Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda dynç alýanlaryň wagtyny gyzykly we oňat geçirmekleri üçin has amatly şertleri döretmek, dünýäniň ösen derejesindäki syýahatçylyk, sport, dynç alyş ulgamlarynyň, dürli görnüşli dynç alyş toplumlarynyň gurluşyklarynyň giňden ýaýbaňlandyrylmagyny dowam etdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
Resminama laýyklykda Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş Dolandyryş Müdirligine, ministrliklere, pudak edaralaryna hem-de welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerine “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Kongresler köşgüni, dynç alyş, söwda, sport we beýleki jemgyýetçilik maksatly binalary we desgalary gurmak üçin, halkara bäsleşiklerini 3 aý möhletde bellenen tertipde geçirmäge, bäsleşikleriň ýeňijilerini kesgitlemäge we şertnama baglaşmak üçin degişli resminamalary taýýarlamaga ygtyýar berildi.
* * *
“Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek hem-de “Türkmennebitgazgurluşyk” döwlet konserniniň işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda “Türkmennebitgazgurluşyk” döwlet konserni hakyndaky Düzgünnama tassyklanyldy.
“Türkmenistanyň nebit we gaz känlerini enjamlaşdyrmak baradaky “Türkmennebitgazgurluşyk” döwlet konserni hakyndaky Düzgünnamany tassyklamak barada“ Türkmenistanyň Prezidentiniň 1999-njy ýylyň 7-nji ýanwarynda çykaran 4026-njy Kararyny güýjüni ýitiren hasap etmeli.
* * *
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny has-da pugtalandyrmak, halkymyzyň rysgaly we azyk garaşsyzlygymyzyň kepili bolan bugdaýyň öndürilişini artdyrmak, ýetişdirilýän bugdaý hasylyny gysga möhletde ýitgisiz ýygnamak hem-de galla öndürijiler bilen hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda ösdürilip ýetişdirilen bugdaý hasylyny çalt we ýitgisiz ýygnamak, ammarlara we elewatorlara bökdençsiz daşamak hem-de däne öndürijiler bilen hasaplaşyklaryň wagtynda we ýokary derejede guralmagyny üpjün etmek üçin, Türkmenistanda 2012-nji ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.
Şeýle hem Oba hojalygyna önümçilik-enjamlaýyn hyzmat etmek baradaky paýdarlar jemgyýetleriniň “Türkmenobahyzmat” assosiasiýasy ýerlerde däne kombaýnlaryna tehniki hyzmat etmek işlerini talaba laýyk guramak arkaly orak möwsüminde olaryň öndürijilikli we bökdençsiz işledilmegini üpjün etmegi bellenildi.
Türkmenistanyň awtomobil ulaglary ministrligine bolsa Galla önümleri baradaky “Türkmengallaönümleri” assosiasiýasy bilen şertnama baglaşmak esasynda ýygnalan bugdaý hasylynyň meýdanlardan kabul ediş nokatlaryna, şeýle hem ammarlara we elewatorlara wagtynda hem-de ýitgisiz daşalmagyny, ulag serişdeleriniň bökdençsiz we ýokary netijeli işledilmegini üpjün etmegi bellenildi.
Bugdaýy kabul ediş nokatlaryna hem-de ammarlara we elewatorlara daşamakda ýurdumyzyň beýleki ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň awtoulag serişdelerini şertnama esasynda peýdalanmaga Galla önümleri baradaky “Türkmengallaönümleri” assosiasiýasyna ygtyýar berildi.
Ministrliklere we pudak edaralaryna Galla önümleri baradaky “Türkmengallaönümleri” assosiasiýasynyň kärhanalary bilen galla hasylyny meýdanlardan kabul ediş nokatlaryna, ammarlara we elewatorlara daşamak üçin baglaşylan şertnamalar esasynda zerur bolan nebit önümlerini olara 2012-nji ýyl üçin bölünip berlen çäkli möçberleriň hasabyna sarp etmäge ygtyýar berildi.
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilmeginiň 20 ýyllygyny has-da dabaralandyrmak we şu mynasybetli baýramçylyk çärelerini ýokary derejede we guramaçylykly geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş Dolandyryş Müdirligi we Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Türkmenistanyň Mejlisi bilen bilelikde 2012-nji ýylyň 18-19-njy maýynda Aşgabat şäherinde “Türkmenistanyň Konstitusiýasyna 20 ýyl: Berkarar döwlet gurmagyň taryhy tejribesi” atly halkara maslahatyny hem-de Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 20 ýyllygyna bagyşlanan baýramçylyk dabaralaryny geçirmäge borçly edildi.
* * *
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talaba laýyk berjaý etmän, berlen tabşyryklary öz wagtynda ýerine ýetirmändigi üçin Türkmenistanyň nebitgaz senagaty we mineral serişdeler ministri Nedirow Baýramgeldi Rejepowiçe berk käýinç yglan edildi.
* * *
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, uniwersitetiň gurluş birlikleriniň ýolbaşçy wezipelerine işgärleri seçip almakda we bellemekde kemçiliklere ýol berendigi üçin, Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň rektory Ezizowa Güljemal Garlyýewna berk käýinç yglan edildi.