Ï “Dostluk” Kubogyny almak ugrunda bäsleşikler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

“Dostluk” Kubogyny almak ugrunda bäsleşikler

view-icon 767
Şu gün türkmen paýtagtynda futbol we basketbol boýunça ýetginjekleriň arasynda “Dostluk” Kubogyny almak ugrunda däp bolan ýaryşlaryň ikisiniň açylyş dabarasy boldy.

Indi 12-nji gezek futbol boýunça “Köpetdag” stadionynda geçirilýän bäsleşiklere 8 komanda gatnaşyp, olar iki topara bölündi. “A” toparyna Syýahatçylyk we sport baradaky döwlet komitetiniň ýöriteleşdirilen çagalar-ýetginjekler olimpiýa rezerwleri mekdebiniň, Balkan, Lebap, Mary welaýatlarynyň komandalary, “W” toparyna bolsa “Aşgabat” (Aşgabat şäher sport komitetiniň futbol boýunça sport mekdebi), “Olimp” (Aşgabat) we Ahal, Daşoguz welaýatlarynyň ýygyndy komandalary girýärler. Her topardan iň oňat netije görkezen komandalaryň ikisi ýarym finala çykar. Onda ýeňiji bolanlar ýaryşyň baş baýragy ugrunda güýç synanyşarlar.

Ýaryşyň birinji gününiň netijeleri boýunça ýöriteleşdirilen çagalar-ýetginjekler olimpiýa rezerwleri mekdebi we “Balkan” topary üç utuk toplap öňde barýarlar. Ýöriteleşdirilen çagalar-ýetginjekler olimpiýa rezerwleri mekdebiniň futbolçylary Lebap welaýatynyň toparyndan 3:2 hasabynda, şu ýaryşlaryň geçen ýylky ýeňijisi bolan “Balkan” topary bolsa duşuşygyň 70-nji minutynda 11 metrlik urgy bilen Mary welaýatynyň toparyndan 1:0 hasabynda üstün çykdylar.

“W” toparyndan “Ahalyň” futbolçylary öz daşoguzly ýaşdaşlaryndan 6:1 hasabynda üstün çykyp, 3 utuk bilen öňde barýarlar. “Olimp” we “Aşgabat” toparlary öz aralarynda 2:2 hasabynda deňme-deň oýnap, hersi bir utuk toplady.

Basketbol boýunça 3-nji gezek geçirilýän we Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň bedenterbiýe-sagaldyş toplumynda guralan bäsleşiklerde Kubok üçin komandalaryň 8-si güýç synanyşýar. Olar iki topara bölündi. “A” toparyna “Lebap”, “Daşoguz” komandalary we paýtagtymyzyň 2 komandasy-“Aşgabat-1 we “Aşgabat-2” girdi. “W” toparyna bolsa “Olimp” (Aşgabat), “Ahal”, “Balkan” we “Mary” toparlary girdi.

“A” toparda iki utuk toplan, şu ýaryşlaryň geçen ýylky ýeňijisi bolan “Aşgabat-1” we “Lebap” toparlary öňde barýarlar. Olar degişlilikde “Aşgabat-2” toparyny 80:53 we “Daşoguzy” 44:15 hasabynda utdular.

“W” toparda degişlilikde “Mary” 71:38 we “Ahal” 40:38 toparlaryndan üstün çykan “Olimp” we “Balkan” toparlary öňde barýarlar.

Basketbol boýunça ýaryşlar 21-nji maýda tamamlanar. Onuň ertesi güni bolsa ýaş futbolçylaryň arasynda geçirilen bäsleşiklerde “Dostluk” Kubogyna mynasyp bolan toparlar kesgitleniler.