Ï Türkmenistanyň Prezidenti Awaza derýasy boýunça gämili gezelenç etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Awaza derýasy boýunça gämili gezelenç etdi

view-icon 789
Şu gün hormatly Prezidentimiz Balkan welaýatyna iş saparyny tamamlap, öz egindeşleri bilen Awaza derýasy boýunça gämili gezelenç etdi. Göwnüňi göteriji howasy bolan künjekdäki derýa boýunça guralan gämili gezelenje welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri hem goşuldylar.

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň döwrebap gämileri we künjekde ynsan üçin ýakymly howa ýagdaýynyň döremegini şertlendiren türkmen gudraty bolan asuda derýany gulaçlap ugradylar. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda derýaň hanasynda düzülip barýan gämileriň ajaýyp görnüşi bu ýepleriniň gözelligini artdyrýar. Gaýtalanmajak gözelligi, hem-de ähli amatlyklary bolan binalary, sanlyja ýylyň içinde kemala gelen ajaýyplyklary synlap gämide gezelenç etmegiň söz bilen beýan edip bolmajak täsirlidigi aýan bolsa gerek. “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda bina edilýän desgalar bu künjegiň tebigy gözelligi bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirip, göwnüňi göterýär. Munuň özi Hazaryň ekologiýa taýdan arassa kenarynda gönüden-göni döwlet Baştutanymyzyň tagallasy bilen raýatlarymyz we köp sanly myhmanlar üçin ähli amatlyklary özünde jemleýän döwrebap şypahana merkeziniň emele gelýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Awaza derýasynyň kenarynda gurluşygy batly depginde alnyp barylýan desgalar görünýär. Bu görnüşleri synlanyňda we bu ýerlerde alnyp barylýan işler bilen içgin tanşanyňda bu künjegiň ýakyn wagtlarda tanalmaz derejede özgerjekdigine, syýahatçylyk zolagynda döwrebap binalar bilen bir hatarda, seýilgäh toplumlarynyň, özboluşly suw çüwdürimleriniň dörejekdigine göz ýetirýärsiň.

Häzirki döwürde “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda özleri üçin döredilen ajaýyp şertleriň hözürini görüp, bu ýerde dynç alýan raýatlarymyzyň köp sanlysynyň derýanyň kenaryna gelip, bu pursatlara tomaşa etmekleri we ähli amatlyklar üçin hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini beýan etmekleri, bu künjekde adamlar hakda edilýän aladanyň oňyn netije berýändigini alamatlandyrdy.

Hormatly Prezidentimiz derýa boýunça guralan gämili gezelenjiň barşynda Awazanyň mundan beýläk-de ösdürilmegi, bu ýerlerde halkara ülňülerine doly laýyk gelýän dynç alyş şertleriniň, söwda we hyzmatlar ulgamynyň döredilmegi babatda yzygiderli tagalla edilmelidigini belledi.

... Asuda derýanyň owunjak tolkunlaryny böwsüp barýan rahat gämiler bolsa ýüzüşini dowam etdirýärler. Bu görnüşler berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň her gününiň rowaçlyklara beslenýändigini, bu ýurtda raýatlar hakdaky aladanyň döwlet derejesinde amala aşyrylýandygyny aýdyň beýan edýän pursatlardyr.

Gämili gezelenç tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz Türkmenbaşy şäheriniň halkara howa menziline bardy, şol ýerden Aşgabada ugrady.