Ï Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Ýokary komissaryny kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Ýokary komissaryny kabul etdi

view-icon 642
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow musulman dünýäsinde bosgunlaryň meselesine bagyşlanan halkara maslahatyna gatnaşmak üçin biziň ýurdumyza gelen BMG-niň bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissary jenap Antonio Guterreşi kabul etdi.

Ýokary wezipeli myhman ýüzbe-ýüz duşuşyk üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary jenap Pan Gi Munuň iberen mähirli salamyny we tutuş türkmen halkyna aýdan hoşniýetli arzuwlaryny ýetirdi. Jenap Antonio Guterreşiň belleýşi ýaly, dünýä bileleşigi Türkmenistany ygtybarly we borjuna jogapkärli hyzmatdaş hem-de Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlyk meselelerinde işjeň orny eýeleýän ýurt hasaplaýär. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň belent münberinden häzirki zamanyň möhüm meseleleriniň sazlaşykly çözgüdini işläp taýýarlamaga gönükdirilen işjeň halkara başlangyçlary munuň aýdyň subutnamasydyr.

Şu jähetden BMG-niň bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissary ertir Aşgabatda açylýan we adamlaryň abadançylygynyň bähbidine oňyn gatnaşyklaryň sazlaşykly ösüşini şertlendirmäge gönükdirilen wekilçilikli halkara çäresiniň aýratyn ähmiýete eýedigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz Bitarap Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen ýola goýulýan hyzmatdaşlyga üýtgewsiz ygrarlydygyny tassyklady we biziň ýurdumyz parahatçylyk söýüjilik hem-de ynsanperwerlik esaslaryny daýanýan syýasaty durmuşa geçirmek, ählumumy howpsuzlygy, durnuklylygy we yzygiderli ösüşi üpjün etmek maksady bilen, giň halkara hyzmatdaşlygyny alyp barýar diýip belledi.

Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky özara gatnaşyklaryň sazlaşykly ösüşini kanagatlanma bilen belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow biziň ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň iri düzümleri, şol sanda BMG-niň bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissarynyň müdirligi bilen netijeli gatnaşyklary alyp barýandygyny nygtady. Türkmenistan adam hukuklary boýunça halkara binýatlaýyn resminamalara goşulmak bilen öz üstüne alan borçnamalaryny gyşarnyksyz ýerine ýetirýär. Biziň ýurdumyz BMG-niň bosgunlaryň işi boýunça Ýokary Komissarynyň Maksatnamasynyň Ýerine Ýetiriji Komitetiniň hemişulik agzasy bolmak bilen, bosgunlara kömek bermek babatda dünýä jemgyýetçiliginiň durmuşa geçirýän çärelerine işjeň gatnaşýar diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti we BMG-niň bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissary “Musulman dünýäsinde bosgunlar” atly halkara maslahatynyň gün tertibinde serediljek esasy meseleleri, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň ýokarda agzalan düzüminiň çäklerindäki netijeli hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň bu ugurda gazanan tejribesi dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan çynlakaý üns berilmegine mynasypdyr diýip bellemek bilen, jenap Antonio Guterreş biziň ýurdumyzyň türkmen döwletiniň we jemgyýetiniň mundan beýläk-de yzygiderli ösmegi üçin ygtybarly binýady bolan düýpli durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeleriň ýolunda gazanan üstünliklerine ýokary baha berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow adamlaryň durmuş ulgamynyň ähli ugurlarynda hemme babatda oňaýly şertleriň döredilmegi Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar diýip bellemek bilen, Türkmenistanyň BMG-niň bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissarynyň müdirligi bilen ýola goýlan we ynsanperwer häsiýetli, adam hukuklarynyň goralmagy bilen bagly meseleleriň çözülmegine, durnukly ösüşiň ählumumy maksatlaryna laýyk gelýän netijeli gatnaşyklary dowam etdirmäge taýýardygyny aýtdy. Aşgabatda geçirilýän halkara maslahaty bu ugurda möhüm ädimdigini milli Liderimiz BMG-niň bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissarynyň Müdirliginiň goldaw bermeginde geçirilýän maslahatyň işine üstünlikler arzuw etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we ýokary wezipeli myhman hoşlaşanlarynda Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de sazlaşykly ösdüriljekdigine, onuň üstüniň täze mazmun bilen ýetiriljekdigine ynam bildirdiler.