Ï ХIII milli sport oýunlarynyň jemleýji bäsleşikleri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

ХIII milli sport oýunlarynyň jemleýji bäsleşikleri

view-icon 717
Şu gün bu ýerde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň ХIII milli sport oýunlarynyň jemleýji ýaryşlary tamamlandy. Oňa ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň hem-de Aşgabat şäheriniň wekilleri gatnaşdylar.

Göreş, düzzüm we ýaglyga towusmak boýuça ýaryşlary öz içine alýan häzirki sport oýunlary Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi tarapyndan guraldy. Birinji tapgyrda ýurdumyzyň dürli kärhanalarynyň we edaralarynyň ilkinji kärdeşler arkalaşyklary guramalarynyň türgenleriniň arasynda köpçülikleýin ýaryşlar geçirildi. Soňra şol türgenler ikinji tapgyrda şäherleriň we etraplaryň derejesinde güýç synanyşdylar. Üçinji tapgyrda welaýatlar we Aşgabat şäheri boýunça saýlama oýunlaryň ýeňijileri belli edildi.

Dördünji tapgyrda bolsa uly sport baýramçylygyna öwrülen Daşogzuň ak mermerli sport toplumynyň on müň tomaşaçy orunly stadionynda final oýunlary geçirildi. Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiziň ýakyndan goldaw bermeginde Türkmenistanda bedenterbiýäni we sporty goldamak we ösdürmek boýunça 2011-2020-nji ýyllar üçin Milli maksatnamany durmuşa geçirmek hemmetaraplaýyn ýardam etmek hem-de sagdyn durmuş ýörelgesini we sportuň milli görnüşlerini wagyz etmek maksady bilen geçirilen oýunlara ýurdumyzyň dürli kärdäki zähmet adamlarynyň on müňlerçesi gatnaşdy.

Garaşsyzlyk, Agzybirlik hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň öňü- syrasynda geçirilen jemleýji oýunlary, garaşylyşy ýaly, gyzykly, çekeleşikli we ozüne çekiji boldy. Sportuň milli görnüşiniň muşdaklarynyň goldamagynda ruhubelentlik ýagdaýynda geçen aýgytlaýjy bäsleşikleri Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi we Daşoguz welaýatynyň häkimligi gurady.

Bu ýerde sportuň üç görnüşi boýunça diýseň çekeleşikli göreş boldy. Ýaryşlaryň jemi boýunça umumytopar birinjiligi Mary welaýatynyň wekilleri eýelediler. Olar göreş we düzzüm boýunça üstün çykdylar. Ýaglyga towusmak boýunça bolsa Ahal welaýatynyň topary ýeňiji boldy.

Ýekelikde çykyş etmek boýunça hem Mary we Ahal welaýatlarynyň türgenleri oňat netijeler görkezdiler. Mary welaýatyndan gelen doganlar Törehanowlar düzzüm oýny , Ahal welaýatynyň türgenlerinden pälwan A. Çaryýew göreş, P. Awerýanow bolsa ýaglyga towusmak boýunça ýeňiji boldular. Ýeňijiler Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň diplomlary we gymmat bahaly sowgatlary bilen sylaglandylar.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň ХIII milli sport oýunlary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli alada etmegi netijesinde Watanymyzyň bagtyýalyk döwrüniň döwlet syýasatynyň artykmaçlygynyň biri bolan sagdyn durmuş ýörelgesini kabul eden biziň halkymyzyň ähliumumy joşgunyny ýene-de bir gezek aýdyň görkezdi