Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow musulman dünýäsinde bosgunlaryň meselesine bagyşlanan halkara maslahatyna gatnaşmak üçin öz ýurdunyň wekilçilikli toparyna ýolbaşçylyk edip Aşgabada gelen Eýran Yslam Respublikasynyň içeri işler ministri Mostafa Mohammad Najjary kabul etdi.
Myhman ýüzbe-ýüz duşuşyk üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanyna Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mahmud Ahmedinežadyň mähirli sözlerini we tutuş türmen halkyna abadançylyk hem-de rowaçlyk hakyndaky aýdan hoşniýetli arzuwlaryny ýetirdi. Myhman eýran tarapy Türkmenistan bilen ýola goýulýan hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine we berkidilmegine aýratyn ähmiýet berýär diýip belledi. Türkmenistanyň Prezidentiniň BMG-niň belent münberinden öňe süren bosgunlaryň meseleleri bilen baglanyşykly oňyn başlangyçlarynyň möhümdigini belläp, Eýranyň içeri işler ministri Türkmenistanda geçirilýän Halkara maslahat ählumumy parahatçylygyň we abadançylygyň hatyrasyna sebitde durnuklylygy pugtalandyrmak işi boýunça ýola goýulýan özara gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmegiň ýolundaky möhüm ädime öwrüljekdigini aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň eýranly kärdeşine ýagşy arzuwlaryny aýdyp, türkmen döwletiniň iki ýurduň ägirt uly ykdysady we serişdeler mümkinçiligine, Türkmenistanyň we Eýranyň halklarynyň taryhy hem-de medeni taýdan umumylygyna daýanýan türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegine uly üns berýär diýip belledi.
Duşuşygyň barşynda döwlet Baştutany we myhman sebitleýin we halkara syýasatynyň birnäçe derwaýys meselelerine degip geçmek bilen, ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnuklylygyň üpjün edilmegi, häzirki zamanyň howplaryna hemde wehimlerine garşy durmak boýunça ýola goýulýan hyzmatdaşlyga iki ýurduň hem ygrarlydygyny tassyk etdiler.
Türkmenistanyň Prezidenti we Eýranyň içeri işler ministri duşuşygyň ahyrynda iki goňşy ýurtlaryň arasyndaky uzak möhletleýin we berk dostluk gatnaşyklaryna esaslanýan hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de türkmen hem-de eýran halklarynyň abadançylygynyň, sebitiň gülläp ösmegiň we rowaçlygyň hatyrasyna üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdler.
Duşuşyga Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Seýed Mohammad Musa Haşemi Golpaýegani gatnaşdy.