Şu gün Daşoguz welaýatynyň S.Türkmenbaşy etrabynyň merkezinde 365 orunlyk täze sport mekdebiniň açylyş dabarasy boldy.
Köpçülikleýin bedenterbiýe hereketiniň ösmegine, ýaş nesilleri sportuň ýokary sepgitlerine, beýik ýeňişlere taýýarlamaga gönükdirilen durmuş ähmiýetli nobatdaky täze desganyň ulanmaga berilmegi ýerli ilat we dabara gatnaşyjylar üçin hakyky baýramçylyga öwrüldi. Bu ýerde ýaş türgenleriň görkezme çykyşlary ýaýbaňlandyryldy, mähriban halkymyzyň bagtyýar döwrüni wasp edýän aýdym-sazlar ýaňlandy. Bu bolsa dabara gatnaşyjylaryň ruhuny göterdi hem-de mähriban Watana bolan buýsanjyny goşalandyrdy.
Etrap mekrezinde gurlan täze sport mekdebi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkyň saglygy hem-de abadançylygy, bilimli, berk bedenli hem-de ruhubelent türkmen ýaşlarynyň sazlaşykly ösüşi ugurnda edýän yzygiderli aladasanyň aýdyň netijesidir.
Häzirki zaman talaplaryna doly laýyk gelýän sport mekdebiniň köpugurlylygy onuň baş aýratynlygydyr. Bu ýerde diňe bir sport bilen meşgullanmak ýa-da bedenterbiýäniň köp sanly ugurlarynda saglygyňy berkitmek bilen çäklenmän, eýsem ýylyň ähli paslynda dürli derejedäki sport bäsleşiklerini geçirmek üçin ähli amatly şertler döredilipdir. Mekdebiň esasy zallarynyň üçüsi sportuň dürli görnüşleri boýunça türgenleşikleri hem-de ýaryşlary geçirmek üçin niýetlenendir. Olarda tomaşaçy orunlary bilen bir hatarda, eminler üçin otaglar, lukmançylyk bölümi, köp sanly suwa düşülýän otaglar we beýleki zerur jaýlar, şeýle hem desganyň durmuş üpjünçiligini ýola goýýan bina bar. Mekdebiň ýanaşyk ýerlerinde açyk sport meýdançalary gurlupdyr.
Täze desga etrabyň sport binalarynyň üstüni ýetirdi. Häzirki döwürde bu ýerde bir ýarym müň tomaşaçy orunlyk stadiony bolan sport toplumynyň gurluşygy alnyp barylýar. Şeýle hem etrapda ozal hereket edýän 500 orunlyk stadion häzirki zaman talaplaryna doly laýyk gelýän derejede döwrebaplaşdyryldy. Şunuň ýaly häzirki zaman sport mekdepleri, stadionlary bolan sport toplumlary welaýatyň ähli şäherlerinde we etraplarynda guruldy hem-de olaryň birnäçesiniň gurluşygy alnyp baryýlar.
Täze sport mekdebiniň açylyş dabarasyna welaýatyň hem-de etrap häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, zähmet toparlarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular we ýaşlar gatnaşdylar. Mekdebiň gurluşygynda has tapawutlanan işçilere gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Şu günki wakanyň şanyna, mähriban Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň hatyrasyna we hormatly Prezidentimiziň baş saglygyna toý-sadakasy berildi.