Ï Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisi

view-icon 864
Şu gün bu ýerde, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň dört aýynda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň jemleri jemlenildi, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi, birnäçe resminamalaryň taslamalaryna, şeýle hem ýurdumyzyň durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesine seredildi.

Mejlisiň başynda döwlet Baştutany bu ýere ýygnananlary, şeýle hem tutuş türkmen halkyny Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Beýik Ýeňşiň 67 ýyllyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady.

Adamzat taryhynda iň pajygaly uruşlaryň biri bolan Beýik Watançylyk urşunyň söweş meýdanlarynda türkmenistanly ýigitleriň müňlerçesi gaýduwsyzlygyň we gahrymançylygyň belent nusgasyny görkezdiler. Gahrymanlarymyzyň şol söweşlerde görkezen deňsiz-taýsyz mertligi we edermenligi ölmez-ýitmezdir. Tylda galan watandaşlarymyz hem jan aýaman zähmet çekip, gazanylan Beýik Ýeňşe öz saldamly goşantlaryny goşdular diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Gazaply uruş ýyllarynda türkmen halkynyň müňlerçe gerçek ogullary ata Watanyň, ene topragyň azatlygy ugrunda gara başlaryny goýdular diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi. Beýik Watançylyk urşunyň aldym-berdimli söweşlerinde görkezen edermenligi üçin türkmenistanly gerçekleriň ýüzden gowragy Gahryman diýen belent ada mynasyp boldular.

Eziz Watanymyzy, mähriban halkymyzy, ýagty geljegimizi gorap, wepat bolan gahrymanlarymyzyň hatyrasy, uruşdan ýeňiş bilen gaýdyp gelen gerçeklerimiziň, tylda gijesini gündiz edip, merdanalyk bilen zähmet çeken ildeşlerimiziň mertebesi hemişe belent tutular. Olaryň nusgalyk edermenligi, manyly durmuş ýoly ynsanperwerligiň, eziz halkymyza hyzmat etmegiň, mukaddes Watany goramagyň beýik mekdebidir! Berkarar döwletimiz merdana uruş we zähmet weteranlarymyz barada yzygiderli alada edýär. Olaryň saglyklaryny berkitmäge, ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga aýratyn üns berýär diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Bu ýere ýygnananlary we tutuş türkmen halkyny Beýik Ýeňiş baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, Türkmenistanyň Prezidenti merdana Watan goragçylaryna, Beýik Ýeňşiň hatyrasyna tylda gijesini gündiz edip, jan aýaman zähmet çeken ildeşlerimize berk jan saglyk, uzak ömür, asuda, abadan we bagtyýar durmuş arzuw etdi.

Döwlet Baştutany mejlisiň gün tertibine geçmek bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A. Goçyýewe söz berdi. Ol şu ýylyň dört aýynda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň netijeleri barada hasabat berdi.

Hasabat döwrüniň netijeleri boýunça jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 110,5 göterime barabar bolandygy hem-de munuň milli ykdysadyýetiň sazlaşykly we yzygiderli ýagdaýda ösdürilýändigine şaýatlyk edýändigi bellenildi. Bu görkeziji birnäçe pudaklar, şol sanda senagat, gurluşyk, ulag we aragatnaşyk, söwda, oba hojalygy we hyzmat ediş ulgamlarynda ýokary netijeleriň gazanylmagynyň hasabyna üpjün edildi.

Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende bölek haryt dolanyşygynyň ösüş depgininiň 114,1 göterime, daşary söwda dolanyşygynyň 148,7 göterime, ilata edilýän tölegli hyzmatlaryň 114 göterime barabar bolandygy bellenildi.

Salgyt salmagyň ähli görnüşleri boýunça meýilnama doly möçberde ýerine ýetirildi. Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 115 göterim, çykdajy bölegi 94 gjterim möçberinde ýerine ýetirildi.

Ýanwar-mart aýlarynda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen maýa goýumlarynyň möçberi 2011-nji ýylyň degişli döwründäkisi bilen deňşdireniňde 39,6 göterim artdy.

Umuman, milletiň Lideri 2012-nji ýylyň dört aýynda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň netijeleri babatda kanagatlanma bildirip, häzirki wagtda milli ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň sazlaşykly ösdürilýändigini, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýagdaýda gowulandyrmak boýunça uly möçberli işleriň amala aşyrylýandygyny belledi. Şu ýylyň 4 aýynda gazanylan ýokary makroykdysady görkezijiler Türkmenistanyň Prezidentiniň 2012-2016-njy ýyllarda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça Maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek üçin zerur şertleri döreder.

Döwlet Baştutany berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe netijeli durmuş-ykdysady syýasatynyň amala aşyrylmagyny dowam etdireris diýip belledi.

Soňra mejlise çagyrylan Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri boýunça döwlet kärhanasynyň başlygy M.Atajanow Hazar deňziniň meseleleri boýunça taýýarlanan maglumatlar toplumy barada hasabat berdi. Hususan-da, Türkmenistanyň Hazar boýunça hereketleriniň milli meýilnamasy tassyklanyp, ol milli meýilnamany durmuşa geçirmekde degişli ministrlikler bilen bir hatarda BMG-niň ösüş maksatnamasy we Daşky gurşawy goramak boýunça maksatnamasy we Ählumumy ekologiýa gaznasy hem-de Bütindünýä banky ýaly birnäçe iri halkara guramalarynyň goldaw bermeklerinde Hazar ekologiýa maksatamasynyň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlyk alnyp barylýandygy barada habar berildi. Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky konwensiýanyň taslamasyny işläp taýýarlamak boýunça Türkmenistanyň wekiliýeti Hazarýaka döwletleriniň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde hereket edýän ýörite iş toparynyň çäklerinde geçirilýän bäştaraplaýyn mejlisine işjeň gatnaşýar. Eýran Yslam Respublikasynda geçirilen Hazarýaka döwletleriniň baştutanlarynyň ikinji duşuşugynyň hem-de Azarbaýjan Respublikasynda geçirilen Hazarýaka döwletlerniň baştutanlarynyň üçünji duşuşygynyň netijeleri boýunça kabul edilen bilelikdäki jarnamalaryň esasynda Hazarýaka döwletleriniň arasynda Hazar deňzinde özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmegiň täze hukuk gatnaşyklary döreýär.

Milletiň Liderimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri boýunça döwlet kärhanasynyň başlygyna durmuşa geçirilýän işlere toplumlaýyn çemeleşmelidigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz hasabat döwründe Hazar deňziniň meseleleri boýunça maglumatlar toplumynyň toplanandygyny aýtdy.

Türkmenistan Hazar deňzi sebitinde parahatçylygy, ylalaşyklylygy we durnuklylygy saklamagyň tarapdary bolmak bilen, halkara hukugynyň kadalarynyň we taraplaryň ählisiniň milli bähbitlerini nazara almagyň esasynda oňyn gepleşikleriň geçirilmegi ugrunda tagalla edýär diýip belledi. Hazar deňziniň köp ugurly mümkinçiliklerini doly we netijeli durmuşa geçirmek goňşy ýurtlaryň ählisi, ilkinji nobatda, biziň ýurdumyz üçin strategik ähmiýete eýedir diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady we Hazar deňziniň meseleleri boýunça Türkmenistanyň Pudagara toparynyň düzümine girýän ministrlikler we pudaklaýyn edaralar bilen birlikde degişli resminamalary işläp taýýarlamak işini dowam etdirmegi tabşyrdy.

Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy B.Atdaýew hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň işine geçirilen seljermäniň netijeleri barada hasabat berdi.

Milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow bu düzüme gözegçilik edýän wise-premýer B.Hojamuhammedowa Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy bilen bilelikde bu Döwlet konsernindäki işleriň ýagdaýyny seljermegi we ýüze çykarylan kemçilikleri gysga wagtda aradan aýyrmak üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow işde goýberen düýpli kemçilikleri we özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň başlygy M.Kuraýewi eýeleýän wezipesinden boşatdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak boýunça işleriň durmuşa geçirilişine gözegçilik etmek maksady bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanynda Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň döredilendigini belledi. Milli kanunçylyga laýyklykda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň direktory Ý.Kakaýew döwlet Baştutanynyň ýurdumyzyň nebitgaz toplumyny ösdürmek boýunça geňeşçisi hem bolup durýar.

Milletiň Lideri esasy borçlardan başga-da, bu edaranyň üstüne ýurdumyzyň çäklerinde nebitgaz pudagynda amala aşyrylýan taslamalar babatda daşary ýurt kompaniýalarynyň we öz ministrliklerimiziň hem-de pudak edaralarynyň alyp barýan işlerine gözegçilik etmek wezipesiniň hem ýüklenýändigini belläp, nebitgaz toplumynyň ähli ýolbaşçylarynyň bu Agentligiň nähili ygtyýarlyklarynyň bardygyny bilmelidigini aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ý.Kakaýewe Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanynda Nebitgaz serişdelerini dolandyrymak we peýdalanmk baradaky döwlet agentligi hakyndaky Düzgünnama gaýtadan seretmegi hem-de oňa nebitgaz pudagynyň desgalaryna gözegçilik etmek wezipesiniň bu agentligiň üstüne ýüklenýändigi barada goşmaçalary girizmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdedelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň direktory Ý.Kakaýewe berk käýinç yglan etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, daşary ýurt karz serişdeleriniň ulanylyşyna gözegçiligi gowşadandygy we işde goýberen kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy R.Jepbarowa berk käýinç yglan etdi.

“Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň başlygynyň wezipesine M.Balakaýew bellenildi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow nebitgaz, himiýa pudaklarynda we balyk hojalygynda şu ýylyň dört aýynda alnyp barylýan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Hususan-da, şu ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda nebitiň we gaz kondensatynyň çakyrylyşynyň ýokary ösüş depgininiň gazanylandygy bellenildi.

Türkmenistanyň Döwlet balyk hojalygy komitetiniň kärhanalary hem önümleriň çykarylyşyny artdyrýarlar.

Tutuş nebitgaz toplumy boýunça özleşdirilen düýpli maýa goýumlarynyň möçberi 2011-nji ýyldaky bilen deňeşdirilende artdy.

Wise-premýer şeýle hem Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň ätiýaçlyk parkynyň kuwwatlygyny artdyrmak maksadynda görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetiň ýokarda agzalyp geçilen pudaklarynda önümçilik görkezijilerini mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga, nebitiň we gazyň çykarylyşyny, nebit önümleriniň öndürilişini artdyrmaga ýardam etjek gaýragoýulmasyz wezipeleri kesgitledi. Bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklar berildi.

Döwlet Baştutanymyz “Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň dik polat çeleklerini we olara degişli enjamlary satyn almagy hakyndaky” Karara gol çekip, onuň ýerine ýetirilişine gözegçiligi amala aşyrmagy tabşyrdy.

Milletiň Lideri şeýle hem nebitgaz toplumynyň kärhanalarynyň işine gözegçiligi güýçlendirmegi, bu ugurdaky işi ýokary derejede ýola goýmagy talap etdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, Hazaryň kenarynda döredilýän "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyny mundan beýläk-de ösdürmegiň wezipelerini kesgitledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda täze binalary we desgalary gurmaga daşary ýurt kompaniýalarynyň, şeýle hem ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň örän uly isleg bildirýändigini belledi.

Dünýädäki ykdysady çökgünlige garamazdan, “Awazada” täze sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň gurluşygy meýilnama laýyklykda yzygiderli alnyp barylýar diýip, milletiň Lideri aýtdy. Häzirki döwürde bu ýerde iki müňden gowrak adamyň oňat dynç almaklary üçin ähli mümkinçilikler bar. Nesip bolsa, ýakyn wagtda ýene-de dört ýarym müň orunlyk sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň birnäçesiniň gurluşygy tamamlanyp, olar ulnaylmaga berler diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow deňiz şypahanasyny mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi barada aýdyp, dynç alýan adamlaryň öz wagtlaryny gyzykly we oňat geçirmekleri üçin bu ýerde dürli görnüşli dynç alyş toplumlarynyň gurulmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi. Bu desgalary gurmak üçin ýer böleklerini, ilkinji nobatda, öz serişdeleriniň hasabyna gurluşyk işlerini alyp barmak we maýa goýumlaryny goýmak isleýän kompaniýalara bermek möhümdir diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýer B.Hojamuhammedowa ýüzlenip, şu gün Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň öňýanynda bolan tanyşdyrylyş dabarasynda tassyklanan desgalary gurmak üçin zerur bolan ähli resminamalary gysga wagtyň içinde taýýarlamagy tabşyrdy.

Soňra milletiň Lideri “Awazada” örän uly, özüni ödemeýän dynç alyş desgalaryny däl-de, dynç alýan adamlaryň we syýahatçylaryň sanyny göz öňünde tutup, diňe ykdysady taýdan bähbitli dynç alyş toplumlaryny gurmagyň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow birnäçe tabşyryklary berdi, olara laýyklykda ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn edaralary "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda täze medeni-dynç alyş maksatly desgalaryň gurluşygynyň buýurjylary bolup çykyş ederler.

Hususan-da, nebitgaz toplumyna girýän ministrliklere we pudak edaralaryna dynç alyş merkezli akwaparky hem-de okeanariumyny gurmak tabşyryldy. Ulag we aragatnaşyk ulgamynyň düzümleri kiçi awtoulaglarda sport bilen meşgullanmaga mümkinçilik berjek karting merkezini gurmaga borçly edildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş Dolandyryş Müdirligine Kongresler merkezini gurmak tabşyryldy.

Ykdysadyýet, maliýe we bank toplumyna syýahatçylyk zolagynda Golf merkezini, söwda ulgamynyň ministrliklerine we pudak edaralaryna iki sany uly söwda merkezini, medeniýet we syýahatçylyk ulgamlaryna bolsa häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän kinoteatry gurmak tabşyryldy. Oba hojalyk toplumynyň düzümleri bolsa Hazaryň kenarynda oýun attraksionlary bolan seýilgäh zolagyny gurar.

Gurluşyk we energetika toplumynyň ministrlikleri we edaralary "Awaza" milli syýahatçylyk zolagy üçin zerur bolan ähli üpjünçilik ulgamlarynyň – ýollaryň, lagym ulgamlarynyň, gaz geçirijileriniň, elektrik we suw üpjünçilik ulgamlarynyň we beýleki desgalaryň gurluşygyny üpjün eder.

Döwlet Baştutanymyz şeýle hem şypahana zolagynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň buýurmasy boýunça guruljak desgalaryň we binalaryň taslamalaryny işläp taýýarlamagy we hödürlemegi tabşyrdy. Milletiň Lideriniň belleýşi ýaly, şol desgalar nyşana ok atmak üçin birnäçe häzirki zaman elektron ok atyş merkezlerinden, deňiz attraksionlaryndan, deňizde, gämilerde gezelenç etmek üçin zolaklardan we beýleki desgalardan ybarat bolmalydyr.

Ähli welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri hem "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda guruljak dynç alyş merkezleriniň taslamalaryny taýýarlamalydyrlar diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Syýahatçylyk zolagyny abadanlaşdyrmak, bagy-bossanlyga öwürmek, şeýle hem awtoulag duralgalaryny gurmak bilen baglylykda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklar berildi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa hasabat döwründe ýurdumyzyň parlamentiniň geçirýän işi, kabul edilen kanunçylyk resminamalary we halkara standartlaryny hem-de berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň anyk ýagdaýlaryny hasaba almak bilen, milli kanunçylygy mundan beýläk-de kämilleşdirmäge gönükdirilen işi hakynda habar berdi.

Şeýle hem milli parlamentiň ýolbaşçysy Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuknamalaryna geçirilen seljerme işleriniň netijeleri we Türkmenistanyň kanunlaryna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmegiň meýilnamalary hakynda habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow habary diňläp, türkmen döwletiniň we jemgyýetiniň işiniň ähli ugurlaryny üstünlikli kämilleşdirmäge, dünýädäki täzelikleri we ylmyň häzirki zaman gazananlaryny nazara almak bilen olary işjeň ösdürmäge ýardam edýän täze kanunçylyk resminamalaryny işläp taýýarlamak boýunça işi işjeňleşdirmegiň örän möhümdigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz hödürlenen resminamalara gol çekmek bilen, olaryň ýurdumyzyň tebigy baýlyklaryny netijeli özleşdirmäge we tygşytly peýdalanmaga, ýurdumyzyň ykdysadyýetini ýokary depginler bilen ösdürmäge halkymyzyň hal-ýagdaýyny mundan beýläk-de yzygiderli ýokralandyrmaga ýardam berjekdigini nygtady.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy H.Muhammedowa söz berildi.

Wise-premýer gözegçilik edýän ulgamlarynda işleriň ýagdaýy hakynda hasabat berip, özüne ynanylan düzümleriň hojalyk we administratiw işiniň netijeleri, Türkmenistanyň Prezidentiniň guramaçylyk tertibini üpjün etmek we işgärler syýasatynyň netijeliligi hakyndaky tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hakynda, şeýle hem öz garamagyndaky iri desgalaryň gurluşygy hakynda hasabat berdi.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, iş dolandyryş müdirliginiň işiniň birnäçe ugurlary boýunça ençeme görkezmeleri berdi we bu ugurda netijeli halkara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek bilen iş ýöredişe täze çemeleşmeleri we tehnologiýalary, öňdebaryjy dünýä tejribesini gujurly ornaşdyrmak barada görkezme berip, bu edaranyň gözegçilik we utgaşdyryş wezipelerini has sazlaşykly amala aşyrmagy talap etdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasyny gyşarnyksyz durmuşa geçirmek babatda hasabat döwründe DIM-iň alyp baran işleriniň netijeleri barada hasabat berdi. Ol şeýle hem maý aýynda Aşgabat şäherinde “Musulman dünýäsinde bosgunlaryň we raýatlygy ýok adamlaryň meseleleri” atly halkara maslahatyny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada habar berildi. Mälim bolşy ýaly, BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň müdiriýeti bilen bilelikde türkmen paýtagtynda şu meselä bagyşlanan forumy geçirmek başlangyjy Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa degişlidir. Bu başlangyç milletiň Lideriniň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 66-njy mejlisinde eden çykyşynda beýan edildi.

Bu halkara maslahatyna Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň 57-sinden, synçy ýurtlaryň 21-sinden, halkara we hökümetara toparlaryň 38-sinden wekiller gatnaşar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, döredijilik we ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarly bolan bitarap Türkmenistanyň mundan beýläk hem milli bähbitlere, şeýle hem sebitleýin we ählumumy möçberde abadançylygyň we ösüşiň maksatlaryna laýyk gelýän oňyn halkara hyzmatdaşlyk ugruna eýerjekdigini nygtady.

Milletiň Lideri öňümizdäki halkara forumy barada durup geçip, biziň ýurdumyz BMG we iri düzümleri bilen köp ugurlarda, şol sanda gumanitar häsiýetli meselelerde netijeli hyzmatdaşlygy ösdürýär diýip belledi. BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Kommissarynyň Maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji Komitetiniň hemişelik agzasy bolmak bilen, Türkmenistan bosgunlara kömek bermek boýunça anyk ädimleri ädip, dünýä bileleşiginiň tagallalaryna işjeň gatnaşýar we bu ulgamda toplanan tejribäni paýlaşmaga taýýardyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen döwletiniň bu netijeli gatnaşyklary dowam etdirmäge meýillidigini tassyklap, agzalyp geçilen halkara maslahatynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Şol gatnaşyklaryň esasy maksady bolsa adamlaryň hukuklaryny üpjün etmekden, raýatlaryň abadançylygyny has-da ýokarlandyrmakdan ybaratdyr.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýegeleýew gözegçilik edýän pudaklarynda geçirilýän işler, şol sanda gurluşyk, gurluşyk materiallary senagaty we elektroenergetika ulgamlarynda şu ýylyň dört aýynda gazanylan tehniki-ykdysady görkezijiler barada hasabat bilen çykyş etdi, şeýle hem döwlet Baştutanynyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine etirilişi barada habar berdi. Hasabatyň çäklerinde şeýle hem “Älem” medeni dynç alyş merkezini döretmek hakyndaky” kararyň taslamasy, 2-3-nji maýda Balkan welaýatyna bolan iş saparynyň netijeleri barada habar berildi.

Hususan-da, gurluşyk ministrligi boýunça ýerine etirilen işler we öndürilen önümler boýunça ösüş depgini 114,3 göterime deň boldy.

Gurluşyk materiallary senagaty ministrligi boýunça 2012-nji ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda gurluşyk materiallarynyň öndürilişiniň umumy ösüşi 102,4 göterime deň boldy. Hususan-da, sement öndürmek boýunça bu görkeziji 110,1 göterime, sozulan metal 118,3 göterime barabar boldy.

Gurluşyk pudagynda önümçilik görkezijileriniň ösüş depginini belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda amala aşyrylýan halk hojalygynyň ähli pudaklaryny ösdürmegiň giň gerimli maksatnamasynyň ýokary depginleri gurluşyk işleriniň, gurluşyk materiallarynyň öndürilişiniň, ýokary talaplara we häzirkizaman ülňülerine gabat gelmeli işleriň we hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmagyň depginlerini has-da artdyrmagy talap edýär diýip nygtady. Milli Liderimiz täze tehnologiýalary, ýokary netijeli enjamlary we tehnikany has giňden peýdalanmak, pudagy döwrebaplaşdyrmak barada wezipäni öňde goýdy.

Ulag ulgamyny döwrebaplaşdyrmak we ösdürmek meselelerinde durup geçmek bilen, döwlet Baştutany ýurdumyzda ýollaryň durkuny täzelemek we gurmak işleriniň hilini üpjün etmegiň, olary göwnejaý ulanyş ýagdaýynda saklamagyň möhümdigini aýtdy.

Şunuň bilen baglyşykda, hormatly Prezidentimiz şäheriň daşyndan geçýän, halkara ülňülerine gabat gelýän halkalaýyn ýoluň gurluşygyna ünsi çekdi. Onuň ugrunda paýtagtymyzyň görküni artdyrýan häzirki zaman owadan edara binalary we beýleki jaýlary gurmalydygyny belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer A.Ýegeleýewe we Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewe degişli tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz içeri işler ministrine paýtagtymyzda awtoulaglaryň sanynyň köpelýändigi üçin olaryň sazlaşykly hereket etmegini üpjün etmegi, ýol-ulag hereketiniň düzgünleriniň gyşarnyksyz berjaý edilmegini bek gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlýew özüniň gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň dört aýynda alnyp barylan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Hususan-da, döwlet durmuş syýasatynyň we ylmy, bilimi, saglygy goraýşy, sporty we syýahatçylygy ösdürmek boýunça milli maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi barada habar berildi. Wise-premýer şeýle hem ýurdumyzyň orta hünär okuw mekdepleriniň işini kämilleşdirmek meseleleri barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk ýurdumyzyň durmuşynda möhüm orun eýeleýär, bu ulgamlaryň öňünde goýlan wezipeleriň üstünlikli çözülmegi bolsa Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine ýardam eder diýip belledi. Şunuň bilen baglylykda döwlet Baştutanymyz ähli meseleleri, şeýle hem ara alnyp maslahatlaşylýan ugurlarda ýerine ýetirilmeli işler babatda ozal berlen tabşyryklary berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda orta hünär okuw mekdepleriniň işini kämilleşdirmek meselesine ünsi çekip, bilim ulgamyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak, okatmagyň usullaryny kämilleşdirmek işinde onuň ähmiýetini belledi. Milletiň Lideri döwletiň geljekde hem bilim ulgamyny ösdürmäge uly üns berjekdigini, ýaşlaryň halkara ülňülereniň derejesinde bilim almagy we ylmy iş bilen işjeň meşgullanmagy, giň gözýetimli ýaş nesli kemala getirmek üçin ähli şertleriň döredilmegi barada alada etjekdigini belläp, kabul edilen resminamany iş ýüzünde durmuşa geçirmek bilen bagly meseleleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Şu ýylyň dört aýynda gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň netijeleri barada, şeýle hem 10-12-nji mayda Awstriýa Respublikasynda Türkmenistanyň Medeniýet günlerini geçirmäge hem-de 14-16-njy mayda ýurdumyzyň medeniýet işgärleriniň Döwletmämmet Azadynyň we Magtymguly Pyragynyň aramgähine zyýarat etmek üçin Eýran Yslam Respublikasyna boljak saparyna görülýän taýýarlyk baradaky hasabat bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Nurmyradowa çykyş etdi. Medeniýet günlerini geçirmek üçin Awstriýa Respublikasynyň paýtagtyna döredijilik wekiliýetiniň iberilýändigi, onuň Wenada türkmen halkynyň ozboluşly sungatyna we berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe medeniýet we sungat babatda biziň ýurdumyzyň gazanan üstünliklerine wekilçilik etjekdigi bellenip geçildi.

Döwlet Baştutany Türkmenistanyň dünýäniň dürli ýurtlary we halkara guramalary, şol sanda Ýewropa Bileleşigi bilen netijeli gatnaşyklaryny ösdürmek işinde medeni-gumanitar ulgamyň örän möhümdigini nygtap, umumylykda ykrar edilen aýdym-saz paýtagtynda milli medeniýetimize we sungatymyza mynasyp wekilçilik edip, Türkmenistanyň Awstriýa Respublikasyndaky Medeniýet günlerini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek barada görkezme berdi.

Hormatly Prezidentimiz däp bolan çäräniň – ýurdumyzyň medeniýet işgärleriniň beýik türkmen şahyrlarynyň aramgählerine zyýarat etmegini geçirmek barada söz açyp, bu çäräniň milletimiziň ruhy gymmatlyklaryny gorap saklamakda, ýaş nesli watançylyk, ahlak we estetiki taýdan terbiýelemekde ähmiýetini nygtady.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary R.Seýitkulyýew

gözegçilik edýän ulag we aragatnaşyk pudaklarynda şu ýylyň dört aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri baradaky hasabat bilen çykyş etdi, ol öz çykyşynda şol ulgamyň kärhanalarynyň işiniň esasy görkezijileri boýunça sanlary getirdi.

Hususan-da, demir ýol pudagynda ýük dolanyşygynyň ösüş depgininiň 102 göterim bolandygy, ýolagçylary gatnatmak boýunça hyzmatlar ulgamy boýunça 107,7 göterim bolandygy habar berildi. Awtomobil ulaglary boýunça bu görkeziji degişlilikde 101,1 göterim hem-de 100,4 göterim, Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy boýunça hem degişlilikde 140 göterim we 112,5 göterim boldy.

Wise-premýer öz çykyşynda Türkmenbaşy şäheriniň halkara deňiz portunyň çäginde 320 orunlyk ýokary tizlikli ýolagçy gatnadýan gämini gurdurmak we satyn almak hakyndaky teklibi döwlet Baştutanynyň garamagyna hödürlei.

Hormatly Prezidentimiz degişli Karara gol çekip, ýurdumyzyň barha artýan üstaşyr geçirmek mümkinçiliklerini nazara almak bilen, ulag-aragatnaşyk hyzmatlaryny üpjün etmekde, Türkmenistanyň ulag toplumyny ösdürmekde ilatyň, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň talaplaryny doly derejede kanagatlandyrmak bu ugurda döwlet syýasatynyň esasy maksatlary we wezipeleri bolup durýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda milletiň Lideri ugurlaryň ulgamyny we terminallary ösdürmäge, ulag we aragatnaşyk hyzmatlarynyň bazaryny kemala getirmäge, pudagyň maddy enjamlaýyn serişdelerini döwrebaplaşdyrmaga, halkara ähmiýetli we görnüşdäki taslamalary ýerine ýetirmäge gönükdirilen belli bir maksatly maksatnamalary işläp taýýarlamagyň hem-de durmuşa geçirmegiň möhümdigini belledi.

Döwlet Baştutany ulaglaryň ähli görnüşlerinde ýolagçylary gatnatmakda we ýükleri daşamakda edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmagyň, şeýle hem ilaty mundan beýläk-de habardar etmek we oňa aragatnaşygyň häzirki zaman görnüşlerini hödürlemek boýunça işleri işjeňleşdirmegiň zerurdygyna ünsi çekip, olary ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda beýleki döwletler bilen ylmy-enjamlaýyn gatnaşyklary giňeltmegi, ýokary dünýä standartlaryna ugur almagy bellemek bilen garamagyndaky düzümleriň kärhanalarynyň we guramalarynyň arasynda özara gatnaşyklary sazlaşykly utgaşdyrmagy üpjün etmek barada görkezme berdi.

Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz pudagyň käbir düzümlerinde kemçilikleriň bardygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň başlygy M.Mütdikowa ýüzlenip, 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Türkmenbaşynyň halkara deňiz portuny we türkmen deňiz söwda flotuny ösdürmegiň Baş meýilnamasyny durmuşa geçirmek işiniň depgininiň pesdigine nägilelik bildirdi. Milletiň Lideri kemçilikleri çalt aradan aýyrmak boýunça çäreleri görmegi hem-de sebitiň iri ulag ulgamyna öwrüljek deňiz portunyň durkuny täzelemek boýunça meýilnamada göz öňünde tutulan desgalaryň gurluşygy boýunça işleriň depginini çaltlandyrmagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň dört aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Hasabatyň çäklerinde "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda gurlan “Bereket” myhmanhanasyny dabaraly açmaga görülýän taýýarlyk barada, şeýle hem Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň kompaniýalarynyň II sergisiniň we türkmen-amerikan işewürler maslahatynyň geçirilişi barada habar berildi.

Jikme-jik berlen hasabatda şeýle hem görkezijiler getirildi. Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň ugry boýunça haryt dolanyşygynyň möçberleriniň ösüş depgini geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 102,5 göterime deň boldy. Ministrligiň kärhanalary tarapyndan öndürilen önümleriň möçberi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 106,2 göterime deň boldy. 2012-nji ýylyň dört aýynda geçen ýylyň degişli döri bilen deňeşdireniňde maýa goýumlaryň 29,8 göterimden gowragy özleşdirildi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň bazarlarynda erkin söwdada azyk önümleriniň esasy görnüşleriniň bahalary durnukly derejede saklanýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, dokma we söwda ulgamlaryny ösdürmegiň maksatlary, ýurdumyzyň we daşary döwletleriň sarp edijileri tarapyndan islegiň artmagy bu ulgamlaryň kärhanalarynyň öňünde önümleriň hilini ýokarlandyrmak we görnüşlerini giňeltmek, täze harytlyk teklipleri bilen bagly wezipeleri goýýar diýip belledi. Ýurdumyzyň önüm öndürijileriniň eksport mümkinçiliklerini artdyrmagyň zerurlygy barada aýtmak bilen, döwlet Baştutany ýurdumyzda we onuň çäklerinden daşarda dünýä bileleşigine milli ykdysadyýetimiziň üstünliklerini we serişdelerini görkezjek, daşary söwda dolanyşygynyň artmagyna we pudaklara täze tehnologiýalary we maýa goýumlarynyň çekmäge ýardam etjek dürli sergileri we ykdysady forumlary geçirmegiň ähmiýetini belledi.

Bu babatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow biziň ýurdumyz geljekde hem ähli ugurlar boýunça, şol sanda söwda-ykdysady, maýa goýum we medeni-gumanitar ulgamlarda Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda netijeli halkara hyzmatdaşlygyny giňelder diýip belledi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradowa söz berildi. Ol gözegçilik edýän pudaklarynda hasabat döwründe alnyp barlan işleriň netijeleri, şeýle hem möwsümleýin oba hojalyk işleriniň geçirilişi, şol sanda gowaça, güýzlük bugdaýa ideg etmek, gallany kabul edýän nokatlary, galla ýygnaýan kombaýnlary, awtoulaglary we beýleki tehnikany galla oragyna taýýarlamak boýunça işleriň barşy barada hasabat berdi. Mehanizatorlar we galla oragyna gatnaşýan beýleki işgärler üçin ähli zerur durmuş şertleriniň dörediljekdigi hem-de medeniýet işgärleriniň çykyşlarynyň garaljakdygy bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba senagat toplumynyň ýolbaşçylaryndan galla oragynyň üstünlikli geçirilmegini üpjün edilmegini talap etdi. Ýetişdirilen bugdaý hasylynyň ählisini ýygnap almak bilen çäklenmän, eýsem ony ýitgisiz daşamak we aýawly saklamak barada alada etmek möhümdir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Gowaçalara ýokary hilli ideg edilmegine üpjün etmek hem möhümdir, çünki munuň özi “ak altynyň” bol hasylyny almagyň diýip, milletiň Lideri aýtdy.

Mejlisiň barşynda döwlet durmuşynyň käbir beýleki meselelerine hem seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi, şeýle hem resminamalaryň birnäçesine gol çekildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi tamamlap, oňa gatnaşyjylaryň ählisine Watanymyzyň abadançylygynyň we gülläp ösüşiniň hatyrasyna alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew paýtagtymyzy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler, şanly senelerimiz mynasybetli ulanylmaga berilýän binalaryň açylyşyna görülýän taýýarlyk hem-de şäheriň senagat düzümini döwrebaplaşdyrmak bilen baglanyşykly durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz halkara derejeli çäreleriň geçirilýän merkezi bolan paýtagtymyzyň her bir babatda nusgalyk şähere öwrülmegi, paýtagtyň arassaçylygynyň, tertip-düzgüniň yzygiderli üpjün edilmegi ugrunda ähli zerur tagallalary görmegi tabşyrdy.

Soňra Ahal welaýatynyň häkimi M.Nurmämmedow häzirki döwürde alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň barşy, welaýatyň çäklerinde şu ýylyň dört aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, şeýle hem galla oragyna taýýarlyk görmegiň barşynda durmuşa geçirilýän çäreler hakynda hasabat berdi.

Milli Liderimiz welaýatyň oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işleriň deginini ýokarlandyrmak barada anyk tabşyryklary berip, ähli beýleki ugurlar bilen bir hatarda sebitde gurulýan desgalary hemişe gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny belledi.

Balkan welaýatynyň häkimi S.Satlykow öz hasabatynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada habar berdi. Şeýl hem häkim sebitde hem-de “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň ýagdaýy hakynda aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz welaýaty durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyna laýyklykda alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmagyň zerurdygyna ünsi çekip, gurulýan desgalaryň ýokary hiliniň üpjün edilmegi we olaryň bellenilen möhletinde gurlup gutarylmagy babatda anyk tabşyryklary berdi.

Soňra mejlisde Daşoguz welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýewiň hasabaty diňlenidli. Häkim hasabat döwründe welaýatda alnyp barylýan işler, galla oragyna taýýarlygyň çäklerinde durmuşa geçirilýän çäreler barada habar berdi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, häzirki döwürde alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň agrotehniki kadalara laýyklykda berjaý edilmelidigini, elewatorlaryň taýýarlyk ýagdaýyna aýratyn üns bermelidigini tabşyrdy.

Lebap welaýatynyňh häkimi Ý.Ýaýylow welaýaty yzygiderli ösdürmek, sebitiň ilatynyň hal-ýagdaýynyh as-da ýokarlandyrmak babatda alnyp barylýan işler hakynda hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz welaýatyň durmuşyna degişli ähli işleriň, hususan-da, sebitiň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlanmagyny üpjün edýän meseleleri hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyryp, bu işleriň talabalaýyk ýerine ýetirilmegi sebitiň okgunly ösüşiniň baş şertidir diýip belledi.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi K.Gurbanow sebitiň senagat düzümini ösdürmek, welaýatyň oba hojalyk toplumynyň netijeliligini ýokarlandyrmak babatda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, welaýaty ähli ugurlar boýunça sazlaşykly ösdürmek bilen bagly meselelere aýratyn ähmiýet bermelidigini belläp, ilatyň hal-ýagdaýynyň yzygiderli gowulandyrylmagy, sebitiň gurluşyk pudagynyň ösdürilmegi babatda anyk tabşyryklary berdi.

Mejlisiň barşynda döwlet durmuşynyň beýleki käbir meselelerine seredildi, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi, şeýle hem resminamalaryň birnäçesine gol çekildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow meşjlisi tamamlap, oňa gatnaşanlaryň ählisine Watanymyzyň abadançylygynyň we gülläp ösüşiniň hatyrasyna alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.