Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Bilelikdäki türkmen-german iş toparynyň düýn geçirilen nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin öz ýurdunyň wekilçilikli toparyna ýolbaşçylyk edip Aşgabada gelen GFR-iň ykdysadyýet we tehnologiýalar ministriniň orunbasary, federal ministrligiň daşary ykdysady syýasat departamentiniň direktory jenap Karl-Ernst Brauneri kabul etdi.
Myhman wagt tapyp kabul edendigi hem-de türkmen topragynda görkezilen myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Türkmenistanda ýene bir gezek bolýandygyna we bu ýerde milli Lideriň baştutanlygynda özüniň ähmiýeti hem-de möçberi boýunça deňi-taýy bolmadyk özgertmeleriň durmuşa geçirilýändigine baha bermek bagtynyň miýesser edendigine örän şatdygyny nygtady hem-de ýurtda üstünlikli durmuşa geçirilýän özgertmeleriň türkmen döwletiniň halkara giňişligindäki abraýynyň has-da ösmegini şertlendirýändigini aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz deňhukuklylyk we özara peýdaly hem-de uzakmöhletleýin esasda ýola goýulýan türkmen-german hyzmatdaşlygynyň ösüşine aýratyn ähmiýet berilýändigini belledi. Şeýle hem milli Liderimiz Germaniýa Federatiw Respublikasy bilen işjeň gatnaşyklary, şol sanda iri halkara guramalarynyň we düzümleriniň, öňi bilen bolsa Ýewropa Bileleşiginiňň we Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde köpugurly esasda ýola goýulýan gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn pugtalandyrylmagy biziň ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biridir diýip belledi we türkmen tarapynyň köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassyklady.
Duşuşygyň barşynda soňky ýyllarda birnäçe möhüm ugurlar boýunça sazlaşykly ösüşe eýe bolan döwletara gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we ony mundan beýläk-de giňeltmegiň geljegi hakynda pikir alyşmalar boldy. Özara gyzyklanmalary hem-de döwlet ösüşiniň umumy wezipelerini nazara almak bilen, duşuşykda söwda-ykdysady we ýangyç-energetika toplumlary, elektroenergetika we senagat düzümleri, gurluşyk, saglygy goraýyş, bilim, sport we syýahatçylyk ulgamlary ileri tutulýan pudaklaryň hatarynda iň bir geljegi uly ugurlar hökmünde görkezildi.
Döwlet Baştutanymyz we myhman ikitaraplaýyn ylalaşyklary üstünlikli durmuşa geçirmegiň ýollaryny we usullaryny kesgitleýän Bilelikdäki türkmen-german iş toparyna taraplaryň möhüm ähmiýet berýändigini bellemek bilen, birek-birege goldaw bermek hem-de netijeli hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilmegine gönükdirilen meýiller dünýä maliýe-ykdysady çökgünligine garşy durmagyň iň oňat usullarydyr diýip nygtadylar.
GFR-iň işewür toparlarynyň türkmen hyzmatdaşlary bilen ýygjam gatnaşygy ýola goýmaga bolan islegleriniň ýokarlanýandygy barada aýtmak bilen, myhman geljegi uly türkmen bazarynda bilelikdäki işleri üstünlikli durmuşa geçirmek üçin ähli amatly şertleriň, ilkinji nobatda bolsa oňaýly maýa goýum ýagdaýynyň döredilendigini aýratyn nygtady we türkmen Lideriniň durmuşa geçirýän “açyk gapylar” syýasaty daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň işjeň çekilmegi üçin möhüm şert bolup durýar diýip belledi.
Bellenilişi ýaly, Germaniýa öz tarapygdan milli Liderimiziň ýurduň senagatyny diwersifikasiýa etmäge we binýatlaýyn pudaklaryň sazlaşykly ösüşine gönükdirilen syýasatyny hemmetaraplaýyn goldar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenbaşynyň deňiz portunyň we paýtagtymyzyň halkara howa menziliniň durkuny täzelemäge, şeýle hem saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň taslamalary gürrüňdeşligiň esasyny düzdi.
Döwlet Baştutanymyz we GFR-iň ykdysadyýet we tehnologiýalar ministriniň orunbasary birek-birege hoşniýetli arzuwlary aýdyp, iki ýurduň halklarynyň arasyndaky dostluk gatnaşyklarynyň hem-de netijeli hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.
Duşuşyga GFR-iň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Raýner Morel gatnaşdy.