Ï Türkmen küştçüleriniň üstünligi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen küştçüleriniň üstünligi

view-icon 700
FIDE-niň ussatlary, küşt boýunça her ýyl geçirilýän halkara ýaryşynda üstünlikli çykyş edýän Maksat we Ýusup Atabaýewler täze milli rekordy goýdular. Aşgabat şäheriniň sport komitetiniň küşt sport mekdebiniň on ýedi ýaşly wekilleri “Halkara derejesi” diýen adyň kadalaryny ýerine ýetiren ýurdumyzyň iň ýaş küştçüleri boldular.

28 ýurtdan sportuň bu görnüşiniň güýçli wekilleri - jemi 149 küştçi Dubaýa geldi, olaryň 50-si halkara grossmeýsteri diýen ýokary küşt derejesine eýedir.


Türkmen küştçüleriniň hataryndan mümkin bolan 9 utukdan 6 utuk gazanan Maksat bäsleşige gatnaşan grossmeýsterleriň sanyny nazara alanyňda, ýaryşda örän ýokary netijäni görkezip, 25-nji orny eýeledi. Ýusup bary-ýogy ýarym utuk yza galdy we halkara ussadynyň kadalaryny ýerine ýetirdi. Şu mynasybetli biziň küştçülerimize ýörite güwänamalar gowşuryldy.

Häzirki wagtda Maksat bilen Ýusup ýurdumyzyň iň güýçli küştçüleri hasaplanýar, olar erkekleriň arasynda ýokary ligada şu ýylyň mart aýynda geçirilen Türkmenistanyň çempionatynda çykyş edip, degişlilikde birinji we ikinji orunlary eýelediler.

Paýtagtymyzyň küşt sport mekdebiniň ýene-de bir ýaş wekili, 13 ýaşly sport ussady Şanepes Meredow Dubaýda geçirilen halkara ýaryşynda oňat netije gazandy, ol 9 utukdan 4 utuk toplap, 14 ýaşa çenli ýaş toparynda bürünç medala mynasyp boldy.

Awgust-sentýabr aýlarynda Stambulda Bütindünýä küşt olimpiadasy geçiriler, şonda ýaş türkmen küştçüleriň halkara grossmeýsteri ady ugrunda ilkinji utuklary gazanmaga mümkinçiligi bolar.