Ï Türkmenistanyň Prezidentine Russiýanyň Kubogynyň nusgasy we Russiýanyň futbol boýunça ýaryşynyň altyn medaly berildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidentine Russiýanyň Kubogynyň nusgasy we Russiýanyň futbol boýunça ýaryşynyň altyn medaly berildi

view-icon 600
Türkmenistanda saparda bolýan Tatarystan Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Başlygy Farid Muhametşin şu gün Milli sport we syýahatçylyk institutynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa berlen Russiýanyň Kubogynyň nusgasyny we Russiýanyň futbol boýunça ýaryşynyň altyn medalyny ýurdumyzyň sport jemgyýetçiliginiň wekillerine dabaraly ýagdaýda gowşurdy. Bu sylaglar Kazanyň “Rubin” topary tarapyndan gazanylyp, bu toparda eýýäm ençeme ýylyň dowamynda biziň ildeşlerimiz üstünlikli işleýärler.

Dostlukly ýurda iň ýokary sport üstünlikleri üçin gowşurylýan bu sylagyň we baýragyň türkmen döwletiniň Baştutanyna berilmeginiň çuňňur manysy bar. Çünki hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek babatda döwlet syýasaty işlenip taýýarlanyldy we üstünlikli amala aşyrylýar. Sport Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan özgertmeler syýasatynyň amala aşyrylyp başlanmagy bilen umumymilli hereketi häsiýete eýe bolup, türkmen halkynyň ruhubelentligiň, ösüşiň we döredijiligiň täze belentliklerine tarap okgunlylygynyň beýanyna öwrüldi. Biziň ýurdumyzda häzirki zaman saglyk ulgamynyň döredilmegi we ýurduň ilatynyň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga giňden çekilmegi türkmenistanlylaryň durmuş derejesiniň gowulanmagyna getirdi. Hormatly Prezidentimiziň şahsy göreldesi, yzygiderli wagyz edýän “Sagdyn bedende—sagdyn ruh” diýen ýörelgesi bolsa, ýaş türkmenistanlylaryň ýüzlerçe müňüsi üçin mukaddes şygara öwrüldi. Bedenterbiýe we sport olar üçin durmuş ýörelgesine öwrülip, islendik kynçylyklary ýeňip geçmäge giňden ýardam berýär.

Şanly waka mynasybetli geçirilen dabaraly duşuşyga ýurdumyzyň hökümetiniň agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, milli sport merkezleriniň, sport mekdepleriniň, habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we wekilleri, tanymal türgenler, at gazanan tälimçiler, sport weteranlary, talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Milli sport we syýahatçylyk instituty dabara gatnaşyjylary baýramçylyk görnüşinde garşy aldy. Institutyň binasynyň öňünde ýurdumyzyň türgenleriniň we sungat ussatlarynyň çykyşlary guraldy. Bu ýokary okuw mekdebiň giň zalynda bolsa sagdyn durmuş ýörelgesiniň tarapdary bolan milli Liderimiziň türkmen ýaşlaryna we ähli türkmenistanlylara görkezýän ruhlandyryjy göreldesi barada gürrüň berýän fotosergi ýaýbaňlandy. Türkmenistanyň Milli olimpiýa komitetiniň başlygy bolup durýan, karate boýunça altynjy derejäniň we taekwondo boýunça ýedinji derejäniň gara guşagynyň eýesi -- döwlet Baştutanymyzyň sporty ösdürmäge goşandy üçin Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň ýokary sylagyna—Hormat ordenine hem mynasyp bolandygyny ýatlap geçeliň.

Dabaraly çärä gatnaşyjylaryň öz çykyşlarynda belleýşi ýaly, ýurdumyzyň sporty Türkmenistanyň Baştutanynyň ýöredýän “açyk gapylar” syýasaty, giň halkara hyzmatdaşlyk, şol sanda Russiýa Federasiýasynyň sebitleri bilen gatnaşyklary netijesinde öz ösüşinde kuwwatly itergä eýe boldy. Sportuň köp görnüşlerinde uly netijeleri gazanan Tatarystan bilen işjeň gatnaşyklar bu babatda mysal bolup durýar. Bu ugur tejribe alyşmak babatda aýratyn möhümdir, sebäbi eýýäm 2013-nji ýylda Kazan XXVII Bütindünýä tomusky uniwersiadanyň paýtagtyna öwrüler, gözel paýtagtymyz Aşgabat bolsa

2017-nji ýylda üsti ýapyk binalarda hem-de söweş sungatlary boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmäge taýýarlyk görýär.

Mälim bolşy ýaly, şu ýyl Kazanyň “Ak bars” hokkeý toparynyň çagalar-ýetginjekler mekdebiniň tejribeli tälimçileri biziň toparlarymyzyň ikisini Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogy ugrundaky birinji Milli ýaryşa taýýarlady. Bu ýaryş milli Liderimiziň aprel aýynda yglan eden Sagdynlyk we bagtyýarlyk hepdeliginiň çäklerinde geçirildi. Şol toparlaryň biri – Syýahatçylyk we sport baradaky döwlet komitetiniň “Bürgüt” topary hormatly baýragyň eýesi boldy. Şondan kän wagt geçmezden döwlet Baştutanynyň Buýrugyna laýyklykda ýaryşyň ýeňijileri Russiýa Federasiýasynyň iri sebitleriniň biri bolan Tatarystan Respublikasynyň paýtagtyna Kazanyň “Ak bars” hokkeý toparynyň çagalar-ýetginjekler mekdebiniň binýadynda okuw-türgenleşik ýygnanşygyny geçmek üçin iberildi.

Milli sport we syýahatçylyk institutynda şu gün geçirilen duşuşykda oňa gatnaşyjylar sportuň beýleki görnüşlerinde hem hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Myhmanyň – Tatarystan Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Başlygy Farid Muhametşiniň aýtmagyna görä, olar sport hereketini mundan beýläk-de ösdürmekde we halklaryň arasynda dostluk gatnaşyklaryny berkitmekde ägirt uly mümkinçiliklere eýedir.