Ï Türkmenistanyň Prezidenti UNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasynyň baştutanyny kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti UNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasynyň baştutanyny kabul etdi

view-icon 747
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow biziň ýurdumyzda özüniň işini tamamlaýan BMG-niň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň baştutany jenap Sampe Lalungpany kabul etdi.

Myhman hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa UNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasynyň işine hemişe goldaw berýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, BMG-niň Çagalar gaznasynyň Türkmenistany özüniň ygtybarly we borjuna wepaly hyzmatdaş hasaplaýandygyny buýsanç bilen belledi.

Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli gatnaşyklara misilsiz ygrarlydygyny tassyklap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow UNISEF-iň BMG-niň iri düzümleriniň biridigini aýratyn kanagatlanma bilen nygtady. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz jenap Sampe Lalungpa ähli ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýän netijeli özara gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna uly goşant goşandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistan bilen BMG-niň Çagalar gaznasynyň arasynda ýola goýlan gatnaşyklaryň geljegi hakynda pikir alyşmalar boldy. Ýaş nesilleriň sazlaşykly ösdürilmeginde, milli syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynda bolşy ýaly, BMG-niň Müňýyllygyň Ösüş Maksatlaryna laýyk gelýän beýleki wezipeleriň oňyn çözgüdine gönükdirilen bilelikdäki taslamalaryň hem-de maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi we olaryň yzygiderli berjaý edilmegi hyzmatdaşlygyň oňyn netijesidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Olaryň hatarynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen UNISEF-iň biziň ýurdumyzdaky wekilhanasynyň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň çäklerinde işlenip taýýarlanan “Çaganyň irki ösüşi we ony 2011-2015-nji ýyllar üçin mekdebe taýýarlamak” boýunça milli maksatnama bar.

Şunuň bilen baglylykda, jenap Sampe Lalungpanyň belleýşi ýaly, Türkmenistanda ýaş nesilleriň hukuklarynyň üpjün edilmegi, eneligiň we çagalygyň goraglylygy, bilim, saglygy goraýyş ulgamynyň kämilleşdirilmegi w tutuşlygyna alnanda, uly üstünliklere ýetilen durmuş ulgamynyň kämilleşdirilmegi bilen baglanyşykly meselelere aýratyn uly üns berilýär.

Türkmenistan bilen UNISEF-iň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de işjeň ösdüriljekdigine we onuň üstüniň täze mazmun bilen ýetiriljekdigine ynam bildirip, myhman bu örän açyk göwünli we myhmansöýer halkyň ýaşaýan ýurdunda işlemegiň özi üçin uly hormat bolandygyny aýtdy.

Milli Liderimiz Türkmenistan bilen UNISEF-iň arasyndaky özara gatnaşyklara ýokary baha berip, biziň ýurdumyz ynsanperwer ulgamdaky möhüm halkara resminamalara, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň çaganyň hukugy hakyndaky Konwensiýa goşulmak bilen, öz üstüne alan we BMG-nyň Çagalar gaznasy bilen netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegi ugur edinýän borçnamalaryna çynlakaý çemeleşýär diýip belledi.

Duşuşygyň ahyrynda jenap Sampe Lalungpa hormatly Prezidentimize UNISEF bilen ýola goýlan hyzmatdaşlyk meselelerine yzygiderli üns berýändigi üçin hoşallyk bildirdi we bu ajaýyp ýurt baradaky ýakymly ýatlamalary alyp gidýändigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz we myhman hoşlaşanlarynda Türkmenistanyň hem-de BMG-niň Çagalar gaznasynyň ählumumy abadançylygyň we rowaçlygyň maksatlaryna laýyk gelýän däp bolan netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine ygrarlydygyny ýene bir ýola tassykladylar.