Ï Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli sport we döredijilik bäsleşikleri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli sport we döredijilik bäsleşikleri

view-icon 1060
Şu gün, Türkmen bedewiniň baýramynyň öňüsyrasynda Halkara atçylyk sport toplumynda atly sportuň päsgelçiliklerden bökmek boýunça ýaryşy geçirildi. Mälim bolşy ýaly, ol atçlyk sportunyň olimpiýa görnüşleriniň biri bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen geçirilen bu ýaryşlary “Türkmen atlary” döwlet birleşigi, ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň birnäçe ministrlikleri we pudaklaýyn edaralary, Türkmenistanyň Syýahatçylyk wesport baradaky döwlet komiteti, şeýle hem Ahal welaýatynyň häkimligi bilelikde guradylar.

Dürli ýaryşlarda ýokary netijeleri görkezen ahalteke bedewleri dünýä atçylyk sportunyň taryhynda mälimdir. Mysal üçin, ady rowaýata öwrülen Absent atly bedew 12 ýylyň dowamynda Olimpiýa ýaryşlarynda birinji ýeri eýeläp, Rimde (1960-njy ýyl), Tokiodo (1964-nji ýyl) we Mehikoda (1968-nji ýyl) geçirilen Olimpiadalaryň ýeňijisi boldy, şeýle hem “XX asyryň iň gowy sport aty” diýen derejä mynasyp boldy. Päsgelçiliklerden bökmek ýaryşynda bolsa onuň atasy Arap XX asyryň ortasynda 2 metr 12 santimetr belentlikdäki päsgelçilikden geçip, dünýä rekordyny täzeledi. Perepel diýen at hem özüniň uzynlygyna bökmek boýunça goýan dünýä rekordy (8 metr 78 santimetr) bilen meşhurdyr. Penteli diýen ahalteke bedewiniň hem ussatlygyny we başarnygyny bellemek möhümdir. Ol örän ussatlyk bilen böküp, örän çylşyrymly ýagdaýlardan baş alyp çykarmagy başarypdyr. Kähalatlarda çapyksuwar belentligi bir ýarym metrden gowrak bolan diwara birnäçe santimetr galanda atyny saklapdyr, ýöne şonda-da bu bedew ussatlyk bilen, özüni we öz eýesini päsgelçilikden ýeňililk bilen geçiripdir. Penteliniň bu haýran galdyryjy ukyby şonda iň ýokary bahalaryň biri bolan 9,8 utuk bilen bahalandyrypdyr!

Şu gün geçirilen päsgelçiliklerden bökmek ýaryşynyň aýratynlyklary barada aýdylanda bolsa, atçylyk sportunyň bu görnüşinde bedew öz üstündäki çapyksuwar bilen bielikde belli bir wagtyň dowamynda päsgelçiliklerden geçmelidir. Şunda ol ýörite goýlan päsgelçilikleri ýykmaly däldir.

Bu gezekki ýaryşlar iki tapgyrda geçirildi. Olara Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumynyň, “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň Milli atçylyk sport merkeziniň we ýurudmyzyň Goranmak ministrliginiň atlarynyň 11-si gatnaşdy.

Şu ýaryşyň şertlerine laýyklykda, çapyksuwar öz aty bilen 10 sany päsgelçilikden bökmelidi, olaryň iň belendi birinji tapgyrda 1 metre, ikinji tapgyrda bolsa 1 metr 30 santimetre barabardy. Bu ýerde gurnalan monitorda tomaşaçylara çykyş edýän her bir at we çapyksuwar, olaryň bellenen aralygy we päsgelçiliklerden geçen wagty hem-de jerime utuklary barada maglumatlar berildi. Ýaryşyň netijeleri we emin agzalarynyň çözgüdi boýunça Annadurdy Ballyýew özüniň Toplum diýen bedewinde 1-nji orna, Fagida Zaripowa özüniň Ýedigaýa diýen atynda 2-nji orna we sport ussady Durdy Kanaýew Akylly atly bedewinde 3-nji orna mynasyp boldular. Emin agzalarynyň düzümine Türkmenistanyň, Russiýanyň we Lýuksemburgyň hünärmenleri girdiler.

Günüň ikinji ýarymynda Halkara atçylyk sport toplumynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yglan eden bäsleşiginiň ikinji tapgyry geçirildi. Bu bäsleşik halyçylaryň, zergärleriň, suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň arasynda şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde ahalteke bedewleriniň gözelligini çeperçilik taýdan beýan etmek boýunça guraldy.

Ozal habar berlişi ýaly, bu bäsleşigi “Türkmen atlary” döwlet birleşigi, obasenagat toplumynyň ministrilkleri we pudaklaýyn edaralary, “Türkmenhaly” döwlet paýdarlar korporasiýasy hem-de Türkmenistanyň Medeniet ministrigi guradylar. Paýtagtymyzyň we welaýatlaryň şekillendiriş hem-de amaly-haşam sungatynyň meşhur we ýaş ussatlary bäsleşigiň saýlama tapgyryna özleriniň 400-e golaý işlerini hödürlediler.

Bäsleşige hödürlenen işleriň arasynda nakgaşlyk eserleri, suratlar, haly önümleri, heýkeller aýratyn orun eýeledi. Olarda ahalteke bedewleriniň ajaýyp şekilleri öz beýanyny tapdy. Bäsleşikde şeýle hem ahalteke bedewleri üçin altyndan we kümüşden ýasalan, gymmat bahaly daşlar bilen bezelen at esbaplaryna aýratyn orun berildi. Ahalteke bedewleriniň tebigy gözelligi we syratlylygy, wepadarlygy, asyllylygy we täsin zehini eserleriň awtorlary üçin döredijilik joşgunynyň çeşmesi bolup hyzmat etdi. Olar öz eserlerinde bedewiň ajaýyp we owadan keşbini şöhlelendirdiler.

Bäsleşigiň eminler topary jemleýji tapgyra gatnaşmak üçin suratlaryň 10-syny, heýkelleriň 10-syny, zergärçilik önümleriniň 10-syny we haly önümleriniň hem 5-sini seçip aldy. Emin agzalarynyň düzümine ýurdumyzyň atşynaslary, suratkeşleri we heýkeltaraşlary bilen birlikde Fransiýa, Russiýa Federasiýasy, Ukraina, Çehiýa ýaly ýurtlardan gelen meşhur alymlar, atçylyk bilen meşgullanýan hünärmenler, ahalteke bedewleriniň hakyky muşdaklary girdiler.

Şeýlelikde, şu gün döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri kesgitlenildi. Türkmenistanyň halk suratkeşleri Ada Gutlyýew türkmen bedewi şekillendirilen iň öwadan haly eseri (“Bagtyýarlyk eýýamy”) we Babageldi Owganow türkmen bedewiniň iň gowy surat eseri (“Seljuklar”); ýurdumyzyň at gazanan sungat işgäri, zergär Myrat Sähedow at şaýlarynyň toplumy; Artyknazar Meredow türkmen bedewine bagyşlanan iň gowy heýkeli (“Bedew”) üçin ýeňijiler diýlip yglan edildi.

Soňra Halkara atçylyk sport toplumynyň sirkiniň binasynda daşary ýurtly myhmanlar we Ahal welaýatynyň ýaşaýjylary üçin meşhur “Galkynyş” atçylyk sport toplumynyň jigitleriniň çykyşlary guraldy.

* * *


Şu günler ýurdumyzyň paýtagty Türkmen bedewiniň baýramy mynasyebtli geçiriljek dabaralara gatnaşmak üçin dünýäniň onlarça ýurdundan Aşgabada gelen türkmen bedewleriniň köp sanly muşdaklarynyň, atşynas alymlaryň, seýisleriň, biologlaryň, taryhçylaryň, dilçileriň, şeýle hem medeniýet we sungat igşgärleriniň, habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň duşuşýan ýerine öwrüldi.

Ertir, 27-nji aprelde Oba hojalyk toplumynyň edara binasynyň mejlisler zalynda “Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly IV haklara ylmy maslahaty açylar.

28-nji aprelde Halkara atçylyk sport toplumynyň mejlisler zalynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň I I mejlisi geçiriler.

29-njy aprelde şol ýerde “Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi” atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry, baýramçylyk at çapyşyklary geçiriler, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan bäsleşikleriň, at çapyşyklaryň we päsgelçiliklerden bökmek boýunça ýaryşlaryň ähli ýeňijilerine baýraklar gowşurylar.

Şu forumlaryň, bäsleşikleriň we dürli ýaryşlaryň geçirilmegi Türkmenistanda atçylygy, tohumlyk ahalteke bedewleriniň sanyny artdyrmak işine, bu täsin tohumy mundan beýläk-de wagyz etmäge, türkmen halkynyň milli buýsanjy bolan “behişdi” bedewleriň bütin dünýäde şan-şöhratyny artdyrmaga aýratyn üns berilýändigine şaýatlyk edýär. Bu meseleler ganatly bedewlere uly sarpa goýýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hemişe üns merkezinde durýar.

Baýramçylyk çärelerine gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna gelen daşary ýurtly myhmanlar üçin uly medeni maksatnama taýýarlanyldy. Şol maksatnamanyň çäklerinde myhmanlar Baş milli muzeýe we Türkmen halysynyň milli muzeýine baryp görerler, şeýle hem her ýyl aprel aýynyň iň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli geçiriljek dabaralara gatnaşarlar.