Şu gün Balkanabatda iňlis-amerikan şaşkasy boýunça ýurdumyzyň çempionaty badalga aldy, oňa welaýatlardan we Aşgabat şäherinden toparlar gatnaşýarlar. Ýeňiş gününiň baýramçylygyna bagyşlanan hem-de Türkmenistanyň Syýahatçylyk we sport baradaky döwlet komiteti hem-de Milli şaşka merkezi tarapyndan guralan bu bäsleşikler ýurdumyzyň ýygyndy toparyna zehinli şaşkaçylary saýlap almak we bu intellektual oýny wagyz etmek maksady bilen geçirilýär.
Bu ýaryşlar erkekleriň arasynda ussatlyk derejesini almak üçin mümkin bolan 44 utukdan 34 utugy gazanmak şerti bilen geçirilýär. Şeýle ýokary talap bildirilmeginiň sebäbi bu bäsleşiklere örän güýçli türgenleriň—halkara grossmeýsterleriniň ikisiniň, halkara ussadynyň, sport ussadynyň, sport ussatlygyna dalaşgäriň we birinji derejeli şaşkaçylaryň ýedisiniň gatnaşýandygy bilen düşündirilýär.
Şol bir wagtyň özünde aýal-gyzlaryň arasynda çempion diýen ady almak üçin geçirilýän ýaryşa şaşkaçylaryň 12-si gatnaşýar. Olar üçin ussatlyk derejesini almagyň şerti mümkin bolan 44 utukdan 25 utugy toplamak ýeterlikdir.
Ýaryşlar aýlaw usulynda geçirilýär. Şunda bäsleşikleriň her tapgyrynda oýunçylaryň hersi iki döw oýnaýar.
Erkekleriň arasynda geçirilýän ýaryşda balkanabatly doganlar Bagtyýar we Bäşim Durdyýewler häzire çenli utulman gelýärler. Öz ussatlyk derejesi boýunça ýaryşlaryň ikisinde hem çykyş etmäge hukugy bolan aýal-gyzlaryň arasynda iňlis-amerikan şaşkasy boýunça dünýäniň absolýut çempiony A.Berdiýewa hem häzire çenli üstünlikli çykyş edýär. Ol 8 utuk toplap, aýal-gyzlaryň arasynda ynamly öňdeligi saklaýar. A.Garaýewa (Balkan) ondan bir utuk yzda barýar. M.Hajyýewa (Aşgabat), R.Hatamowa (Lebap) we A.Hajyýewa (Balkan) dagynyň hersi alty utuk toplady.
Bäsleşikler 18-nji maýda tamamlanar. Onuň jemleri boýunça her dört ýyldan bir gezek geçirilýän Bütindünýä intellektual oýunlaryna gatnaşmak üçin ýurdumyzyň ýygyndy topary düzüler. Bütindünýä ýaryşlary şu ýylyň iýul aýynda Fransiýanyň Lill şäherinde geçiriler.