Ï Halkyň agzybirlik we bagt hakyndaky arzuwynyň amala aşýan ýurdunda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Halkyň agzybirlik we bagt hakyndaky arzuwynyň amala aşýan ýurdunda

view-icon 1838
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň binasyna gül goýmak we “Älem” merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň binasyna gül goýmak we “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Türkmen paýtagtynyň günortasynda bina edilen Konstitusiýa Binasynyň öňündäki meýdança säher bilen müňlerçe türkmenistanlylar ýygnandylar. Olar bu ýere döwürleriň we nesilleriň aýrylmaz baglanyşygyny, türkmen halkynyň bozulmaz agzybirligini we bitewüligini, beýik ynsanperwerlik gymmatlyklaryna we parahatçylyk hem-de döredijilik ýörelgelerine üýtgewsiz ygrarlylygyny alamatalyndyrýan şanly senäniň—ýurdumyzyň Baş Kanunynyň kabul edilen, Galkynyş, Agzybirlik we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli guralýan dabaralara gatnaşmak üçin geldiler.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň Taryhy muzeýini özünde jemleýän bu kaşaň binagärlik-çeperçilik toplumy dogry bir ýyl mundan ozal milli Liderimiziň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda açyldy we Aşgabadyň iň bir gözel künjekleriniň biri bolmak bilen çäklenmän, eýsem, jemgyeýtçilik-syýasy, medeni-aň bilim merkezine hem öwrüldi.

Bu gün baýramçylyk äheňinde bezelen meýdançada köp sanly milli baýdaklarymyz pasyrdaýar. Adamlaryň ellerinde ajaýyp bahar güllerinden bogulan çemenler, dürli reňkli baýdajyklar, howa şarlary bar. Belent watan söýüjilik we buýsanç duýgularyna beslenen baýramçylyk ýagdaýy ähli ýerde aýdyň duýulýar.

Şu günki şanly sene biziň ýurdumyz üçin ägirt uly taryhy ähmiýete eýedir, çünki biz 1992-nji ýylda Garaşsyz Türkmenistanyň geljegini saýlapdyk. Konstitusiýanyň kabul edilmegi biziň taryhymyzda täze sahypany açdy, halk häkimiýetliliginiň gymmatlyklaryny berkarar etmäge kuwwatly itergi berdi, ösen häzirki zaman ykdysadyýetli, durmuş goraglylygynyň netijeli ulgamly, özboluşly milli medeniýetli, abaraýly halkara syýasatly hukuk döwletini demokratiýalaşdyrmagyň, gurmagyň ýoluna ynamly gadam basan Türkmenistanyň döwletliligini hukuk taýdan resmileşdirmegiň mynasyp jemlenmesi boldy. Konstitusiýa—ýurduň möhüm, esas bolup durýan resminamasy, şonuň üçin hem Türkmenistanda Esasy Kanunyň kabul edilen güni ählihalk, döwlet baýramçylygy hökmünde bellenilýär.


Bu ýere ýygnanan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Mejlisiň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri hormatly ýaşulular, jemgyýetçilik guramalarynyň, habar beriş serişdeleriniň wekilleri, talyp ýaşlar we paýtagtymyzyň köp sanly ilaty döwlet Baştutanymyzyň gelmegine garaşýarlar. Dabara gatnaşýan myhmanlaryň arasynda daşary ýurtlaryň biziň ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, daşary ýurtly işewürler, şeýle hem Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 20 ýyllygy mynasybetli geçirilýän baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin dünýäniň 20-den gowrak ýurdundan ýörite gelen parlamentleriň, hökümet düzümleriniň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bar. Olaryň arasynda Russiýa Federasiýasy we onuň iri sebiti bolan Tatarystan Respublikasy, Belarus, Eýran, HHR, Owganystan, Beýik Britaniýa, Italiýa, Awstriýa, Rumyniýa, Hindistan, Latwiýa we beýleki döwletler bar.

Bu ýere ýygnananlar Türkmenistany berkararlyk we bagtyýarlyk döwründe ösüşiň hem-de rowaçlygyň täze belentliklerine çykaran hem-de ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan oňyn özgertmeleiň ruhlandyryjysy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy mähirli garşylaýarlar.

Milli lybasdaky gyzlar döwlet Baştutanymyza gül desselerini gowşurýarlar. Hormatly Prezidentimizi Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri garşylaýarlar.

Milli Liderimiziň haly düşelen ýoda bilen hatara duran esgerleriň öňünden geçip gidýär. Dabaraly saz ýaňlanýar. Bu ýere ýygnananlar mähriban Watanymyzy we halkymyzyň Arkadagyny mübärekleýärler.

Hormatly Prezidentimiz Konstitusiýa Binasynyň öňündäki meýdançada ýörite gurnalan ýere barýar. Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar.

Döwlet Baştutanymyz özygtyýarly Türkmenistanyň döwlet esaslarynyň bitewüligini, onuň gadymy demokratik ýörelgelerini we halk häkimiýetliliginiň häzirki döwürde mynasyp dowam etdirilýän köp asyrlyk däplerini özünde jemleýän Konstitusiýa Binasyna gül dessesini goýýar. Türkmenistanyň Baş Kanuny ynsany jemgyýeiň we döwletiň iň beýik gymmatlygy hökmünde ykrar etmek bilen, raýatlaryň hukuklarynyň hem-de erkiniň ygtybarly kepili, ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýaýbaňlandyrylan we mähriban Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, ähli türkmenistanlylaryň bagtly we abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen iri möçberli durmuş-ykdysady özgertmeleriň pugta binýady bolup durýar.

Türkmenistanyň Konstitusiýasy üýtgewsiz kadalary özünde jemlemek hem-de yzygiderli ösdürilýän resminama bolmak bilen, onuň ýurdumyzda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň, durmuşyň ähli ulgamlaryndaky sazlaşykly ösüşi hasaba almak arkaly üsti ýetirilýär hem-de kämilleşdirilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan alnyp barylýan ähli oňyn özgertmeleri ýurdumyzyň ägirt uly mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge täzeçil çemeleşmeleri özünde jemleýär. Şeýle çemeleşmeler Baş Kanunyň 2008-nji ýylyň sentýabrynda kabul edilen täze redaksiýasynda öz beýanyny tapan we kanunçylygyň, dolandyryşyň hem-de döwlet-durmuş gatnaşyklarynyň hil taýdan täze derejä çykarylmagy babatdaky öňde goýlan wezipeleriň çözülmegini ugur edinýän kanunçylyk-hukuk binýadyny pugtalandyrmakda we giňeltmekde öz beýanyny tapdy.


Konstitusiýanyň esaslary we kadalary döwletiň baş maksady bolan ynsanperwer jemgyýeti gurmak, demokratiýanyň dabaralanmagy ýaly möhüm maksatlara ýetmegiň derwaýys şertleriniň biri bolup durýar diýip, milli Liderimiz belleýär. Türkmenistanyň täze Konstitusiýasy ýurdumyzyň hukuk ulgamynyň özeni bolup hem-de beýleki kanunlaryň many-mazmunyny kesgitlemek bilen döwletimiziň ähli raýatlarynyň hukugynyň goraglylygyny üpjün etmegiň ygtybarly guralyna, jemgyýetiň durmuşynda möhüm baglanyşdyryjy güýje öwrüldi.

Konstitusiýanyň özenini öz içine alýan girişde eziz Watanymyza söýgüni we wepalylygy, ýagşylyga we adalatlylyga bolan ynamy mukaddeslik hökmünde nesillerimize wesýet eden ata-babalarymyzyň ruhy mirasy baradaky pikiriň öz beýanyny tapmagy tötänden däldir. Şonuň üçin şu gün, şanly 18-ni maý güni, Türkmenistanyň halkynyň garaşsyz ýurduň Konstitusiýasynyň kabul edilen gününi belleýän güni biz öz gadymy taryhymyzyň beýikligine akyl ýetirip, ata-babalarymyzyň paýhasly wesýetlerine öz hormatymyzy beýan edýäris.

Milli Liderimiziň yzysüre binanyň etegine Türkmenistanyň Hökümetiniň agzalary, Mejlisiň deputatlary we beýleki döwletleriň parlamentarileri, ýurdumyzyň ýolbaşçylar düzümleriniň, iri jemgyýetçilik guramalarynyň, zähmet toparlarynyň we paýtagtymyzyň okuw mekdepleriniň wekilleri, daşary ýurtly diplomatlar we ähli dabara gatnaşyjylar gül desselerini goýdular.

Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekde ýerleşen we türkmenistanlylaryň çuňňur hormat goýýan, ruhy-ahlak gymmatlyklary hem-de halkymyzyň demokratik ýörelgelerini, häzirki zaman türkmen döwletliligini we kanunçylygyny özünde jemleýän ýurdumyzyň Baş Kanunynyň beýik binasynyň etegi bahar güllerine beslendi.

Galkynyş, Agzybirlik w Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bilen gabat gelýän Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilen güni her bir raýat üçin mukaddes bolan parahatçylyk, adalatlylyk, ylalaşyk hem-de döwletlilik ýaly düşünjeleriň beýik nyşany hökmünde aňymyza ornaýar.

Belent ruhuň baýramçylygy bolan bu şanly senede halkymyzyň bir bitewi we rowaç döwlet hakyndaky köp asyrlyk arzuwynyň dabaralanmasy, döredijiligiň, rowaçlygyň we beýik üstünlikler bilen beslenen taryhy döwrüň ajaýyplygy öz beýanyny tapýar. Munuň özi berkararlyk hem-de bagtyýarlyk döwri diýlip atlandyrylýan rowaç ýoluň başlangyjydyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlary Galkynyş, Agzybirlik we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni hem-de Türkmenistanyň Baş Kanunynyň kabul edilmeginiň 20 ýyllyk ýubileýi bilen ýene bir ýola gutlap, dabara gatnaşyjylaryň hemmesini indiki bir baýramçylyk çäresine—Konstitusiýa Binasynyň golaýynda gurlan “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşmaga çagyrdy.

Şol pursatda Konstitusiýa Binasynyň öňündäki meýdançada Türkmen milli konserwatoriýasynyň we Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň hormat garawuly batalonynyň birleşen horunyň ýerine ýetirmeginde “Bagtyýarlyk Kanunymyz bar biziň” diýen aýdym ýaňlanýar.

Milli Liderimiz diňe bir Aşgabadyň däl, eýsem, ýurdumyzyň medeni durmuşynda möhüm orny eýelejek täze medeni-dynç alyş merkezine tarap pyýadalap ugraýar.

Ýolugra hormatly Prezidentimize paýtagtymyzyň ilaty we köp sanly myhmanlar, jemgyýetçilik wekilleri we ýaşlar, saz we tans toparlary dabara bilen gutlag sözlerini aýdýarlar hem-de milletiň Lideriniň öňünde aýdym-sazly horeografik kompozisiýalary ýerine ýetirýärler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýaş türkmen artistleriniň ussatlygyna mynasyp baha berip, Arçabil şaýolunyň ugrunda günsaýyn artýan täze binalary synlady. Milli Liderimiz käbir desgalaryň ýanynda saklanyp, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlagynyň gurluşyk ulgamyna gözegçilik edýän orunbasary, Aşgabat şäheriniň häkimi we beýleki käbir ýolbaşçylar bilen söhbetdeş bolup, gurluşygyň barşy, şertnamalarda bellenilen talaplaryň berjaý edilişi we binalary ulanmaga bermek bilen bagly möhletler babatda gyzyklanyp, işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň baş girelgesine tarap barýar. Milli lybasdaky gyzlar hormatly Prezidentimize gül desselerini gowşurýarlar. Ýurdumyzyň din wekilleri we hormatly ýaşulular milli Liderimizi garşylaýarlar.

Bu ýerde paýtagtymyzyň çagalaryň döredijilik toparlarynyň, ýaş artistleriniň ýerine ýetirmeginde sazly-teatrlaşdyrylan tomaşa guraldy. Ýaş artistler Älemiň giňişliklerine aralaşýanlar we başga planetalardan hoş niýetler bilen “gelenler” hökmünde kosmos bilen bagly täsirli sahnalary görkezdiler. Bu täsirli horeografik kompozisiýa arkaly, çagalaryň kosmos baradaky arzuw-hyýallary äşgär edildi, munuň özi täze “Älem” medeni-dynç alyş merkezinde öz beýanyny tapdy.

“Polimeks” kompaniýasy tarapyndan gurlan we enjamlar bilen üpjün edilen täze toplum paýtagtymyzyň keşbine özboluşly alamatlary bilen goşulyşyp, Aşgabadyň günortasyndaky binagärlik görnüşiniň üstüni ýetirdi. Gümmezi bilen bilelikde umumy boýy 95 metre ýetýän bu uly bina basgançakly piramidany ýatladýar, şunda synlamak üçin nieýtlenen daşky aýlawy 57 metre ýetýän hiňňildik goýlupdyr.

Häzirki wagtda synlamak üçin niýelenen bu hiňňildik dünýäde şunuň ýaly desgalaryň iň ulusy hasaplanýar. Şu mynasybetli Aşgabada “Ginnesiň bütindünýä rekordlary” kompaniýasynyň resmi wekili Amanda Mohan ýörite gelipdir, ol hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa we Türkmenistanyň tutuş halkyna türkmen topragynda myhmansöýerlige mahsus ýagdaýda mähirli garşylanandygy üçin hoşallyk bildirdi hem-de biziň ak mermerli paýtagtymyzyň gözelligine we onuň ösüş depginine haýran galandygyny aýtdy. Milletiň Lideriniň başlangyjy boýunça şäher gurluşygy baradaky uly möçberli maksatnamanyň amala aşyrylmagy netijesinde, ata Watanymyzyň ak mermerli paýtagty günsaýyn özgerýär hem-de täze desgalary we binagärlik toplumlary artýar. Täze gurulýan binalaryň sany barha artyp, paýtagtymyza gelen myhmanlary öz gerimi, gözelligi hem-de durmuş üçin niýetlenendigi bilen haýran galdyrýar.

Soňra Aşgabat şäheriniň häkimine “Älem” merkezindäki hiňňildigiň “Ginnesiň rekordlary” kitabyna girizilendigini tassyklaýan halkara sertifikaty gowşuryldy we ýurdumyzyň baş şäherindäki haýran galdyrýan gözel künjekleriniň sanawynyň üsti ýetirildi. Ýeri gelende aýtsak, bary-ýogy ýarym ýyl mundan ozal “Türkmenistan” teleradioýaýlymynyň täze merkezindäki äpet Oguzhan ýyldyzy we şondan-da öň Oguzhan suw çüwdürimler toplumy we flagştok şol kitaba girizildi.

Öz gezeginde Aşgabat şäheriniň häkimi häzirki wagtda dünýäniň iň owadan şäherleriniň birine öwrülýän paýtagtymyzyň ähli ýaşaýjylarynyň adyndan milletiň Liderine ilatyň abadançylygy we ýaşaýyş üçin diýseň göwnejaý şertleriň döredilmeginiň üpjün edilmegi barada alada edýändigi üçin çuňňur hoşallyk sözlerini aýtdy.

Soňra dabaraly pursat gelip ýetýär: döwlet Baştutany ýygnananlaryň şowhunly el çarpmagynda toý bagyny kesýär. “Älem” medeni-dynç alyş merkezi açylýar.

Bu günden başlap, bu ýerde ilkinji myhmanlar kabul ediler we şu pursatdan başlap onuň çagalary we uly ýaşlylar özüne çekýän hem-de ähli nesilleriň gyzyklanma bildirip dynç alýan we şäher boýunça gezelnç edilýän ýerleriň birine öwrüljekdigine söz ýok.

Döwlet Baştutany binanyň içine girýär, bu ýerde milletiň Liderini körpeler şatlyk bilen garşylap, toplumy syn etmäge çagyrýarlar. Şu ýerde öňdebaryjy çözgütler, döwrebap dizaýnerlik oý-pikirleri öz beýanyny tapypdyr.

Galyberse-de, “Älem” medeni dynç alyş merkezi diňe bir adamlaryň dynç alýan ýeri bolmak bilen çäklenmän, medeni-bilim we terbiýeçilik boýunça uly möçberli işleri geçirmek üçin niýetlenendir. Bu köp ugurly toplumyň ady merkezi täsin galdyryjy açyşlardan, akyl ýetirmegiň we şatlygyň täsirinden doly bolan özboluşly äleme öwürmek bilen baglydyr. Merkez oňaýly ýagdaýyň döredilendigi, bu ýere gelenlere göwnejaý hyzmat edilýändigi bilen özüne çekiji ýere öwrüljekdigine söz ýok.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde döredilen amatlyklar we şertler bilen tanşyp, eskalator arkaly binanyň iň aşaky janýyna barýar, bu ýerde biziň galaktikamyzyň çäklerine aralaşmaga hem-de Älemiň syrlary bilen tanyşmaga mümkinçilik berýän ýokary tehnologiýaly enjamlar bilen üpjün edilen “Älem” muzeýi ýerleşýär.

Döwlet Baştutanymyz muzeýiň ekspozisiýasyny synlaýar. Bu ýerde kosmos gämisiniň maketi, Gün ulgamynyň planetalarynyň makedi ýerleşdirilipdir, isleg bildirenleriň her birine ýörite enjam arkaly olary has içgin öwrenmäge hem-de planetalaryň we olaryň hemralarynyň hereketine, bularda bolup geçýän ýagdaýlara syn etmäge we sensor monitorlary arkaly, şu ugra degişli jikme-jik maglumatlary öwrenmäge mümkinçilik döredilipdir. Bu ýere gelen ýaşlar kosmos gämisi arkaly Älemiň giňişliklerine, Aýyň ýa-da haýsy-da bolsa başga bir planetanyň üstki tarapyna wirtuwal gezelenç edip biler. Aýratyn monitorlarda Gün ulgamynyň planetalarynyň we olaryň hemralarynyň häsiýetnamalary görkeziler.

Şeýle hem merkezde has döwrebap tehnologiýalar arkaly filmleri görkezmek üçin niýetlenen ХD-- kinozallaryň ikisi bar. Milletiň Lideri kinozallaryň tehniki häsiýetnamalary we özboluşlylgy bilen jikme-jik gyzyklandy, bu ýerde dynç alyş industriýasynyň täzelikleri: wirtual dünýä aralaşýan ýaly täsiri döredýän 3D kinoattraksion bilen tanyşmak bolýar.

Dabara gatnaşyjylara kosmosa degişli meseleler boýunça gysga metražly şekiller görkezildi.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti merkeziň birinji gatyna baryp, bu ýerde ýaşlaryň öz wagtyny täsirli geçirmek üçin niýetlenen dürli enjamlar bilen üpjün edilen oýun oýnalýan bölüme bardy. Bu ýerde merkeze gelen çagalar oýunlaryň dürli görnüşlerine uýgunlaşdylar, toplumda çagalaryň sesleri we gülküleri batly ýaňlandy.

Soňra Döwletiň Baştutanymyz lift arkaly binanynyň üçünji gatyna çykdy, bu ýerden merkeziň iň uly attraksionyna barmak bolýar. Milletiň Liderini we ýanyndaky adamlary çagalar mähirli garşylap, hormatly myhmanlary gezelenç etmäge çagyrdylar. Ýurdumyzyň Prezidenti, dabara gatnaşyjylar çagalar bilen bilelikde ýapyk görnüşli syn ediş hiňňildige mündiler, Älemiň baky aýlawyny aňladýan we daş-töweregi synlamak üçin niýetlenen hiňňildikden Aşgabat şäheriniň şu ýerden görünýän keşbini synladylar.

Merkeziň restoranynyň üstki gatynda daş-töweregi synlamaga mümkinçilik berýän hiňňildik alty orunlyk kabinalaryň 24-si üçin niýetlenendir. Oguzhanyň ýyldyzy we milli göller görnüşinde çeperçilik taýdan göwnejaý bezelmegi netijesinde, polatdan edilen äpet desga diýseň owadan we howalanyp görünýär hem-de 17 metrlik gümmezli gün sagadynyň äpet uly siferblatyny ýadladýar. Ýörite enjamlaşdyrylan kabinalaryň içinde oňaýly ýagdaýy saklamaga mümkinçilik berýär. Tutuş desganyň basgançakly granitli binýadyna esaslanýan piramidanyň telärlerinde syn ediş meýdançalary guralypdyr. Şeýlelikde merkeziň binasy her biri 7 metrlik alty sany gatdan we ýerasty gatlaryň ikisinden ybaratdyr. Binanyň haýsy-da bolsa bi gatyndan başga bir gatyna eskalatoryň ýa-da jaýyň merkezi atriumy arkaly işleýän liftleriň kömegi arkaly barmak bolýar.

Türkmenistanyň Prezidenti toplumyň çägi bilen tanyşmagyny dowam edip, bouling oýnalýan jaýlardan, bedeni taplaýan maşklary ýerine ýetirmek üçin niýetlenen meýdançalardan, kiçeňräk awtodromdan we suwa düşülýän ýerden, birnäçe kafeden şol sanda sowgatlaryň we oýnawaçlaryň satylýan dükanlaryndan hem-de başga-da birgiden jaýlardan ybarat bolan “Älem” merkeziniň oýun oýnalýan beýleki ýerlerine-de baryp gördi. Merkeziň inžerenrçilik-tehniki taýdan bökdençsiz işlemegini üpjün edýän tehniki merkez bar we ol platformanyň aşagynda ýerleşýär. Umumy meýdany 26 müň inedördül metre golaýlaýan “Älem” merkeziniň daş-töwereginde gezelenç edilýän giň zolak, suw çüwdürimleri we köpçülikleýin dabaralary geçirmek üçin niýetlenen uly meýdança bar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow olaryň üpjün edilişiniň, has kämil tehniki enjamlaryň aýratynlyklary hem-de dynç alýanlar, ilkinji nobatda, çagalar, olaryň gözýetimini giňeltmek maksady üçin döredilen şertler bilen içgin gyzyklandy.

Adamlar, şol sanda ýaş nesil baradaky alada, şäheriň döwrebap desgalardan ybarat bolan düzümini hem-de ildeşlerimiziň durmuşy zähmeti we dynç almagy üçin oňaýly we amatly şertleri döretmek ýurdumyzda şäher gurluşygy boýunça amala aşyrylýan syýasatyň wajyp ähmiýetli jähetleri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, täze “Älem” merkezi milletiň Lideriniň bu meselelere içgin üns berýändigini aýdyň görkezýän subutnamalaryň ýene-de birine öwrüldi.

Maşgala bolup dynç almak üçin döredilen şertler şu toplumyň esasy aýratynlygydyr. Bu ýerde çagalara, ýetginjeklere, öz başyny çaraýan ýigitlere we gyzlara, şeýle hem olaryň ata-enelerine dynç almak we oýun oýnamak boýunça ähli mümkinçilikleriň döredilmegi bu toplum bilen bagly çemeleşmäniň özboluşly tarapy diýlip hasaplanýar. Bu ýerde çagalar we uly ýaşlylar öz wagtyny gyzykly, işjeň we ýakymly ýagdaýda geçirip, täze zatlary öwrenip bilerler. Çünki bu ýerdäki esasy desga—aýlanýan hiňňildik erkinligiň, durmuşyň, täsirli başdan geçirmeleriň nyşany hasaplanýar. Galyberse-de, bu ýerde belli-belli maksatlar boýunça hyzmatlaryň giň toplumy hödürlenýär hem-de medeni we tälim beriş çärelerini, intellektual ugurly bäsleşikleri geçirmek üçin ähli mümkinçilikler bar.

Bir söz bilen aýdanyňda, bu ýerde paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna ýakymly täsirler, pikir alyşmalar garaşýar.

Türkmenistanyň Prezidenti “Älem” medeni-dynç alyş merkezi bilen tanyşlygynyň ahyrynda bu täze toplumyň hemmeler üçin ýatdan çykmajak haýran galdyryjy pursatlary we täsirleri döretjekdigine ynam bildirip, dabara gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz “Älem” merkezinde daşary döwletleriň parlamentleriniň ýolbaşçylary we wekilleri, daşary ýurtly tanymal syýasy we jemgyýetçilik işgärleri bilen duşuşdy hem-de şondan soňra bu ýerden ugrady.

* * *

Şu gün ýurdumyzyň ähli künjeklerinde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilmeginiň 20 ýyllygy hem-de Galkynyş, Agzybirlik we Magtymguly Pyragynyň şygryýet baýramçylygy mynasybetli dabaralar giňden ýaýbaňlandyryldy. Baýramçylygyň çäklerinde köpsanly aýdym-sazly çykyşlar, döredijilik duşuşyklary, şygryýet agşamlary, bäsleşikler, teatr oýunlary we dürli sergiler geçirildi.

Şeýlelikde, paýtagtymyzdaky Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň etegine asylly däbe görä gül goýmak dabarasy boldy. Bu ýerde mähriban halkynyň erkinlik, Garaşsyzlyk we agzybirlik hakyndaky arzuwlaryny beýan eden beýik şahyryň, türkmeniň söýgüli oglunyň goşgulary okaldy.

Şeýle hem Magtymguly Pyragynyň bolşy ýaly, beýleki nusgawy şahyrlaryň ýadygärliklerine hem gül desseleri goýuldy. Ol ýerlerde şahyrana—sazly dabaralar, aýdym-sazly çykyşlar ýaýbaňlandyryldy.

Şu gün ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň merkezindäki meýdançalarda ählihalk baýramçylygy mynasybetli dabaralar guraldy. Beýik Magtymgulynyň asylly ýörelgeleri onuň döwürdeşleri üçin öňe alyp barýan we özüniň öçmejek hakykaty hem-de ynamy bilen ýollary ýagtyldýan watançylyk çagyryşy, türkmen halkynyň ruhy we maddy konstitusiýasy bolup ýaňlandy. Şahyryň namys, erkinlik, adalatlylyk hakyndaky şahyrana dünýägaraýşy umumadamzat gymmatlyklary bilen utgaşyp, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň Baş Kanunynda öz beýanyny tapdy. Hut şonuň üçin hem bu günki şanly sene, Türkmenistanyň halkynyň ýurduň Konstitusiýasynyň nobatdaky ýubileýi türkmen hem-de dünýä şygryýet gaznasynyň bölegine öwrülen medeni mirasymyz biziň her birimize gadymy taryhymyzyň, medeniýetimiziň, ruhy köklerimiziň biziň şu günki özgertmeler eýýamymyzyň dörediji sütünidigini ykrar edýär.

Bu şanly sene mynasybetli ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi we beýleki pudaklaýyn, jemgyýetçilik guramalary tarapyndan baýramçylyk çäreleriniň baý maksatnamasy düzüldi. Paýtagtymyzyň “Watan” hem-de “Türkmenistan” kinokonsert merkezlerinde aýdym-sazly çykyşlar görkezildi. Ýurdumyzyň ähli teatrlary baýramçylyga bagyşlanan watansöýüjilikli sahnalary hödürlediler.

Şanly baýramçylyk mynasybetli paýtagtymyzyň “Mizan” işewürlik merkezinde resmi agşamlyk nahar berildi.

Ýurdumyzyň belli saz toparlary, ussat ýerine ýetirijileri täze “Älem” merkezinde baýramçylyk konsertini berdiler. Ol ýerde estrada aýdymçylary, tans toparlary mähriban Watanymyza, Arkadagymyza, berkararlyk we bagtyýarlyk eýýamyna bagyşlanan aýdymlary ýerine ýetirdiler.

Paýtagtymyzyň bahar agşamlarynyň asmanyny ýagtylandyran dürli görnüşli feýerwerk şu günki guralan baýramçylyk dabaralarynyň jemlemesine öwrüldi. Beýik ýörelgeleri, ýaz gününiň dabaralaryny, agzybirligi we şygryýeti, döredijiligi we çeper ussatlygy özünde birleşdiren baýramçylygyň dabarasy giç agşama dowam etdi.

Aşgabadyň ajaýyp binalaryny, ýapyk görnüşli syn ediş hiňňilligiň döwrebap desgasyny al-elwan şöhlelere beslän agşamky feýerwerk durmuşymyzyň, ynamly hereketimiziň we agzybirligimiziň bakylygyny alamatlandyrýan nyşanyna öwrüldi.

* * *

Türkmenistanda her ýylda bellenilýän Galkynyş, Agzybiirlik we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bilen ýurduň Konstitusiýasynyň kabul edilmeginiň baýramçylygy halkara derejesinde giň seslenmä eýe boldy.

Şu gün Ankara şäherinde Magtymguly Pyraga bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Oňa ýakynda Aşgabat şäherinde bolup, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan kabul edilen Türkiýe Respublikasynyň ösüş ministri Jewdet Ýylmaz gatnaşdy. Çärä gatnaşyjylar 2012-nji ýylyň 29-njy fewralynda “Türkmenistan” seýilgähinde iki dostlukly döwletleriň Baştutanlarynyň gatnaşmagynda açylan Magtymguly Pyragynyň heýkeline gül desselerini goýdular. Şeýle hem bu çärä Türkiýäniň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan türkmen talyplary gatnaşdylar. Bellenilişi ýaly, çykyşlarda beýik şahyryň döreden goşgulary asyrlar aşyp, adamlara hoşniýetlilik we ynsanperwerlik ýörelgelerini salgy berýär, adamzadyň iň gowy häsiýetlerini beýan edýär. Ähli halklaryň wekilleriniň arasynda bir bitewi düşünjäni emele getirýär. Şu günki Ankara şäherinde geçirilen uly dabara munuň aýdyň subutnamasydyr.

Pakistan Yslam Respublikasynyň Yslamabat şäheriniň Häzirki zaman dilleri milli uniwersitetiniň halkara gatnaşyklary bölüminde geçirilen ylmy maslahatyň barşynda edilen çykyşlarda dilçiler we edebiýatçylar Magtymguly Pyragynyň edebi mirasynyň häzirki zaman üçin ähmiýeti hakynda aýtdylar. Maslahat tamamlanan soň, bu ýerde ýerli metbugat wekilleri üçin türkmen şahyry Magtymgulynyň döredijiligine bagyşlanan pikir alyşmalar boldy.

18-nji maýda agşamlyk Türkmenistanyň Daşkentdäki ilçihanasynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilmeginiň 20 ýyllygy, Galkynyş, Agzybirlik we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli dabaraly kabul edişlik boldy. Oňa gatnaşan myhmanlaryň hatarynda Özbegistan Respublikasynyň Parlamentiniň daşary aragatnaşyklar boýunça komitetiniň başlygy S.Safaýew, respublikanyň bilim ministri T.Şirinow, Özbegistanyň Daşary işler ministrliginiň, respublikanyň medeni merkeziniň, Özbegistanyň dostluk we medeni gatnaşyklar jemgyýetiniň, Türkmen medeni merkeziniň ýolbaşçylary we habar beriş serişdeleriniň wekilleri bar.

Şeýle hem şu gün Almaty şäherinde Gazagystan Respublikasynyň Halklaryň Assambleýasy Dostluk öýüniň binasynda Türkmenistanyň Galkynyş, Agzybirlik we Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe bagyşlanan ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa ýurduň döwlet we jemgyýetçilik işgärleri, Gazagystan Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary gatnaşdylar. Olaryň hatarynda Türkmenistanda doglan akademik G.Amannyýazow, şeýle hem Gazagystanda bilim alýan türkmen talyplary we kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň wekilleri bar.

Şunuň ýaly dostluk çäreleri Türkmenistanyň Ukrainadaky, Eýran Yslam Respublikasnydaky we beýleki ýurtlardaky ilçihanalarynyň goldaw bermeginde hem geçirildi.

Owganystanyň Hyrat şäherinde şu ýylyň 20-nji maýynda Magtymguly Pyragynyň ömrüne we döredijiligine bagyşlanan döredijilik agşamy geçiriler. Ony türkmenleriň Magtymguly Pyragy adyndaky Owganystandaky Medeniýet jemgyýeti guraýar we bu duşuşyga Owganystanyň günbatar sebitlerinde kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň, ýakyndaky welaýatlaryň döredijilik toparlarynyň wekilleri çagyrylar.

Özara gatnaşyklar, medeni alyş-çalyşlar türkmen halkynyň ösüşiniň baş alamaty bolup durýar. Häzirki döwürde tutuş döredijiligi we ömri öz halkyňa, mähriban Watanyňa gulluk etmegiň nurana nusgasyna öwrülen Magtymguly Pyragynyň eserleri biziň şu günki ösüşimiziň ýoluny ýagtyldýar. Çünki dünýäniň halklarynyň we medeniýetleriniň gatnaşyklarynyň üsti bilen Beýik Pyragynyň ölmez-ýitmez eserleri belent ýaňlanýar.