Türkmen ştangaçylary Koreýa Respublikasynyň Puentaýeg şäherinde tamamlanan Aziýa çempionatynda üç medaly eýelediler. Bu ýaryşda sekiz agramlyk derejesi boýunça dünýäniň 35 döwletinden 500-den gowrak agyr atletikaçylar güýç synanyşdylar.
Biziň toparymyzda çykyş eden tejribeli oýunçylaryň 8-siniň we geljegine umyt bildirilýänleriň dördüsiniň arasynda ýurdumyzyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyby Aman Meredow (77 kilogrim agram derejesine çenli) üstünlik gazandy. 22 ýaşly halkara sport ussady, 2006-njy ýylda Dohe şäherinde (Katar) Aziýa oýunlaryna gatnaşan A. Meredow ştangany birbada götermekde (144 kilogram) we umumylykda (314 kilogram) göterip, 18 türgenleri yzda galdyrdy hem-de bürünç medala eýe boldy.
A. Meredow Balkanabat şäherinde on ýyl bäri agyr atletika boýunça türgenleşýär. Ol soňky alty ýylda Aşgabatda, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ikram Mätkerimowyň ýolbaşçylygynda ussatlygyny kämilleşdirýär.
Ýene-de şol ýokary sport mekdebiniň türgeni – 2004-nji ýylda geçirilen talyplaň arasyndaky dünýä çempionatynyň ýeňijisi, Sidneý, Afiny we Pekin şäherlerinde geçen soňky Olimpiýa oýunyna gatnaşan Umirbek Bazarbaýew (61 kilograma çenli) ştangany birbada (133 kilogram) götermekde bürünç medaly eýeledi. Ol ştangany döşüňe alyp götermek boýunça (151 kilogram) bäşinji netijäni görkezdi we bäsdeşleriniň 12-sini yzda galdyryp, dördünji orny (284 kilogram) eýeledi.
Geçen ýyl türkmen ştangaçylary üçin üstünlikli ýyl boldy. Olar Pariž şäherinde geçen dünýä çempionatynda üstünlikli çykyş edip, türkmen sportunyň taryhynda ilkinji gezek Londonda geşiriljek Olimpiýa oýunlaryna üç ýollanma aldylar. Ýakyn wagtlarda biziň agyr atletikaçylarymyz 2012-nji ýyldaky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaga üstünlikli taýýarlanmak maksady bilen, ýetginjekleriň arasynda (20 ýaşa çenli) Gwatemale şäherinde geşiriljek dünýä birinjiligine we Antaliýada (Türkiýe) geçiriljek okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryna gatnaşarlar.