Ï Türkmenistanyň Prezidenti “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda guruljak binalaryň taslamalary bilen tanyşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda guruljak binalaryň taslamalary bilen tanyşdy

view-icon 803
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna bolan iş saparynyň çäklerinde “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky “Serdar” myhmanhanasynda zolagy ösdürmegiň nobatdaky tapgyry bilen baglanyşykly taslamalar bilen tanyşdy.

Ir bilen hormatly Prezidentimiziň awtoulagy myhmanhananyň öňündäki meýdançada saklandy. Döwlet Baştutanymyza milli lybasdaky gyzlar gül desselerini gowşurdylar. Bu ýerde milli Liderimizi Mejlisiň Başlygy, hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylpary, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleri mähirli garşyladylar.

Soňra hormatly Prezidentimiz bu ýerde ýaýbaňlandyrylan köp sanly taslamalar we gurulmagy meýilleşdirilýän dürli maksatly binalaryň şekilleri bilen tanyşdy. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B. Hojamuhammedow taslamalar barada jikme-jik gürrüň berdi. Hazaryň ekologiýa taýdan arassa türkmen kenarynda emele gelýän “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän döwrebap desgalary gurmaga, öňden işläp gelýän we täze kompaniýalaryň gyzyklanma bildirmegi bu künjekde durmuşa geçirilýän taslamalara işjeň gatnaşýanlaryň barha artýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Mälim bolşy ýaly, gönüden-göni hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen gurluşygyna badalga berlen binalaryň ulanmaga berilmegi, dürli maksatly desgalaryň gurluşygynyň sazlaşykly depgine eýe bolmagy bary-ýogy birnäçe ýylyň içinde bu künjegi tanalmaz derejede özgertdi. “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyny yzygiderli ösdürmek, ýurtda geljegi uly ugur hasaplanylýan syýahatçylyk ulgamynyň gerimini has-da giňeltmek, bu babatda halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmak, şeýle hem daşary ýurtly maýadarlary işjeň çekmek häzirki döwürde döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar.

Bu gün Awazadaky “Serdar” myhmanhanasynda görkezilen taslamalaryň möçberleri we olaryň durmuş ulgamlarynyň ähli ugurlaryny öz içine almagy Hazaryň kenaryndaky syýahatçylyk zolagyny sazlaşykly ösdürmek bilen baglanyşykly wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini alamatlandyrýar.

Döwlet Baştutanymyz bu ýerde görkezilen taslamalar bilen tanyşlygyň barşynda, häzirki döwürde “Awazany” ösdürmegiň nobatdaky tapgyryna badalga berilýändigini aýtdy we zolakda gurulmagy meýilleşdirilýän desgalarda ýokary hil ölçegleri bilen bir hatarda, olarda adamlaryň doly derejeli dynç almagynda ähli amatlyklaryň üpjün edilmelidigini belledi. Şeýle hem milli Liderimiz bu künjekde durmuş ähmiýetli desgalaryň, dürli derejeli sport bäsleşiklerini geçirmäge niýetlenen binalaryň, oýun merkezleriniň, medeni ojaklaryň gurluşygyna aýratyn üns bermegiň maksada laýyk boljakdygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz syýahatçylyk zolagynyň aýry-aýry sebitleriniň binagärlik maksatnamalary boýunça hödürlenýän taslamalaryň her biri bilen jikme-jik tanşyp, olar babatda anyk teklipleriň we düzedişleriň birnäçesini aýtdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz iri taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi Hazaryň kenarynda syýahatçylyk düzüminiň ösdürilmegine kuwwatly itergi bermek bilen bir hatarda bu künjegiň ekologiýa ýagdaýynyň has-da gowulanmagyny, täze iş orunlaryň döremegini hem-de “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň özüne çekijiliginiň ýokarlanmagyny şertlendirer diýip aýtdy.

Mundan başga-da, bu ýerde gurulýan desgalaryň Hazar sebitiniň tebigy gözelligi bilen utgaşyp, özboluşly gözelligi hem-de amatly şertler emele getirmelidir diýip bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz görkezilen taslamalaryň üstünde ýene-de işlemek, olary has-da kämilleşdirmek babatda anyk tabşyryklar berdi. Soňra hormatly Prezidentimiz bu ýerde Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi.