Ï XIII milli sport oýunlarynyň jemleýji tapgyryna badalga berildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

XIII milli sport oýunlarynyň jemleýji tapgyryna badalga berildi

view-icon 718
Şu gün Daşoguz şäheriniň sport toplumynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň XIII milli sport oýunlarynyň jemleýji tapgyryna badalga berildi. Oňa ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan we Aşgabat şäherinden deslapky bäsleşiklerde ýeňiji bolan toparlaryň agzalarynyň 140-dan gowragy gatnaşdy.

Ýaryşyň maksatnamasyna sportuň milli göreş, düzzüm we ýaglyga towusmak ýaly görnüşleri girizildi. Sportuň bu görnüşleri häzirki bagtyýarlyk döwründe köpçülikleýin geçirilýän oýunlara öwrüldi. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň zähmetkeş toparlarynyň müňlerçe wekilleri milli oýunlarymyzyň dürli görnüşleri bilen meşgullanýarlar.

Ilat arasynda sportuň dürli görnüşleriniň, şol sanda milli sport oýunlarynyň uly meşhurlyga eýe bolmagy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzda köpçülikleýin sporta goldaw bermek we ony ösdürmek boýunça milletiň saglygynyň pugtalandyrylmagyna, berk bedenli, sagdyn ruhly nesillerimiziň kemala gelmegine gönükdirilen döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Şu jähetden Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň guramagynda geçirilýän bäsleşikler ilat arasynda sportuň giňden wagyz edilmegini şertlendirýär. Çünki sport meýdançalarynda geçirilýän bu oýunlara gatnaşýanlar dürli hünärler boýunça zähmet çekýän ýönekeý raýatlarymyzdyr.

Milli sport oýunlarynyň jemleýji tapgyrynyň açylyş dabarasynda sahnalaşdyrylan aýdym-sazly çykyşlar dürli sport oýunlary bilen utgaşyp, baýramçylyk ýagdaýyny emele getirdi. Bu ýerde berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüni wasp edýän aýdymlar belentden ýaňlandy. Şu günki bäsleşiklere gatnaşýan türgenler, atly jigitler, tigir sürüjiler, ýaş pälwanlar göni hatar bolup, sport toplumyna ýygnanan müňlerçe tomaşaçylaryň öňünden geçýärler. Bu ýerde türkmen elguşlarynyň, laçynlaryň, alabaýlaryň görkezilmegi has-da täsirli boldy. Milli lybasdaky türkmen pälwanlarynyň görkezme çykyşlary tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy.

Şeýlelikde, milli sport oýunlarynyň jemleýji tapgyryna badalga berildi. Ýaryşlara gatnaşýan welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň toparlarynyň türgenleriniň arasynda milli sport oýunlary boýunça ykrar edilen ussatlaryň bolmagy iki günläp dowam etjek bäsleşikleriň örän çekeleşikli we gyzykly geçjekdiginden habar berýär.

Ýaryşa gatnaşyjylar üçin ýörite medeni maksatnama düzüldi. Onuň çäklerinde türgenler Daşogzuň gözel ýerleri bilen tanşarlar we welaýatyň taryhy-ülkäni öwreniş muzeýine baryp görerler.