Ï Ahalteke bedewleri—biziň buýsanjymyz we şöhratymyz
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ahalteke bedewleri—biziň buýsanjymyz we şöhratymyz

view-icon 15021
Halkara atçylyk sport toplumyndaky baýramçylyk dabaralary

Şu gün asylly däbe görä, biziň ýurdumyzda ählihalk dabarasyny we milletiň ruhy köklerine, ady rowaýata öwrülen ahalteke bedewleri esasy orun eýeleýän täsin medeni mirasymyza bolan üýtgewsitz ygrarlylygyny alamatlandyrýan we ýurdumyzda giňden belenilýän Türkmen bedewiniň baýramçylyk dabaralary ýaýbaňlandyryldy.

Gözelligiň we kämilligiň naýbaşysy nusgasy hökmünde ykrar edilen ahalteke bedewi Türkmenistanyň täze taryhy eýýamdaky okgunly ösüşiniň baş nyşanyna öwrüldi. Ahalteke bedewlerine belent sarpa goýýan milli Liderimiziň ýadawsyz tagallalary netijesinde Türkmenistanda şöhratly däpleri özünde jemleýän ýurdumyzyň atçylygyny gorap saklamak hem-de ony üstünlikli dowam etdirmek, atçylyk sportuny ösdürmek, ajaýyp ahalteke bedewlerini dünýä ýüzünde wagyz etmek üçin ähli şertler we mümkinçilikler döredildi.


Köpetdagyň etegindäki gözel künjekde ýerleşýän Halkara atçylyk sport toplumy dabara gatnaşyyjlary we myhmanlary baýramçylyga mahsus ýagdaýda garşylady. Bu ýere Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Mejlisiň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylary, biziň ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň baştutanlary, Aşgabadyň we welaýatlaryň häkimleri, jemgyýetçilik guramalarynyň, habar beriş serişdeleriniň wekilleri, hormatly ýaşulular, paýtagtymyzyň we Ahal welaýatynyň köp sanly ilaty ýygnandy. Dabara gatnaşyjylaryň arasynda düýn Aşgabatda öz işini tamamlan Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň II mejlisine we “Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly IV halkara ylmy maslahatyna gatnaşyjylar hem bar.

Ruhabat etrabynyň çäginde ýerleşýän 7 müň tomaşaçy orunlyk Halkara atçylyk sport toplumynyň umumy meýdany 90 gektardan gowrak bolup, onda çapuw ýodalaryndan başga-da, 10 sany athana, bedewlere ideg edýän bölüm, atlar üçin weterinar barlaghanasy we birnäçe ýöriteleşdirilen desgalar bar. Şeýle hem toplumyň hataryna sirk maneži, açyk we ýapyk görnüşli atçylyk sporty bilen meşgullanmak üçin binalar, restoran, çaýhana, amfiteatr, çagalar üçin akwapark girýär. Toplumyň taslamasy düzülende onuň tehniki taýdan enjamlaşdyrylyşyna aýratyn üns berlipdir. Eminleriň, režissýorlaryň we alyp baryjylaryň otaglary, audio we wideo studiýalar halkara ülňülerine doly laýyk gelýän derejede enjamlaşdyrylypdyr. Bu ýerde oturdylan foto pellehana ähli ownuk hereketleri görmäge, şeýle hem totalizatoryň maglumatlary bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär. Şol maglumatlary toplumyň ähli künjeginde gurnalan monitorlarda görmek bolýar.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ulagy Halkara atçylyk sport toplumyna gelýär. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy dabara gatnaşyjylar uly ruhubelentlik we el çarpyşmalar bilen garşyladylar.

Milli lybasdaky gyzlar hormatly Prezidentimize gül desselerini gowşurýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlar bilen mähirli görşüp, baýramçylyk äheňinde bezelen toplumyň çägine girýär. Hemme ýerde türkmen toýuna mahsus ýagdaý höküm sürýär, aýdym-saz belentden ýaňlanýar, paýtagtymyzyň hem-de welaýatlaryň iň gowy döredijilik toparlary, şeýle hem ýaşajyk türgenler öz ussatlyklaryny görkezýärler. Toplumyň seýilgäh zolagynda Türkmenistanyň oba hojalyk pudagynyň hem-de gaýtadan işleýji senagatyň önümleriniň sergisi guraldy. Şu ýerde Türkmenistanyň Baş milli muzeýiniň we ýurdumyzyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň gaznalarynda saklanýan gymmatlyyklaryndan, şekillendiriş we amaly-haşam sungatyna degişl eserlerde ahalteke bedewleriniň özboluşly tebigy nepisligni we gözelligin çeperçilik taýdan şekillendirmek boýunça döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileriniň, şeýle hem Döwlet seperçilik akalemiýasynyň talyplarynyň, Türkmen döwlet ýöriteleşdirilen çeperçilik mekdebiniň we çagalaryň B.Nuraly adyndaky çeperçilik mekdebinde okaýanlaryň işlerinden düzülen sergi hem guraldy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow toplumyň esasy binasynyň öňündäki meýdançada Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşyna syn edýär.

Döwlet Baştutanymyz artistleriň çykyşyna mynasyp baha bermek bilen, tomaşaçylaryň el çarpyşmalary astynda atçylyk toplumynyň ýörite bellenilen ýerine tarap barýar. Toplumyň münberlerinde Türkmenistanyň dürli minitsrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, atçylyk pudagynyň işgärleri, ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň habar beriş serişdeleriniň wekilleri we başga-da köp sanly adamlar bar.


Hormatly myhmanlar üçin niýetlenen münberde ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmen bedewiniň baýramçylygy mynasybetli guralýan dabaralara gatnaşmak üçin öz ýurdunyň hökümet toparyna ýolbaşçylyk edip, Türkmenistana gelen Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti R.Minnihanow hem bar.

Dabara Türkmenistanyň Döwlet senasynyň ýaňlanmagy bilen başlandy.

Alyp baryjy milletiň Liderine ata Watanymyzyň ruhy galkynyşynyň we ösüşiniň hatyrasyna alyp barýan köp ugurly işi üçin tutuş türkmen halkynyň adyndan çuňňur hoşallyk sözlerini hem-de ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli gutlag sözlerini aýtdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow atçylyk pudagyny ösdürmek barada yzygiderli alada edýändigi, türkmen bedewlerine we olaryň dünýädäki at-abraýynyň has-da ýokary galmagyna aýratyn üns berýändigine çäksiz minnerdarlygyň nyşany hökmünde döwlet Baştutanymyza ahalteke bedewlerini sowgat bermegiň dabarasy boldy.

Döwlet Baştutanyny welaýatlaryň ählisiniň we Aşgabat şäheriniň wekiilleri mübärekleýärler. Meýdança ýurdumyzyň her bir welaýatynyň adyndan bedewler gezekli-gezegine çykarylýar, welaýatlaryň häkimleri we sarpaly ýaşululary milletiň Liderine bedewleriň şahadatnamalaryny gowşurýarlar. Bular Garahan (Ahal welaýaty), Gyşyksakar (Balkan welaýaty), Galkynyş (Daşoguz welaýaty), Daghan (Lebap welaýaty), Edepli (Mary welaýaty) we Akbilek (Aşgabat şäheri) atly bedewlerdir.


Harby we hukuk goraýjy edaralaryň adyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Galkan diýen bedew sowgat berilýär.

Soňra alyp baryjy Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti R.Minnihanowdan tatar halkyna hormat goýmagyň we hakyky dostlugyň nyşany hökmünde türkmen halkynyň adyndan Gozgan atly ajaýyp ahalteke bedewini sowgat hökmünde kabul etmegini haýyş edýär. Bu bedewiň şahadatnamasyny belent mertebeli myhmana Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň özi gowşurdy. Tatarystanyň Prezidenti ajaýyp sowgat üçin tutuş tatar halkynyň adyndan tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Türkmenistanyň Prezidentine ähli watandaşlarymyz tarapyndan hormatlanýan atşynaslaryň ählisinň adyndan ýene-de bir ajaýyp bedew sowgat hökmünde gowşurylýar. Meýdança Berkarar diýen bedew çykarylýar. Milli Liderimiz bedew bilen içgin tanşyp, oňa atlanýar we hormat aýlawyny ýerine ýetirýär. Ajaýyp Berkarar täze eýesiniň her bir emrini gyşarnyksyz ýerine ýetirýär. Ol tomaşaçylaryň öňünde seýkin ýörişi bilen baş egýär. Bu pursat dabara gatnaşyjylarda uly täsir galdyrýar.

Ýygnananlar “behişdi bedewlere” haýran galmak bilen syn edýärler, bu bedewler Türkmenistanyň ösüşiň we rowaçlygyň ýolunda batly depgin bilen ösüş gazanmagynyň ajaýyp nyşany, türkmen toýlarynyň we baýramçylyklaryň bezegi hem-de tebigat bilen birlikde bu ajaýyp bedewleri kemala getiren zehinli ata-babalarymyzyň ýadawsyz zähmetiniň janly ýadygärligi bolup durýar.

Soňra alyp baryjy ýurdumyzyň Prezidenti tarapyndan yglan edilen “Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi” atly halkara bäsleşiginiň netijeleriniň jemlenmegine bagyşlanan dabaranyň başlanýandygyny yglan edýär.

Saýlama ahalteke bedewleriniň 10-sy—3-10 ýaşyndaky arassa ganly bedewler: Gündogar, Hanbürgüt, Bagtyýar, Hanbeg, Täsinguş, Ilkinji, Akdag, Şatlyk, Hanpata we Ahalteke syn edilýän meýdança gezekli-gezegine çykarylýar.

“Behişdi bedewleriň” köp sanly muşdaklaryna bu şöhratly tohuma degişli naýbaşy bedewleri synlamak üçin oňaýly mümkinçilik döredildi. Adamlar eýerlenen hem-de bedewler üçin niýetlenip ussat zergärler tarapyndan taýýarlanan milli bezeg şaýlary bilen bezelen bedewleri üns berip synladylar. Şeýle hem bu bedewleriň her biri beden gurluşy we sazlaşyk babatdaky häsiýetlerini, dürli tabşyryklary berjaý etmegi başarýandygyny görkezdi. Günüň şöhlesine lowurdaýan reňkdäki bedewler özleriniň belentl mertebeliligi we taýsyz gözelligi bilen hemmeleri haýran galdyrdylar. Soňra bäsleşige gatnaşdyrylýan bedewler ussat zergärler tarapyndan taýýarlanan ähli şaý-esbaplara beslenip görkezilişe çykaryldy.

Saýlama tohumdaky owadan we gelşikli bedewleriň haýsysynyň has-da tapawutlanýandygyny kesgitlemek aňsat düşmedi, çünki tomaşaçylar we eminler bedewleriň biri-birinden gowudygyny biragyzdan bellediler. Olaryň üstün çykmak babatdaky mümkinçilikleri deň bolsa-da, bäsleşikde ýeňijini yglan etmeli bolýar.

Bäsleşik boýunça ýurdumyzyň atşynaslaryndan, suratkeşlerden we heýkeltaraşlardan başga-da, Fransiýa, Russiýa Federasiýasy, Ukraina we Çehiýa ýaly ýurtlaryň tanymal alymlaryndan—ippologlaryndan, atşynaslyk boýunça hünärmenlerden, ahalteke bedewlerine uly sarpa goýýanlardan ybarat düzümdäki eminler bäsleşigiň netijesini yglan etdiler. Oňa laýyklykda Türkmen bedewiniň baýramçylygy mynasybetli geçirilen gözellik bäsleşiginde Türkmenistanyň Içeri işler ministriliginiň Hanbürgüt atly bedewi “Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi” diýen derejä hem-de göçme Nyşana mynasyp boldy.

Tomaşaçylaryň el çarpmagynda ajaýyp bedewiň seýsine baş baýrak bolan awtomobiliň açary we göçme Nyşan gowşuryldy. Milli nagyşlar bilen bezelen nyşanyň ýokarky böleginde ahalteke bedewiniň kellesiniň şekiliniň ýerleşdirilmegi behişdi bedewleriň türkmen halkynyň milli buýsanjydygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Bäsleşige gatnaşan beýleki bedewleriň hemmesine hem-de olaryň eýelerine döwlet Baştutanymyzyň adyndan gymmat bahaly baýraklar gowşuryldy.

Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň “Galkynyş” jigitler toparynyň çykyşlary has-da täsirli boldy. Olar dabara gatnaşyjylaryň öňünde milli at üstündäki oýunlary we çylşyrymly pursatlary görkezdiler. Şeýle hem ahalteke bedewleriniň ussatlyk bilen ýerine ýetirýän hereketleri tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy.

Baýramçylyk dabarasynyň barşynda Halkara atçylyk-spott toplumynda däbe öwrülen at çapyşyklar guraldy, at çapyşyklar irki döwürlerden bäri her bir türkmen toýunyň bezegi bolup durýar, Birinji çapyşykdaky baýrakly orunlaryň üçüsine hem-de beýleki çapyşyklarda birinji orunlary eýelänlere awtoulaglaryň açarlary gowşuryldy. Beýleki çapyşyklaryň altysynda ikinji we üçünji baýrakly orunlary eýelänlere milletiň Lideriniň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Galyberse-de, birinji orny eýelän çapyksuwara ahalteke bedewiniň altyndan edilen şekili, ikinji orny eýeläne altyn çaýylan we üçünji orny eýeläne kümüşden edilen şekil gowşuryldy.

2400 metr aralyga geçirilen birinji ýaryşda Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli goýlan baş baýragyny almak ugrunda dört we uly ýaşar bedewleriň 14-si gatnaşdy. Birnji bolup pellehana bu aralygy 3 minut 0,5 sekuntda geçmegi başaran Garadag-2 geldi.

2200 metr aralyk boýunça geçirilen ikinji çapyşyk hem örän täsirli boldy. Oňa gatnaşan dört we uly ýaşar bedewleriň 15-siniň arasyndan Gadymgala ýeňiji boldy. Ol bu aralygy 2 minut 51,0 sekuntda geçdi.

2000 metr aralyk boýunça geçirilen üçünji çapyşykda dört we uly ýaşar bedewleriň 17-si bäsleşdi. Şonda Garadag (2 minut 35,1sekunt) ýeňiji boldy.

1800 metr aralyk boýunça dördünji çapyşyk hem diýseň dartgynly ýagdaýda geçdi. Onda üç ýaşar ahalteke bedewleriniň 15-siniň arasyndan Merdana (2 minut 17,4 sekunt) ýeňiji boldy.

2000 metr aralyk boýunça bäşinji çapyşyk diýseň çekeleşikli boldy, oňa “behişdi bedewleriň” 9-sy gatnaşdy. Şonda Hangyzy bu aralygy 2 minut 27,5sekuntda geçip, üstün çykdy.

1800 metr aralyk boýunça üçýaşar bedewleriň 7-siniň gatnaşmagynda geçirilen altynjy çapyşyk hem örän gyzykly boldy. Şunda Bezirgen bu aralygy 2 minut 13,1 sekuntda geçip, pellehana birinji bolup geldi.

2000 metr aralyk boýunça geçirilen ýedinji çapyşyk hem örän täsirli boldy, oňa dört we uly ýaşar bedewleriň 10-si gatnaşdy. Oňa Türkmen bedewiniň baýramçylygy mynasybetli geçirilýän dabaralara gatnaşmak üçin dürli ýurtlardan gelen ussat çapyksuwarlaryň hem gatnaşandygyny aýratyn bellemeli.

Bu çapyşyk Azerbaýjandan Ýagup Musaýew, Russiýa Federasiýasyndan Muhtar Guseýnow, Eýran Yslam Respublikasyndan Sattar Mehrani, Fransiýadan Frederik Spanýu, Kanadadan Fransiko Andersen, Çehiýadan Martin Piruç dagynyň öz ussatlyklaryny görkezmekleri üçin ajaýyp mümkinçilik boldy. Şunda Şatlyk diýen bedewe atlanan Ykbal Saparow ýeňiji boldy. Ol bu aralygy 2 minut 37,0 sekuntda geçmegi başardy. Sapaly diýen bedewi çapan Frederik Spanýu ikinji, Begençmyrat Agamyradow bolsa Şirwan atly bedewde üçünji orny eýelediler. Bu ýaryşda birinji gelen çapyksuwara bäsleşigiň baş baýragy bolan awtomobilden başga-da Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan ahalteke bedewiniň altyndan heýkeli gowşuryldy. Altyn çaýylan şeýle heýkele ikinji orna düşen çapyksuwar mynasyp boldy. Üçünji orny eýelän çapyksuwar bolsa ahalteke bedewiniň kümüş heýkeliniň eýesi boldy. Ýeňijileriň üçüsine-de ahalteke bedewiniň şekili janlandyrylan türkmen halysy dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Çapuw ýodasynda biri-biriniň üstüni ýetiren gyzykly tomaşalar üç sagatdan gowrak dowam etdi. Aýlawyň ähli orunlarynda dolup oturan tomaşaylar bu çykyşlara hezil edip tomaşa etdiler. Mälim bolşy ýaly, geçen ýyl Türkmenistanda güýzki at çapyşyk möwsüminiň açylyşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, ilkinji gezek aýlawlarda totalizatorlar hereket edip başlady. Olarda haýsydyr biir at üçin goýulýan serişdäniň mukdary we onuň umumy möçberi görkezilýär. Bu täzelik diňe bir tomaşaçylaryň gyzyklanmalaryny özüne çekmek bilen çäklenmän, eýsem at çapyşyklarynyň has-da gyzykly geçmegini, atçylyk sportunuň giňden wagyz edilmegini we sportuň bu görnüşiniň muşdaklarynyň has-da artmagyny şertlendirdi. Oýna gatnaşyjylar üçin totalizatoryň ýörite maksatnamasy çykarylýar. Onda bedewler, olaryň eýesi, seýisleri we çapyksuwarlar hakyndaky ähli maglumatlar berilýär.

Şu günki çapyşyklaryň dowamynda, hormatly Prezidentimiz özüniň egindeşleri bilen totalizator oununa goşuldy. Onda her çapyşygyň öňünden ýörite tertip boýunça yglan edilen her bedewe goýulýan serişdäniň mukdary yglan edilýär. Ol maglumat uly monitorlarda görünýär. Milli Liderimiz egindeşleri bilen gatnaşan totalizator oýnundan düşen utuş serişdelerini Aşgabatdaky Döwletliler köşgüniň hasabyna geçirdi.

At çapyşyklar tamamlanan soň, Halkara atçylyk sport toplumynda Türkmen bedewiniň baýramçylygy mynasybetli geçirilen bäsleşikleriň ýeňijilerine Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan degişli baýraklaryň gowşurylyş dabarasy boldy.

Şu ýylda Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan “Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi”, has uzak aralyklara at çapmak hem-de päsgelçiliklerden geçmek boýunça bäsleşikleriň ýeňijileri üçin göçme nyşanlar tassyklanyldy, bular kümüşden işlenip taýýarlanandyr hem-de 999,9 mähekli altyn çaýylandyr.

Şeýlelikde, eminleriň ýolbaşçysy, Fransiýanyň ahalteke atçylyk guramasynyň prezidenti Jan de Bann Garbonne uzak aralyga goşulan ýaryşda ýeňiji bolan Tugun diýen bedewi çapan A.Hojamuhammedowa awtomobiliň açary we ýaryşyň göçme Nyşanyny gowşurdy. Milli nagyşlar, Nyşanyň ýokarky böleginde bedew we çapyksuwar bilen birlikde ýerleşdirilen globus, ýarymaý görnüşindäki şekiller türkmen halkynyň ýelden ýyndam ahalteke bedewiniň çalasynlygyny alamatlandyrýar.

Şeýle hem päsgelçiliklerden böküp geçmek boýunça bedewleriň arasynda geçirilen bäsleşikde Toplum diýen bedew bilen üstün çykan

A. Ballyýewe hem awtoulagyň açary we göçme Nyşan gowşuryldy. Nyşanyň ýokarky böleginde päsgelçiliklerden böküp geçýän bedewe atlanan çapyksuwaryň şekili ýerleşdirilip, ahalteke bedewiniň ýyndamlygyny we bütin dünýädäki meşhurlygyny alamatlandyrýar hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň baştutanlyk etmeginde ýurdumyzda atçylyk sportuny ösdürmek, şeýle hem bu ýyndam we birgeňsi bedewleriň bütin dünýädäki at-abraýyny artdyrmak boýunça uly işleriň amala aşarylýandygyna şaýatlyk edýär.

Ahalteke bedewleriniň gaýtalanmajak tebigy gözelligini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynda çeper beýan etmek boýunça geçirilen döredijilik bäsleşiginde Türkmenistanyň halk suratkeşleri A.Gutlyýewe türkmen bedewiniň şekilini suratlandyrýan “Bagtyýarlyk eýýamy” diýen iň oňat haly üçin ABŞ-nyň 3 müň dollary, B. Owganowa türkmen bedewiniň “Seljuklar” atly iň oňat surat eseri üçin ABŞ-nyň 1,5 müň dollary gowşuryldy. Ýurdumyzyň sungatda at gazanan işgäri M. Sähedow “At şaý-sepleriň toplumy” diýen işi üçin ABŞ-nyň 2 müň dollaryna mynasyp boldy. A. Meredowa bolsa “Bedew” atly iň oňat heýkeli döredendigi üçin ABŞ-nyň 1 müň dollary gowşuryldy.

Türkmen bedewiniň baýramçylygy mynasybetli geçirilen dabara tamamlanandan soňra ata Watanymyzyň rowaçlygynyň hatyrasyna we milli Liderimiziň baş saglygyna toý sadakasy berildi.

Şu gün ýurdumyzyň atçylyk-sport toplumlarynyň ählisinde uly ählihalk baýramçylyga mahsus ýagdaý höküm sürdi, şol toplumlarda medeni-sport çäreleri we şöhratly türkmen bedewleriniň şanyna Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan esaslandyrylan baýraklary almak ugrundaky däp bolan at çapyşyklary guraldy. Atçylyk-sport toplumlarynyň ählisinde ýeňiji bolanlara degişlilikde awtoulaglar we döwlet Baştutanymyzyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.