Ï Türkmenistanyň Prezildenti “Sifal” kompaniýasynyň baştutanyny kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezildenti “Sifal” kompaniýasynyň baştutanyny kabul etdi

view-icon 693
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Fransiýanyň “Sifal” kompaniýasynyň ýolbaşçysy jenap Žil Remini kabul etdi.

Işewür wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanyna hoşallyk bildirip, uzak möhletleýin we özara peýdaly esasda ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin dörän mümkinçilige tüýs ýürekden şatdygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Fransiýanyň öňdebaryjy we biziň ýurdumyz bilen ýygjam hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýan kompaniýalarynyň biriniň ýolbaşçysyny Türkmenistanda görýändigine şatdygyny belledi.

“Sifal” kompaniýasynyň ýolbaşçysynyň belleýşi ýaly, ýurduň durmuş-ykdysady taýdan sazlaşykly ösüşi we oňaýly maýa goýum ýagdaýynyň döredilmegi iri fransuz işewürleriniň Türkmenistana bolan ýokary gyzyklanmalaryny şertlendirdi. Şunuň bilen baglylykda jenap Žil Remi özüniň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň Türkmenistan bilen indi 20 ýyl bäri işjeň ösdürilýän netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge meýillidigini belledi. Mälim bolşy ýaly, “Sifal” kompaniýasy birnäçe pudaklarda, şol sanda ýangyç-energetika toplumynda, senagat we raýat gurluşygynda, aragatnaşykda we elektronikada, konsalting we bilermenler hyzmaty gullugynda netijeli iş alyp barýar. Fransiýanyň kompaniýasy oba hojalyk pudagyny, hususan-da, pagtaçylygy özara peýdaly hyzmatdaşlygyň netijeli ugurlarynyň biri hökmünde görkezdi we türkmen pagtasynyň dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyplydygyny belledi.

Duşuşygyň barşynda hyzmatdaşlygyň birnäçe ileri tutulýan ugurlarynyň geljegi hakynda pikir alyşmalar boldy. Türkmenistanyň ilkinji nobatda dünýä işewirlik ulgamynyň öňdebaryjy wekilleri bilen özara peýdaly gatnaşyklary ýola goýmaga taýýardygyny bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen döwletiniň dürli pudaklara dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýalaryny we daşary ýurtly hünärmenleriň oňyn tejribelerini giňden ornaşdyrmak meselelerine aýratyn ähmiýet berýändigini nygtady.

Duşuşygyň ahyrynda, hormatly Prezidentimiz we myhman taraplaryň Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny we ýurtda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeler maksatnamasyny nazara almak bilen ýola goýulýan hyzmatdaşlyga bolan yzygiderli gyzyklanmalaryny tassyklap, birek-birege durmuşa geçirilýän işlerde uly üstünlikler arzuw etdiler.