Ï Ýazky at çapyşyk möwsümi: ýedinji çapyşyk güni
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýazky at çapyşyk möwsümi: ýedinji çapyşyk güni

view-icon 881
Şu gün Aşgabat şäheriniň, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň atçylyk-sport toplumlaryna atçylyk sportuny söýýänleriň köp sanlysy ýygnandy.

Şu gezekki toparlaýyn at çapyşyklaryna ýurdumyzyň belli we ýaş aýdymçylarynyň, sazandalarynyň, tans toparlarynyň, şeýle hem ýaş türgenleriň çykyşlary, bu ýerde guralan suratkeşleriň hem-de amaly-haşam sungatynyň ussatlarynyň sergileri aýratyn baýramçylyk öwüşginini çaýdy.

Şu gün paýtagtymyzyň atçylyk sport toplumynda 9 çapyşyk, welaýatlaryň atçylyk sport toplumlarynyň her birinde bolsa 5 çapyşyk geçirildi.

Aşgabadyň atçylyk--sport toplumynda ilkinji bäş çapyşykda dördünji toparyň iki ýaşar bedewleri güýç synanyşdylar. Onda degişlilikde Gujurly (1 minut 08,5 sekunt), Garaduman (1 minut 11 sekunt), Ýeserje (bir minut 11 sekunt), Ýaýla (bir minut 07,4 sekunt) we Aýnur (1 minut 08,4 sekunt) ilkinjiler boldular.

Dördünji toparyň üç ýaşar atlarynyň arasynda geçirilen altynjy we ýedinji çapyşyklar hem ýiti häsiýete eýe boldy. Olaryň arasynda 1200 metr aralyga geçirilen ýaryşda Gymmatguş (1 minut 20,4 sekunt), 1400 metr aralykda Algyr (1 minut 35,4 sekunt) ýeňiji boldular.

Sekizinji we dokuzynjy çapyşyklarda dört we uly ýaşar atlaryň arasynda 2200 metr aralyga geçirilen bäsleşikde Gindiguş (2 minut 35,4 sekunt),

2000 metr aralykda bolsa Babadaýhan (2 minut 22 sekunt) pellehana ilkinji bolup geldiler.

Balkan welaýatynyň atçylyk sport toplumynda iki ýaşar atlaryň arasynda 1400 metr aralykda Arkadag (2 minut 04 sekunt), uly ýaşar atlaryň arasynda Şadilli 2 (2 minut 04 sekunt) we Ýyldyrym (2 minut 14 sekunt) ýeňiji boldular. 4600 metr aralykda uly ýaşar atlaryň arasynda geçirilen bäsleşikde Dagly (6 minut 59 sekunt), 3000 metr aralykda üç ýaşar atlaryň arasyndaky bäsleşikde Naragyz (4 minut 15 sekunt) pellehana ilkinji bolup geldiler. .

Daşoguz welaýatynyň atçylyk sport toplumynda dört we uly ýaşar atlaryň arasynda 2000 metr aralykda Adalat (2 minut 40,50 sekunt), 1800 metr aralykda Salpy (2 minut 26,40 sekunt) we Abdylla (2 minut 29,20 sekunt) öňe saýlandylar. Üç ýaşar atlaryň arasynda 1400 metr aralyga geçirilen bäsleşikde Sülgün (1 minut 46,50 sekunt), iki ýaşar atlaryň arasynda 1000 metr aralykda Abadan (1 minut 19,70 sekunt) ilkinjiler boldular.

Lebap welaýatynyň atçylyk-sport toplumynda dördünji toparyň üç ýaşar atlarynyň arasynda 600 metr aralyga geçirilen bäsleşikde Köneürgenç (1 minut 59,07 sekunt) ýeňiji boldy. 2000 metr aralyga dört we uly ýaşar atlaryň arasynda geçirilen bäsleşiklerde Keremli (2 minut 13 sekunt), Perzent (2 minut 16,08 sekunt), Seýran (2 minut 19 sekunt) we Babarap (2 minut 19,04 sekunt) pellehana ilkinji bolup geldiler.

Mary welaýatynyň atçylyk--sport toplumynda iki ýaşar atlaryň arasynda 500 metr aralyga geçirilen ilkinji iki çapyşykda Gerden (33, 88 sekunt), 800 metr aralykda bolsa Aýnur (1 minut 01,47 sekunt) ýeňiji boldular. Galan üç çapyşykda dört we uly ýaşar atlaryň arasynda 1600 metr aralyga geçirilen

ýaryşlarda Gypjak (2 minut 18,53 sekunt), 1800 metr aralykda Tahyr (2 minut 25,88 sekunt) we 2000 metr aralykda Gyrgaplaň (2 minut 44, 05 sekunt) pellehana ilkinji bolup geldiler.

Iki ýaşar atlaryň arasynda has ýyndam bedewleri ýüze çykaran ýene bir çapyşyk güni tamamlandy. Atşynas--hünärmenleriň bellemegine görä, şu möwsümde üçünji gezek aýlawa çykan ýaş bedewler ýokary ýyndamlyk we çydamlylyk häsiýetlerini görkezýärler.Tomaşaçylara we hünärmenlere öňden belli bolan bedewler hem ýokary netijeler bilen köp sanly janköýerleri begendirýärler.

Şeýlelikde, milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň hut özüniň irginsiz tagallasy bilen atçylyk pudagynda durmuşa geçirilýän işleriň oňat netije berýändigine atçylyk sportunyň janköýerleri ýene bir gezek göz ýetirdiler.