Ï Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

view-icon 681
Şu gün deňiz ýakasyndaky Türkmenbaşy şäherinde Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň dört aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri, şeýle hem ýakyn geljek üçin öňde duran wezipeler girizildi.

Mejlisiň geçiriljek ýerine gelen milli Liderimize Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýew raport berdi.

Mejlis başlanmazdan öň, döwlet Baştutanymyz bu ýerde harby deňizçiler üçin gurulýan dürli maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň gidişine syn edýär. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ähli künjeklerinde alnyp barylýan gurluşyklarda bolşy ýaly, bu binalarda hem desgalaryň ýokary hilli we öz wagtynda gurlup gutarylmagy baş talap bolup durýar diýip belledi hem-de olarda ýerine ýetirilýän işleriň bellenen tertipde dowam etmegi barada degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

Şeýle hem milli Liderimiz bu ýerde keşbi gün-günden özgerýän we dünýä derejeli şypahana merkeziniň emele gelýän ýeri bolan Hazaryň kenaryndaky künjegi synlady.

Soňra döwlet Baştutanymyz bu ýerden daşda bolmadyk ýerde ýurdumyzyň harbylary üçin niýetlenen desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy. Geljekki desgalaryň taslamalaryny gözden geçirip, hormatly Prezidentimiz döwletimiziň harby gullukçylary üçin gulluk durmuş şertleriniň yzygiderli gowulandyrylmagy ugrunda döwletimiziň mundan beýläk-de alada etjekdigini aýtdy. Şeýle hem milli Liderimiz görkezilen taslamalara birnäçe bellikleri aýtdy we degişli düzedişleri girizdi hem-de bu işleriň amala aşyrylmagyna degişli derejede gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz bu ýerde Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi. Mejlisiň gün tertibini yglan edip, hormatly Prezidentimiz ilki bilen Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýewe söz berdi. Ol milli Liderimiz tarapyndan başy başlanan we diňe bir milli goşunymyzyň kuwwatyny hem-de goranyş ukybyny yzygiderli pugtalandyrmaga däl, eýsem harby gullukçylaryň hem-de olaryň maşgala agzalarynyň ýokary derejeli gulluk we durmuş şertlerini döretmäge gönükdirilen giň möçberli harby özgertmeleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şeýle-de Ý.Berdiýew hasabatyň barşynda ministrligiň düzümleri üçin niýetlenen ýaşaýyş-durmuş maksatly desgalaryň taslamalary, gurulýan binalardaky işleriň barşy we olarda döredilýän oňaýlyklar barada habar berdi.

Türkmen halky hemişe beýik ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarlydyr diýip bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe biziň halkymyz atalarymyzyň şol beýik ýörelgelerine wepalydygyny, hut şu nukdaýnazardan biziň daşary syýasat strategiýamyz dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we ählumumy bähbitlere laýyk gelýän giň halkara hyzmatdaşlygyna daýanýandygyny aýtdy. Bu barada aýtmak bilen, milli Liderimiz döwletimiz dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan bitarap ýurt hökmünde ykrar edilen Türkmenistanda beýik garaşsyzlygymyzyň gazananlaryny we raýatlarymyzyň parahatçylykly durmuşyny ygtybarly goramagy üçin milli goşunymyzyň kuwwatyny pugtalandyrmak we onuň düzümini kämilleşdirmek ugrunda mundan beýläk-de yzygiderli alada eder diýip belledi.

Ýurdumyzyň Döwlet serhedinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygy M.Yslamow hasabat berdi. Hasabatda serhet goşunlarynyň düzümlerinde watansöýüjilik ruhuny we tertip-düzgüni pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler hakynda aýdyldy. Şeýle-de M.Yslamow ýurdumyzyň mukaddes serhetleriniň goragynda durýan harby gullukçylar üçin gurulýan binalarda gurluşyk işleriniň barşy, desgalaryň enjamlaşdyrylyşy bilen baglanyşykly meseleler barada habar berdi.

Watanymyzyň mukaddes serhetleriniň goragynda durýan serhetçileriň öňünde örän derwaýys we jogapkärli wezipäniň durýandygyny bellemek bilen milli Liderimiz serhet bozulmalaryna garşy durmak, şeýle hem serhetçileriň gulluk etmegi we oňaýly ýaşamagy üçin möhüm şertleri döretmek, ilkinji nobatda häzirki zaman serhet şäherjikleriniň we harby gullukçylar hem-de olaryň maşgala agzalary üçin ýaşaýyş jaýlarynyň gurulmagyny göz öňünde tutýan şertler babatda durmuşa geçirilýän çäreleriň örän netijeli bolmalydygyna ünsi çekdi.

Soňra Türkmenistanyň goranmak ministri B.Gündogdyýewe söz berildi. Ol Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna milli goşunymyzyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga we döwrebaplaşdyrmaga, ýokary hünärli harby gullukçylary taýýarlamagyň, şeýle hem harby gullukçylaryň gulluk we durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga gönükdirilen harby özgertmeleriň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi.

Häzirki döwürde milli goşunymyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmaga, ony kämilleşdirmäge ýokary derejede üns berilýär, zerur tehnikalar alynýar, milli harby flotumyz kämilleşdirilýär, türkmen topragynyň parahatçylygy we asudalygy gözümiziň göreji ýaly goralyp saklanylýar diýip bellemek bilen, milli Liderimiz biziň ýurdumyzyň goranyş hem-de parahatçylyk söýüjilikli harby doktrina üýtgewsiz ygrarlydygyny nygtady.

Milli goşunymyzyň öňünde durýan wezipeleriň gürrüňsiz derwaýysdygyny bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Goranmak ministrine ýaş esgerleriň türkmen halkynyň asylly söweşjeň däprlerine laýyklykda terbiýelenmegi babatda zerur bolan işleri yzygiderli alyp barmak, şeýle hem harby gullugyň üstünlikli dowam etmegi, watan goragçylarynyň durmuş we dynç alyş şertleriniň gowulandyrylmagy babatda zerur çäreleriň geçirilmelidigini aýtdy.

Soňra şu ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işleriň jemleri we döwlet Baştutanynyň ozal beren tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada Türkmenistanyň Baş prokurory Ý.Ýazmyradow hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz prokuratura işgärleriniň üstüne ýüklenen wezipeleriň aýratyn jogapkärlidigini belläp, işgärleri seçip almak bilen baglanyşykly meselelere ünsli çemeleşmegiň zerurdygyny aýtdy. Milli Liderimiz prokuratura işgärleriniň hünär taýýarlygyndan başga-da, giň dünýägaraýyşly, halal we öz işine berlen adamlaryň bolmalydygyny nygtady, şeýle hem wezipelere bellemek bilen bagly birnäçe meselelere garady.

Soňra Türkmenistanyň Neşelere garşy göreşmek baradaky döwlet gullugynyň başlygy A.Garaýew şu ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işleriň jemleri we neşe serişdelerini ulanmak, olary ýaýratmak bilen bagly ýagdaýlaryň öňüni almak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz häzirki döwürde dünýäde tutuş adamzada howp salýan ählumumy wehimiň bar pursatynda neşelere garşy göreşi güýçlendirmegiň, şol sanda ýaşlaryň arasynda neşe serişdelerini ulanmagyň ýaramaz täsiri hakynda wagyz-nesihat işleriniň gerimini giňeltmegiň zerurdygyny belledi.

Türkmenistanyň içeri işler ministri I.Mulikow özüniň gözegçilik edýän düzümlerinde hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň jemleri, jemgyýetçilik tertibini üpjün etmek babatdaky wezipeleriň ýerine ýetirilişi, türkmen jemgyýetinde bitewiligi we asudalygy pugtalandyrmak babatda öňde durýan beýik maksatlar barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwletiň okgunly ösüşiniň we durmuş-ykdysady ugruň ähli maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň möhüm şerti bolup durýan içerki durnuklylygy üpjün etmekde Içeri işler ministrligine möhüm ornuň degişlidigini belläp, düzgün bozmalaryň öňüni almak boýunça alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolmalydygyny nygtady.

Soňra Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlgy A.Hallyýew ýurdumyzyň kazyýet ulgamyny kämilleşdirmek maksady bilen durmuşa geçirilýän çäreleri barada hasabat berdi.

Biz adam we onuň abadanyçylygyny iň ýokary gymmatlyk hökmünde görülýän döwleti döretdik, hut şonuň üçinem siz hemişe raýatlarymyzyň bähbitleriniň goragynda bolmalysyňyz diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Türkmenistanyň adalat ministri M.Garryýew öz gezeginde şu ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada aýtdy we ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny täze döwrüň talaplaryna hem-de umumy ykrar edilen halkara hukuk kadalaryna laýyk gelmegi ugrunda durmuşa geçirilýän çäreler hakynda jikme-jik hasabat berdi.

Milli Liderimiz ilat arasynda hukuk kömegini bermek, şol sanda ozal hereket edýän we täze güýje giren kanunlary düşündirmek boýunça alnyp barylýan işleriň derwaýysdygyna ünsi çekip, raýatlaryň jemgyýetçilik kabul edişliklerini guramagyň çäklerinde hukuk geňeşmelerini alyp barmak işini dowam etdirmek barada anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy A.Hojamgulyýewe söz berildi. Ol özüniň gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy we şu ýylyň başyndan bäri durmuşa geçirilen çäreleriň netijeleri hakynda hasabat berdi.

Gullugyň alyp barýan işiniň derwaýysdygyny bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz gümrük postundan iki tarapa-da geçýän ýükleriň jikme-jik barlanylmagyny üpjün etmek boýunça zerur çäreleri görmegi talap etdi.

Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy D.Baýramow öz gezeginde Türkmenistanyň raýatlarynyň daşary ýurt pasportlaryny resmileşdirmek, şeýle hem şahsy we gulluk saparlary bilen ýurdumyza gelýän daşary ýurtly myhmanlary hasaba almak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Biziň ýurdumyza gelýän myhmanlaryň sanynyň köpelmegi häzirki döwürde okgunly ösýän Türkmenistana bolan gyzyklanmalaryň yzygiderli artýandygynyň nyşanydygyny belläp, milli Liderimiz gullugyň öňünde durýan möhüm wezipeler we olaryň borçlaryndan we ygtyýarlyklaryndan gelip çykýan meseleleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň derwaýysdygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi jemläp, ähli düzümleriň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmäge, şahsy düzümiň hünär ussatlygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen harby we hukuk özgertmelerini durmuşa geçirmekde toplumlaýyn çemeleşmegiň zerurdygyny ýene bir gezek belledi.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisinde başga-da birnäçe meselelere seredip, hormatly Prezidentimiz olar boýunça degişli çözgütleri kabul etdi we mejlisi tamamlady.

Soňra hormatly Prezidentimiz bu künjekde gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň iş depginleri bilen içgin gyzyklandy. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň harby gullukçylarynyň ýaşaýyş hem gulluk şertlerini has-da gowulandyrylmagy babatdaky işleriň mundan beýläk-de yzygiderli dowam etdiriljekdigini aýdyp, gurulýan desgalarda ýokary hil ülňüleriniň doly berjaý edilişini hemişe gözegçilikde saklamak barada degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi. Ýurdumyzyň harby gullukçylary üçin ýokary amatlyklaryň döredilmegi ugrunda durmuşa geçirilýän çäreler hemişe üns merkezinde saklanmalydyr diýip bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz bu işleriň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini nygtady we döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna işlerinde üstünlikleri arzuw etdi hem-de bu ýerden ugrady.

* * *


Soňra günüň ikinji ýarymynda döwlet Baştutanymyz Hazaryň kenarynda emele gelýän dünýä derejeli şypahana zolagynyň esasy künjegine öwrülen Awaza derýasynyň kenarynda gezim etdi.

Hormatly Prezidentimiz deňziň hem-de derýanyň üstünden öwüsýän şemal bilen Garagum sährasynyň ösümlik dünýäsiniň howasynyň birleşip, ynsan saglygy üçin tenekar howa ýagdaýynyň döreýän ýerleriniň gözelligini synlady. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ylmy taýdan öwrenilip, ähli zerur görkezijilere laýyklykda çekilen derýanyň zolagynyň ekologiýa ýagdaýynyň gowulanmagyna, onda suw jandarlarynyň, hususan-da, balyklaryň köpelmegine bolan täsiri bilen içgin gyzyklandy.

Milli Liderimiziň Awaza derýasyna oklan çeňňegine bir salymdan deňiz balygynyň düşmegi bu künjegiň ösümlik dünýäsi bilen bir hatarda haýwanat dünýäsiniň hem baýlaşýandygyny alamatlandyrdy. Munuň özi derýanyň ähli ylmy ölçegler babatda kada laýyk gelýändiginiň subutnamasydyr. Milli Liderimiz balyklary derýa goýberip, bu künjekde bagy-bossanlygyň giňeldilmegi bilen daşky gurşawyň goralmagyny, haýwanat dünýäsiniň baýlaşmagyny, balykçylygyň ösdürilmegini üpjün edýän meseleleriň esasy wezipeleriň biri bolmalydygyny nygtady.