Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 67 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşdy
Şu gün biziň ýurdumyzda uly umumymilli baýramçylyk bolan Ýeňiş güni bellenip geçilýär. 1941-1945-nji ýyllarda Beýik Watançylyk urşunda wepat bolan Türkmenistanyň Milli Gahrymanlaryny ýatlap, “Baky ot” ýadygärligine gül goýmak dabarasyna Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.
Ir bilen döwlet Baştutanymyz öz ýakyn egindeşleri bilen bilelikde “Oguzhan” köşkler toplumyndan şöhratly Watan goragçylarynyň hormatyna gurlan ýadygärlige pyýada geldi.
Öz gahrymanlaryny hatyralamak türkmen halkynyň asyrlardan bäri dowam edip gelýän mukaddes we gymmatly däpleriniň biridir. Ýowuz uruş ýyllarynda türkmen topragynyň edermen ogullarynyň müňlerçesi beýleki doganlyk halklaryň wekilleri bilen egin-egne berip, hakyky edermenligiň, durnuklylygyň, gözsüz batyrlygyň we mertebäniň ajaýyp göreldesi bolmak bilen, söweş meýdanlarynda gaýduwsyz söweşdiler. Olaryň hatarynda milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň atasy Berdimuhamet Annaýew hem bar. Onuň durmuş ýoly berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ýaş nesilleri üçin belent watançylygyň, asyllylygyň we borja wepalylygyň nusgasy bolup hyzmat edýär.
Baharyň şu baýramçylyk gününde biz faşizm bilen ýowuz söweşde metrlik görkezip gurban bolan watandaşlarymyzy hormatlamak bilen bir hatarda, weteranlary we tylda gije-gündiz güýç gaýgyrman Beýik Ýeňşi hasyl edenleri hem hormatlaýarys. Biziň ýurdumyzda uruş we zähmet weteranlaryna, şeýle hem mukaddes ojaklaryna baky wepaly enelerimize hormat-sarpa goýulýar, olar döwletimiz tarapyndan elmydama üns-alada bilen gurşalýar. Mälim bolşy ýaly, wepat bolan gahrymanlaryň atlary “Hatyra” kitabynda, ot-ýalynly söweş ýollaryny geçip, öýlerine ýeňiş bilen gaýdyp gelen Watan goragçylarynyň atlary bolsa “Şöhrat” kitabynda ebedileşdirildi. Şol köp jiltli neşirlerde türkmenistanly esgerleriň Beýik Watançylyk urşundaky söweş edermenlikleri baradaky maglumatlar bar.
Ýaşuly nesil hakyndaky alada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň uly üns berýän wajyp meselesidir. Türkmenistanda weteranlaryň mynasyp durmuşy üçin ähli şertler döredildi, olara dürli durmuş ýeňillikleri berilýär. Baýramçylygyň öňüsyrasynda paýtagtymyzda we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň dolandyryş merkezlerinde 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançlyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 67 ýyllygynyň hormatyna uruş weteranlaryna we mukaddes ojaklaryny saklan ak saçly mährem enelerimize Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan pul hem-de gymmatly sowgatlary gowşurmak dabarasy boldy. Şu günler köp sanly baýramçylyk çäreleri - Aşgabatda, Watanymyzyň ähli künjeklerinde geçirilýän ýöriteleşdirilen tematiki sergiler, maslahatlar, duşuşyklar, konsertler, sahnalaşdyrylan sergiler, sport ýaryşlary şu şanly senä bagyşlandy.
Merkezinde ählihalk hatyrasynyň öçmejek nyşany bolan Baky ot alawlap ýanýan Milli Gahrymanlaryň hormatyna gurlan ýadygärlige gül goýmak dabarasy Beýik Ýeňşe bagyşlanan dabaralaryň esasysy boldy. Ir bilen ata Watanymyzyň azatlygy we garaşsyzlygy, türkmenistanlylaryň, dünýäniň ähli halklarynyň häzirki we geljekki nesilleriniň parahat hem-de bagtly geljegi üçin şirin janlaryny gurban eden watandaşlarymyzyň ählisiniň ýagty ýadygärligini hormatlamak üçin özleriniň ýürek emri bilen aşgabatlylaryň we paýtagtymyzyň myhmanlarynyň müňlerçesi, dürli ýaşdaky we kärdäki adamlar bu ýere geldiler.
Ýadygärligiň öňündäki hormat garawulynda beýik ata-babalarymyzyň şöhratly däpleriniň mynasyp mirasdarlary bolan ýaş türkmen esgerleri hatara durlar.
Dabara gatnaşyjylaryň hatarynda Mejlisiň Başlygy, hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, habar beriş serişdeleriniň, şeýle hem Türkmenistanda resmi taýdan bellenen diplomatik wekilhanalaryň we missiýalaryň ýolbaşçylary, daşary ýurtly işewür toparlaryň wekilleri bar. Elbetde, baýramçylygyň esasy gahrymanlary ak saçly uruş weteranlary we tylda gaýduwsyzlyk bilen zähmet çekenler hem bu ýere ýygnandylar. Hemmeler Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy tüýs ýürekden mähirli garşylaýarlar.
Döwlet Baştutanymyz uruş weteranlary we ot-ýalynly kyrkynjy ýyllarda tylda edermenlikli zähmet çekenler bilen mähirli salamlaşyp, olary şöhratly Ýeňiş baýramy bilen gutlady we saglyk, uzak ömür hem-de abadançylyk arzuw etdi. Ýaşlary birçene ýetendigine garamazdan, biziň weteranlarymyzyň kalby juwandyr. Olar adatdakylary ýaly öň hatarda durlar we ýaş nesli milletimiziň belent ruhy–ahlak gymmatlyklarynyň, hakyky watançylyk we Watanymyza misilsiz söýgi ruhunda terbiýelemäge uly goşant goşup, döwletimiziň hem-de jemgyýetimiziň durmuşyna işjeň gatnaşýarlar.
Beýik Watançylyk urşunyň weteranlary öz gezeginde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýaşuly nesil barada hemmetaraplaýyn alada edýändigi, ähli türkmenistanlylaryň abadan we bagtly durmuşy bähbidine baş maksady ata Watanymyzyň gülläp ösmegi we merdana halkymyzyň abadançylygy bolan düýpli özgertmeleriň hem-de özgerişlikleriň döwrebap syýasatyny durmuşa geçirýändigi üçin çäksiz hoşallyk bildirdiler.
Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar. Soňra “Keçpelek” mukamynyň tolgundyryjy owazlary kalplary gurşap alýar. Ýadygärligiň öňündäki meýdança ýygnanan dolduran adamlar bu dabaraly pursady dymmak bilen garşylaýarlar.
Baky oda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan nurana bahar paslynyň ajaýyp gül çemeni goýulýar. Milletiň Liderinden soň ýadygärligiň etegine uruş weteranlary, hökümet agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, daşary ýurtly diplomatlar, şeýle hem paýtagtymyzyň zähmetkeşler toparlarynyň köpsanly wekilleri, Beýik Watançylyk urşunyň esgerleriniň Milli Gahrymanlary hatyralamak üçin bu ýere gelen çagalary, agtyklary we çowluklary gül desselerini goýýarlar.
Baky oda tarap adamlar üznüksyz akym bilen barýarlar. Az wagtdan ýadygärligiň etegi bahar güllerinden döredilen ajaýyp haly bilen örtülýär. Watanymyzyň gaýduwsyz goragçylarynyň edermenligi baradaky hatyra öçmez-ýitmezdir we minnetdar nesilleriň ýüreginde baky ýaşar.
Hormatly Prezidentimiziň Beýik Ýeňşiň 67 ýyllygynyň hormatyna Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna Ýüzlenmesinde nygtaýşy ýaly, Beýik Watançylyk urşunyň ýalynly ýyllary alyslarda galdy, ýöne onuň pajygaly wakalary, ýüreklere salan ýaralary ýatdan çykar ýaly bolmady. Türkmen halky Watan ugrundaky aldym-berdimli söweşlerde gazanylan Beýik Ýeňşe mynasyp goşandyny goşdy. Gazaply ýyllarda halkymyzyň müňlerçe gerçek ogullary mähriban Watany, eziz halkymyzy gorap, gara başlaryny goýdular. Beýik Watançylyk urşunda görkezen edermenligi üçin türkmenistanly gerçekleriň bir ýüzden gowragy Gahryman diýen belent ada mynasyp boldy. Biziň ildeşlerimiz tylda hem merdanalyk bilen zähmet çekip, watançylygyň deňi-taýy bolmadyk nusgasyny görkezdi. Mukaddes ojaklary saklan enelerimiz, gelin-gyzlarymyz Goranmak gaznasyna altyn-kümüş şaý-sepleriniň 7392 kilogramyny, iki ýarym million töweregi ýyly geýimleri tabşyryp, şeýlelik bilen mähriban topragymyzyň azatlygyny goramakda türkmen halkynyň asyrlardan bäri dowam edip gelýän jebisligini görkezdiler. Urşa gatnaşan, tylda zähmet çeken weteranlarymyzyň nusgalyk edermenligi, manyly durmuş ýollary halka, ata Watana hyzmat etmegiň beýik mekdebine öwrüldi diýip, döwlet Baştutanymyz aýratyn buýsanç bilen belledi.
Täze taryhy eýýamda--berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda Ýeňiş güni nesilleriň aýrylmaz arabaglanyşygyny, türkmen halkynyň parahatçylyga we ylalaşyga, ynsanperwerlige hem-de döredijilige üýtgewsiz ygrarlylygyny beýan edip, aýratyn dabara bilen bellenip geçilýär. Bitarap Türkmenistanyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ýöredilýän we ählumumy parahatçylygy hem-de howpsuzlygy pugtalandyrmaga, sebitleýin we global möçberde durnukly ösüş, netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin şertleri üpjün etmäge gönükdirilen asylly syýasaty ýurdumyza ýokary halkara abraýyny getirdi.
Döwlet Baştutanynyň BMG-niň belent münberinden ýaňlanan we milletler bileleşiginiň giňden makullamagyna hem-de goldawyna eýe bolan oňyn başlangyçlary hem bu asylly maksatlara eýerýändir. Häzirki wagtda Türkmenistan ykrar edilen sebitleýin parahatçylygy üpjün ediji merkez hökmünde tutuş adamzadyň eşreti üçin oňyn halkara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek ugrunda çykyş edip, döwrüň möhüm meseleleriniň göwnejaý çözgütlerini işläp taýýarlamaga işjeň gatnaşýar.
Häzirki wagtda tutuş türkmen topragynda ýaýbaňlanan ägrit uly özgertmeler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şöhratly ata – babalarymyzyň belent ynsanperwer we döredijilik däplerine esaslanýan döwlet syýasatynyň aýdyň alamatlarydyr.
Paýtagtymyzdaky ak mermere örtülen ajaýyp binalar, bütin ýurdumyzda şäherleriň we obalaryň günsaýyn täzelenýän keşbi, has oňaýly ýaşaýyş jaýlary, döwrebap mekdepler, sagaldyş edaralary, medeni merkezler, sport desgalary, senagat kärhanalary, mahlasy, Türkmenistanda amala aşyrylýan bu işler biziň edermen watandaşlarymyza—Beýik Watançylyk urşunyň gahrymanlaryna hatyranyň hem-de minnetdarlygyň aýdyň beýanydyr, çünki olaryň öçmejek harby we zähmet edermenligi häzirki wagtda biziň erkin gülläp ösýän döwletde bagtly durmuşda ýaşap, geljege ynamly garamagymyzyň gözbaşydyr. Biziň mukaddes borjumyz mähriban toragymyzda höküm sürýän parahatçylygy we ylalaşygy gözüň göreji ýaly goramakdan, ata Watanymyzyň at-abraýyny artdyrmakdan ybaratdyr.
Şu günki dabaranyň barşynda hormat garawulynyň rotasy Baky oduň öňünden harby orkestriň sazy astynda dabaraly ýöriş bilen geçdi.
Soňra Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlary hiç wagt gymmaty öçmejek şanly Ýeňiş güni bilen ýene-de bir gezek mähirli gutlady. Uruş we zähmet weteranlaryna, ähli türkmen halkyna parahatçylyk, saglyk we Watanymyzyň asuda asmanynyň astynda abadan durmuş arzuw edip bu ýerden ugrady.
* * *
Şu gün 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 67 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk dabaralary bütin ýurdumyzda, Türkmenistanyň ähli şäherlerinde we obalarynda giňden bellenip geçildi, şonda uruş weteranlaryny hormatlamagyň hem dabaraly çäreleri geçirildi. Şanly senä bagyşlanan konsertler we duşuşyklar guraldy. Agşam paýtagtymyzyň “Watan”, “Türkmenistan” kinokonsert merkezlerinde, “Aşgabat” konsert merkezinde sungat ussatlarynyň Ýeňiş gününe bagyşlanan çykyşlary boldy. Paýtagtymyzyň teatrlary hem baýramçylyk çykyşlaryny taýýarladylar.
Aşgabatda we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda türkmenistanlylar Watanymyzy goran gahrymanlary hatyralap hem-de hormat goýup, faşizm bilen söweşlerde janlaryny bagş edip, parahatçylygy üpjün eden milli gahrymanlaryň hormatyna dikeldilen ýadygärliklere gül desselerini goýdular. Watanymyz öz gahrymanlaryny baky hatyralaýar.