Şu gün Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogynyň ýeňijisi “Bürgüt” hokkeý topary Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyndan ata Watana gaýdyp geldi. Ýaş türkmen hokkeýçileri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Buýrugyna laýyklykda şý ýylyň 20-nji apreli – 5-nji maýy aralygynda “Ak bars” hokkeý klubynyň çagalar mekdebiniň (Kazan şäheri) binýadynda türgenleriň ussatlygyny ýokarlandyrmak we tejribe alyşmak, şeýle hem ýurdumyzda sportuň gyşky görnüşlerini ösdürmek we sport babatda halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak maksady bilen okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçdi.
Ýewropanyň güýçli hokkeý toparlarynyň birinde oňat taýýarlyk görmek hukugyna Türkmenistanyň Syýahatçylyk we sport baradaky döwlet komitetiniň hokkeý topary şu ýylyň aprel aýynda paýtagtymyzda Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogy ugrunda ýetginjekleriň arasynda hokkeý boýunça geçirilen ýaryşda birinji orny eýelemek bilen mynasyp boldy. Şol ýaryş döwlet Baştutanymyz tarapyndan ýurdumyzda sporty ösdürmek, köpçülikleýin bedenterbiýäni we sagdyn durmuş ýörelgesini yzygiderli wagyz etmek, beden we ruhy taýdan kämil nesli kemala getirmek maksady bilen esaslandyryldy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogy ugrunda hokkeý boýunça birinji milli ýaryş biziň ýurdumyzda sportuň bu görnüşini hil taýdan ösdürmekde täze ugry kesgitledi. Bu ýaryşda abraýly baýrak ugrunda dört topar güýç synanyşdy. Sportuň gyşky görnüşleri boýunça sport toplumynda geçirilen ýaryşyň jemleýji duşuşygyna döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagy milli sport senenamasynda täze ýaryşa ägirt uly gyzyklanmanyň bardygyna şaýatlyk edýär. Hormtaly Prezidentimiz sportuň tomusky we gyşky görnüşleriniň ösdürilmegine ägirt uly üns berýär.
Geçen aýda milli Liderimiz ýene bir Karary kabul etdi, oňa laýyklykda her ýylyň fewral aýynda Döwlet Baýdagynyň güni biziň ýurdumyzda baýrak gaznasy ABŞ-nyň 35 müň dollaryna deň bolan Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogy ugrunda hokkeý boýunça halkara ýaryşy geçiriler. Kazanda geçirilen okuw-türgenleşik ýygnanyşygy hem biziň toparymyza geljekki sport ýaryşlaryna oňat taýýarlanmaga ýardam berer.