünlikli ösdürilýän netijeli hyzmatdaşlyga degişli meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşmagy maksat edinýärler. Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň halkara syýasatyna degişli wajyp ähmiýetli jähetler babatdaky çemeleşmeleriniň we garaýyşlarynyň biri-birine ýakyn bolmagy umumy maksatlara we wezipelere kybap gelýän netijeli gatnaşyklarynyň alnyp barylmagyna oňaýly täsirini ýetirýän ýagdaýdyr.

Türkmenistan we Belarus iki ýurduň ykdysady kuwwatyny we döwleti ösdürmekde ileri tutulýan ugurlary göz öňünde tutup, ýola goýlan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga degişli çemeleşmeleri-de meňzeşdir. Hut şoňa görä-de, kuwwatly şertnamalaýyn-hukuk binýady döredildi, bu binýat taraplaryň türkmen-belarus hyzmatdaşlygyny dürli ugurlar boýunça ysnyşykly we netijeli ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini äşgär edýär.

Iki ýurduň Liderleri hyzmatdaşlygyň uly we köp ugurly mümkinçilikleri barada aýdyp, ynamly ösüşe eýe bolýan türkmen we belarus ykdysadyýetleriniň biri-biriniň üstüni ýetirip durmagynyň özara bähbitleriň hatyrasyna ulanylyp bilinjiekdigini we ulanylmalydygyny birnäçe gezek nygtadylar. Belarusda öndürilen hem-de Türkmenistanyň toprak-howa şertlerinde ygtybarlylygyny görkezen oba hojalyk tehnikasynyň köp ýyllaryň dowamynda getirilip durulmagy, galyberse-de, belarusly hyzmatdaşlaryň iri möçberli we möhüm ähmiýetli taslamalaryň amala aşyrylmagyna gatnaşmagy hyzmatdaşlygy işjeň ýagdaýda guramaga çemeleşilýändigini aýdyň görkezýär. Şu jähetden alanyňda, Lebap welaýatynda kaliý dökünlerini öndürmek üçin dag-magdan baýlaşdyryjy toplumy gurmak boýunça bilelikdäki uly möçberli taslama hem muňa mysal bolup biler, 2009-njy tomsunda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Aleksandr Lukaşenko şol taslamanyň amala aşyrylmagyna badalga berdiler.

Şu ýerde milli ykdysadyýet üçin düýpgöter täze hem-de çig mal babatda örän uly kuwwata eýe bolan dag-magdan pudagynyň döredilýändigi barada gürrüň gidýändigini göz öňünde tutanyňda, wajyp ähmiýetli we öz möçberleri boýunça ozal görlüp-eşidilmedik bu taslamanyň Türkmenistanyň täze taryhyna ýazyljakdygy şübhesizdir. Ýeri gelende aýtsak, bu taslamada diňe bir örän uly senagat desgasyny gurmak bilen çäklenmän, döwrebap tehnikany getirmek, türkmen hünärmenlerini okatmak, bar bolan tejribäni öwretmek hem göz öňünde tutulýar.

Şu aýdylanlaryň ählisi hyzmatdaşlyk edýän taraplaryň ykdysady we serişdeler babatda uly kuwwata eýe bolmak bilen, şondan peýdalanmak üçin ugrunda anyk çäreleri görýändigini tassyklaýar. Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-belarus toparynyň döredilmegi şu ugurdaky anyk ädimleriň birine öwrüldi. Bu topar şu ýyllarda özüniň netijelidigini we zerurdygyny äşgär eden hyzmatdaşlygy ösdürmek we has-da pugtalandyrmak boýunça täsirli usullary işläp taýýarlamalydyr we olary iş ýüzünde ulanmalydyr.

Türkmenistany we Belarusy asyrlarboýy emele gelen taryhy we medeni umumylyk hem baglanyşdyrýar, şol bitewülik häzirki eýýamda däbe öwrülen gatnaşyklary ähli ugurlar, şol sanda syýasay, ykdysady we medeni-gumanitar ulgamlar boýunça çalt depgin bilen ösdürmek üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat edýär. Gumanitar ugur, şol sanda ylym we bilim, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça hyzmatdaşlygyň hem türkmen-belarus gatnaşyklarynyň möhüm jähetleriniň biri bolup durýandygyny bellemek gerek. Galyberse-de, medeni gatnaşyklar hem yzygiderli ýaglaýda giňeldilýär, olar türkmen we belarus halklaryny baglanyşdyrýan mähirli dostlugyň pugtalandyrylmagyna ýardam berýär.

Ýeri gelende aýtsak, ýakynlaşmaga we ysnyşykly hyzmatdaşlygy ýola goýmaga gönükdirilen ugur Belarusuň paýtagtynda ýokary derejedäki gepleşikleriň üstünlikli geçirilmegine ýardam berer, şol gepleşikleriň bolsa, gol çekmek üçin taýýarlanýan resminamalaryň uly toplumynda öz beýanyny tapjakdygyna hem-de türkmen-belarus döwletara gatnaşyklarynyň häzirki döwürdäki taryhyna täze we möhüm ähmiýetli sahypa bolup ýazyljakdygyna söz ýokdur.