Ï Ýazky at çapyşyk möwsümi: altynjy çapyşyk güni
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýazky at çapyşyk möwsümi: altynjy çapyşyk güni

view-icon 892
Şu gün Aşgabadyň, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň atçylyk-sport toplumlaryna atçylyk sportunyň köpsanly janköýerleri ýygnandylar. Olar ýazky möwsümiň altynjy çapyşygyna gatnaşýan bedewleriň görkezen netijelerinie tomaşa etdiler.

Çapyşyk günlerinde däp bolşy ýaly, atçylyk – sport toplumlarynyň ýörite gurnalan meýdançalarynda aýdymçylaryň, folklor we tans toparlarynyň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy we şekillendiriş hem-de amaly-haşam sungtanyň eserleriniň sergileri gurnaldy, şeýle hem dürli sport çäreleri geçirildi. Olar at çapyşyk gününe özboluşly baýramçylyk öwüşgini çaýdy.

Şeýlelikde, paýtagtymyzdaky atçylyk-sport toplumynda 11 çapyşyk geçirildi.

Ilkinji bäş çapyşyklarda dördünji topardan çykan ikiýaşar bedewler güýç synanyşdylar. Olaryň arasynda degişlilikde Surnaý (1 minut 13 sekunt), Gülbahar (1 minut 08,3 sekunt), Gülsary (1 minut 08,1 sekunt), Merjen (1 minut 08,4 sekunt) we Aýýaly (1 minut 10,5 sekunt) diýen bedewler ýeňiji boldular.

Üçýaşarlaryň arasynda geçirilen altynjy çapyşyk has-da çekeleşikli boldy. Onda şöhratly Polatly diýen bedewiň hormatyna goýlan baýragy almak ugrundaky bäsleşige gatnaşýan bedewler 1800 metr aralykda güýç synanyşdylar. Onda Perizat (2 minut 07 sekunt) ýeňiji boldy. Ýedinji we sekizinji çapyşyklarda hem üçýaşar bedewler bäsleşdiler. 1200 metr aralyk boýunça dördünji topardan çykan bedewleriň arasynda Gaýra (1 minut 20,1 sekunt), üçünji topardan çykan bedewleriň arasyndan bolsa Şöhrat (1 minut 36 sekunt) pellehanadan öň geçmegi başardy.

Dokuzynjy çapyşykda dört we ulyýaşar bedewler ady rowaýata öwrülen gahrymanyň hormatyna goýlan “Görogly” baýragy ugrunda 2000 metr aralyk boýunça bäsleşdiler. Şonda Garadepel diýen bedew bu aralygy 2 minut 20,2 sekuntda geçip, ýeňiji bolmagy başardy. Onunjy we on birinji çapyşyklarda hem şol topardaky atlar öz aralarynda güýç synanyşdylar. 2200 metr aralykdan goşulan bedewleriň içinden Mertebeli (2 minut 36,1 sekunt) beýlekilerden tapawutlanmagy başardy.

2000 metr aralyga goşulan bedewleriň arasynda Garadeňiz ýeňiji boldy. Ol bu aralyga 2 minut 24 sekunt sarp etdi.

Ýurdumyzyň Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň atçylyk-sport toplumlarynyň her birinde bäş çapyşyk geçirildi.

Balkan welaýatynyň atçylyk – sport toplumynda ikiýaşar bedewler 1400 metr aralykdan goşulyp, şonda Arkadag (2 minut 00 sekunt) ýeňiji boldy. 1400 metr aralyk boýunça ulyýaşar bedewleriň arasynda geçirilen ýaryşda Şadilli-2 ýeňiji boldy. Ol bu aralygy 2 minut 01 sekuntda geçdi. Şeýle aralyk boýunça beýleki çapyşykda Ýyldyrym (2 minut 10 sekunt) öň gelmegi başardy. 4600 metr aralyga goşulan bedewleriň arasynda guralan ýaryş has-da çekeleşikli boldy, onda bu aralygy 7 minut 13 sekuntda geçmegi başaran Dagly ýeňiji boldy. Şeýle hem üçýaşar bedewler 3000 metr aralyk boýunça güýç synanyşdylar. Onda Garaaltyn (4 minut 20 sekunt) pellehana birinji gelmegi başardy.

Daşoguzdaky atçylyk-sport toplumynda dört we ulyýaşar atlaryň bäsleşikleri boldy. 1800 metr aralyga goşulan atlaryň arasyndan Adalat (2 minut 21,70 sekunt) öň gelmegi başardy. Şol aralykdaky beýleki çapyşykda Admiral (2 minut 22,10 sekunt) ýeňiji boldy. 1400 metr aralyga goşulan üçýaşar bedewleriň içinden Girman atly bedew öň gelmegi başardy. Ol bu aralygy 1minut 49,70 sekuntda geçdi. Beýleki çapyşykda Kepderi (1 minut 51,20 sekunt) ýeňiji boldy. 800 metr aralyk boýunça güýç synanyşan ikiýaşar bedewleriň arasynda Garaja (1 minut 00,20 sekunt) öňe saýlanmagy başardy.

Lebap welaýatyndaky atçylyk-sport toplumynda ikiýaşar bedewler 800 metr aralykdan goşuldylar. Onda bu aralygy 50,04 sekuntda geçen Dorgyz ýeňiji boldy. Soňra dört we ulyýaşar bedewler 1600 metr aralyk boýunça güýç synanyşdylar. Bu çapyşyklarda degişlilikde Keremli (1 minut 43,06 sekunt), Kepderi (1 minut 47,05 sekunt), Perzent (1 minut 47,07 sekunt) we Göwher (1 minut 49,05 sekunt) atly bedewler ýeňiji boldular.

Marynyň atçylyk-sport toplumynda geçirilen çapyşyklarda 500 metr aralyk boýunça ýaryşa goşulan ikiýaşar bedewlerden Nowruzbaý (32,44 sekunt) we Seýran (37,19 sekunt) ýeňiji boldy. 1200 metr aralyk boýunça güýç synanyşan üçýaşar bedewleriň arasynda Pynhan ýeňiji bolmagy başardy. Ol bu aralygy 1 minut 41,87 sekuntda geçdi. 1800 metr aralyk boýunça geçirilen dört we ulyýaşar bedewleriň arasynda Perwaz (2 minut 20,65 sekunt), 2000 metr aralyk boýunça goşulan bedewleriň arasyndan bolsa Tahyr (2 minut 48,12 sekunt) pellehanadan öň geçmegi başardylar.

Hünärmenleriň kanagatlanma bilen bellemeklerine görä, çapyşyklaryň jemleri boýunça gazanylan netijeler çapuw ýodasyna ilkinji gezek çykýan ikiýaşar bedewleriň arasynda geljegine uly umyt bilidirýänleriniň köpdüginiň aýdyň subutnamasydyr.

Munuň özi ýurdumyzyň atçylyk pudagynda saýlama bedewleriň baş sanyny artdyrmak we olary dürli bäsleşiklere taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işleriň ýokary netijä eýe bolýandygyny alamatlandyrýar. Şu çapyşyk güni häzirki döwürde biziň halkymyzyň köp ýyllaryň dowamynda milli buýsanjyna öwrülen şöhratly bedewlerimiziň abraý – mertebesini has-da belende galdyrmak ugrunda Türkmenistanda ýokary derejeli amatly şertleriň döredilýändiginiň aýdyň mysaly boldy.