Ï Türkmen kikboksçularynyň halkara ýaryşyndaky ýeňşi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen kikboksçularynyň halkara ýaryşyndaky ýeňşi

view-icon 743
Türkmen türgenleri şu ýyl gyşky olimpiýa oýunlarynyň geçen paýtagty bolan Insbruk şäherinde erkekleriň arasynda kikboksing boýunça Awstriýanyň kubogy ugrundaky açyk ýaryşda ýedi medaly (iki altyn, dört kümüş we bir bürünç) eýelediler.

Biziň toparymyzda altyn medallara degişlilikde Türkmenistanyň at gazanan tälimçileri Ý. Haýytowyň we A. Snagowskiniň ýolbaşçylygynda tälim alýan aşgabatly M. Tahtamyşew (67 kilograma çenli agram derejesi) we Türkmenabatdan B. Şiriýew (60 kilograma çenli agram derejesi) mynasyp boldular.

Kümüş medaly I. Ataýew (60 kilograma çenli agram derejesi), A. Handurdyýew (75 kilograma çenli agram derejesi), A. Gylyjow (91 kilograma çenli agram derejesi) we M. Altybaýew (63,5 kilograma çenli agram derejesi) eýelediler. Bürünç medala bolsa Ş. Hallyýew (54 kilograma çenli agram derejesi) mynasyp boldy.

Biziň toparymyz Insbruga jemi ýedi türgen bolup gitdiler we olaryň hemmesi hem Watana medally gaýdyp geldiler. Şeýle-de, M. Altybaýewyň, Ş.Hallyýewyň we M.Tahtamyşewyň üstünlikli çykyş edendiklerini hem-de halkara ýaryşynda özleriniň ussatlygyny görkezendiklerini bellemelidiris. Ýöne bu olaryň daşary ýurtlarda ilkinji gezek üstünlikli çykyş edişleri däldir: geçen ýyl dünýäniň Kubogy ugrunda ýaşlaryň arasynda geçirilen ýaryşda türkmen kikboksçularynyň ilkinji ikisi altyn medala, üçünjisi bolsa kümüş medala mynasyp boldular.

Biziň beýleki türgenlerimiz bolsa Awstriýada geçen ýaryşa gatnaşyp, halkara ýaryşlarynda ilkinji gezek öz güýçlerini synadylar.