Şu gün paýtagtymyzyň “Galkynyş” sport toplumynda erkekleriň we zenanlaryň arasynda adaty karate boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň çäklerinde geçirilýän ýaryşlaryň ikinji güni tamamlandy. Oňa ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan 22 topar, ýagny 260-dan gowrak türgen gatnaşyp, ýaş aýratynlyklary boýunça dört-çagalar, ýetginjekler, kadet we ulular toparlaryna bölündiler.
Syýahatçylyk we sport baradaky döwlet komiteti bilen adaty karate boýunça Milli merkeziniň bilelikde guramagynda geçirilýän ýaryşlaryň maksady ýurdumyzda sportuň bu görnüşini wagyz etmekden, şeýle hem iri halkara ýaryşlaryna gatnaşmak üçin milli ýygyndy toparymyza iň gowy türgenleri saýlap almakdan ybaratdyr.
Ýedi sport bölümlerinde türgenler sylaglaryň jemi 12 toplumy ugrunda bäsleşerler. Olar şahsy we toparlaýyn kumite (başa-baş söweş), şahsy we toparlaýyn kata (toplumlaýyn maşklar) we beýlekiler boýunça güýç synanyşarlar.
Ýapon söweş sungatynyň bu görnüşi ýurdumyzda barha uly meşhurlyga eýe bolýar. Muny şu çempionata gatnaşýan toparlaryň sany hem görkezýär. Özem olaryň köpüsi etraplardaky sport bölümlerinde terbiýelenen türgenlerdir. Adaty karate boýunça türkmen türgenleri halkara derejesindäki ýaryşlarda hem üstünlikli çykyş edýärler. Muňa Türkmenistanyň sport boýunça gazananlarynyň gaznasyna yzygiderli gowuşýan köp sanly medallar hem şaýatlyk edýär.
Mysal üçin, geçen ýyl Serbiýanyň paýtagty Belgradda geçirilen dünýä çempionatynda ýetginjekler toparlarynyň arasynda türkmen türgenleriniň birbada ikisi—Z. Jumabaýewa we A.Ataýew ýeňiji boldular.
Biziň türgenlerimiz, tomusda Şri-Lankada we Hindistanda geçiriljek iri halkara ýaryşynda we Aziýanyň çempionatynda çykyş ederler. 13-nji maýa çenli dowam etjek Türkmenistanyň çempionaty öňde boljak halkara ýaryşlaryna taýýarlanmakda möhüm tapgyr bolar.