Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary jenap Ekmeleddin Yhsanogluny kabul etdi.
Musulman dünýäsinde bosgunlaryň meseleleri boýunça Halkara maslahatyna gatnaşmak üçin biziň ýurdumyza gelen YHG-niň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyza şunuň ýaly iri halkara çäresiniň Aşgabatda geçirilmegi baradaky başlangyjy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi we dünýä jemgyýetçiliginiň bu çärä gatnaşmaga bolan meýilleri halkara giňişliginde Türkmenistanyň abraýynyň barha belende galýandygyny alamatlandyrýar diýip belledi. Bu waka Türkmenistanyň hem-de ýurduň milli Lideriniň ählumumy parahatçylyk, howpsuzlyk we durnukly ösüş ýörelgelerini pugtalandyrmak işine goşýan ägirt uly goşandynyň giňden ykrar edilýändigini aňladýar diýip, belent mertebeli myhman aýtdy hem-de Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň bitziň ýurdumyz bilen ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge meýillidigini tassyklady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow YHG-niň Baş sekretaryna ýakymly sözler üçin minnetdarlyk bildirip, bitarap Türkmenistanyň netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardygyny we sebitleýin hem-de ählumumy parahatçylygyň, gülläp ösüşiň hem-de rowaçlygyň hatyrasyna ýola goýulýan halkara gatnaşyklarynyň işjeňleşmegine hemmetaraplaýyn tagalla etmäge meýildigini mälim etdi.
Döwlet Baştutanymyz we belent mertebeli myhman duşuşygyň barşynda YHG-niň çäklerinde ykdysady we medeni-gümanitar ulgamdaky özara peýdaly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak hem-de giňeltmek üçin bar bolan mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, ägirt uly ähmiýeti bolan möhüm çözgütleri işläp taýýarlamaga gönükdirilen we bosgunlar meselesine bagyşlanyp ertir Aşgabatda geçiriljek halkara çäresiniň gün tertibine giriziljek derwaýys meseleler boýunça pikir alyşmalar boldy.
Jenap Ekmeleddin Ihsanoglunyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň bu ulgamdaky tejribeleri bilen tanyşmak YHG agza döwletler üçin bolşy ýaly, tutuş halkara bileleşigi üçin örän peýdaly bolar. Türkmenistanyň Prezidentiniň durmuşa geçirýän öňdengörüjilikli we ýurduň bitaraplyk derejesine esaslanýan döredijilikli daşary syýasaty sebitde parahatçylygy hem-de durnuklylygy pugtalandyrmagyň derwaýys ugry bolup çykyş edýär diýip bellemek bilen, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Türkmenistanda soňky ýyllaryň dowamynda gazanylan ägirt uly üstünliklere we ösüşlere haýran galýandygyny belledi.
Halkara maslahatynyň bosgunlara netijeli kömek bermegi we olaryň hukuklaryny goramagy, adamlaryň doly derejeli we abadan durmuşyny üpjün etmegi maksat edinýän oňyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine ýardam berjekdigine ynam bildirmek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow YHG-niň çäklerinde gumanitar ugurdaky gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilmeginiň möhümdigini belledi. Hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan beýleki ugurlary barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz YHG agza ýurtlaryň arasyndaky netijeli gatnaşyklary ösdürmek we ony ählumumy abadançylygyň hatyrasyna doly durmuşa geçirmek üçin örän uly mümkinçilikleriň bardygyny nygtady.
Döwlet Baştutanymyz we belent mertbeli myhman hoşlaşanlarynda Türkmenistanyň hem-de YHG-niň döredijilik, ynsanperwerlik we adamlaryň abadançylygynyň hatyrasyna alnyp barylýan oňyn ýörelgelere daýanýan netijeli hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassyk etdiler.