Watanymyzyň sportuna mynasyp wekilçilik edenlikleri üçin biziň türgen gyzlarymyzyň ählisi ýetginjekleriň arasynda her ýyl geçirilýän “Dubaýyň Altyn Kubogy” halkara ýaryşynyň hormat münberine çykdylar. Olar berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe sport hereketini, şol sanda sportuň gyşky görnüşlerini ösdürmegi ileri tutulýan döwlet wezipeleriniň hataryna goşan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk duýgusyny başdan geçirdiler.
Şeýlelikde, ilkinji gezek Türkmenistanyň sportda gazanan üstünlikleriniň üsti biziň türgenlerimiziň buzda typmak boýunça halkara ýaryşlarynda eýelän medallary bilen ýetirildi. Ozal bellenilişi ýaly, bu ýaryşda türkmenistanlylar jemi 5 medala – 2 altyn, 2 kümüş we 1 bürünç medala mynasyp boldular.
“Al Nasr leýzerlend” sport toplumynda geçirilen bäsleşige 15-den gowrak ýurtdan, şol sanda sportuň gyşky görnüşleri boýunça dünýäde öňde baryjylar diýlip hasaplanýan Russiýadan, Beýik Britaniýadan, Norwegiýadan we beýleki ýurtlardan buzda typyjylaryň 200-e golaýy gatnaşdy. Munuň özi bu halkara ýaryşynyň abraýynyň has-da artýandygyna şaýatlyk edýär. Geçen ýyl Dubaýdaky ýaryşa 10 sany ýurtdan, şol sanda biziň ýurdumyzdan jemi 80-e golaý türgen gatnaşypdy. Şonda Türkmenistanyň ýygyndysynyň düzümine giren buzda typyjy gyzlaryň diňe biri 4-nji orny eýeledi.
Şu gezekki bäsleşikde biziň toparymyza eýýäm türgenleriň 10-sy wekilçilik etdi. Olaryň ählisiniň dürli derejedäki medallara mynasyp bolup, buzda typmak boýunça ýaňy kemala gelýän türkmen mekdebiniň ussatlygynyň artýandygyny görkezendigini bellemek ýakymlydyr.
14 ýaşdan 16 ýaşa çenli bolan buzda typyjylaryň toparynda türkmenistanly gyzlar sylagly orunlaryň ählisini eýelediler. I.Agzamowa altyn medala, ikinji ýere M.Gylyjowa we bürünç medala K.Patyşagulyýewa mynasyp boldy. Olaryň ählisine medallardan başga-da, nobatdaky sport derejesini tassyklaýan şahadatnamalar gowşuryldy.
Ýaryşyň çeperçilik görnüşinde çykyş eden A.Aşyrowa biziň toparymyza ýene-de bir altyn medaly getirdi. Hut onuň çykyşy tomaşaçylarda we ýaryşy guraýjylarda ýatdan çykmajak täsir galdyrmak bilen çäklenmän, eminler tarapyndan ýokary baha mynasyp boldy. Biziň türgenimiz owadan gyzyl reňkli milli lybasda meşhur türkmen kompozitory Nury Halmämmedowyň sazynyň ýaňlanmagynda ussatlyk bilen çykyş etdi.
Biziň ýaş buzda typyjylarymyz toparlaýyn ýaryşlara hem gatnaşdylar. Bellenilen şertlere görä, bu ýaryşda 4-den 10-a çenli türgen tans kompozisiýasy bilen buza çykýar. Bäsleşigiň bu görnüşinde türkmen gyzlarynyň “altylygy” - A.Aşyrowa, A.Tahyrowa, S.Gulamalyýewa, A.Orakowa, E.Mämmedowa we D.Nazarowa hormat münberiniň ikinji basgançagyna galdylar.
Biziň türgenlerimiz ata Watanymyza gelen badyna özleriniň tälimçileri K.Mowsesýanyň, Ý.Strelkinanyň we E.Gurbanowanyň ýolbaşçylygynda nobatdaky ýaryşa – Türkmenistanyň Syýahatçylyk we sport baradaky döwlet komitetiniň paýtagtymyzdaky sport mekdebiniň 1997-2002-nji ýyllarda doglan ýetginjekleriniň we gyzlarynyň arasyndaky bäsleşigine taýýarlyk görüp başladylar. Bu ýaryş ýakyn wagtda paýtagtymyzdaky “Olimpiýa” sport köşgünde geçiriler.