Ï Aşgabatda “Saglyk şenbesi” atly köpçülikleýin sport çäresi geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatda “Saglyk şenbesi” atly köpçülikleýin sport çäresi geçirildi

view-icon 731
Şu gün paýtagtymyzyň “Köpetdag” stadionynda “Saglyk şenbesi” atly köpçülikleýin sport çäresiniň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy, şol çärä ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň 18-sinden toparlar gatnaşdylar.

Mälim bolşy ýaly, Ministrler Kabinetiniň mejlisleriniň birinde bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge ägirt uly üns berýän Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda gurlan sport desgalaryny netijeli peýdalanmagyň, şeýle hem sagdyn durmuş ýörelgesini giňden we yzygiderli wagyz etmegiň, türkmenistanlylary bedenterbiýe bilen işjeň we gündelik meşgullanmaga çekmegiň zerurdygyny görkezdi., sport bilen meşgullanmak adamynyň umumy medeniýetiniň aýrylmaz bölegi bolmalydyr.

Milletiň Lideriniň sport hereketini giňeltmek we oňa ýaşlary işjeň çekmek baradaky çagyryşyna seslenip, Türkmenistanyň Syýahatçylyk we sport baradaky döwlet komitetinde we Bilim ministrliginde “Saglyk şenbesi” atly köpçülikleýin sport çäresini guramak kararyna gelindi, ol ýurdumyzyň ähli okuw mekdepleri tarapyndan uly hyjuw bilen goldanyldy.

Bu çäräniň maksatnamasyna sportuň üç görnüşi, ýagny basketbol, boleýbol we futbol boýunça talyp toparlarynyň arasyndaky ýaryşlar girdi. Şunda ýaryşlaryň täsirliligini güýçlendirmek üçin ýeňijiler we baýrakly orunlary eýelänler olimpiýa ulgamy boýunça ýüze çykaryldy, şonda ýeňilenler baş baýrak ugrundaky göreşden bada-bat çykdylar.

Basketbol we woleýbol ýaryşlarynda yhlasly bäsleşikler netijesinde jemleýji ýaryşlaryň ikisinde Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň wekillerinden üstün çykan Milli sport we syýahatçylyk institutynyň topary ýeňiş gazandy. Basketbol boýunça Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň topary, woleýbol boýunça bolsa, Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynyň talyplary baýrakly üçlüge düşdüler.

Futbol boýunça ýaryşda jemleýji oýunda Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň toparyny 4:1 hasap bilen ýeňen Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň topary ýeňiji boldy. Üçünji orny Milli sport we syýahatçylyk institutynyň wekilleri eýelediler.

“Köpetdag” stadionynyň münberini dolduran tomaşaçylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda “Saglyk şenbesi” atly köpçülikleýin sport çäresinde baýrakly orunlara aýe bolanlaryň hemmesine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan gymmatly baýraklar we “Türkmenistan-sagdynlygyň we bagtyýarlygyň ýurdy” atly kitap gowşuryldy.