Şu gün Milli olimpiýa komitetinde Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň (TFF) hasabat - saýlaw maslahaty boldy. Ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan we Aşgabat şäherinden gelen wekillerden başga-da maslahatyň işine Aziýa futblol konfederasiýasynyň (AFK) milli Assosiýasiýalar bilen aragatnaşyklar boýunça halkara departamentiniň wekili Kasra Asrar Hagigi hem gatnaşdy.
Soňky ýyllarda Türkmenistanda sagdyn durmuş ýörelgesiniň giňden wagyz edilmegi, milletiň ruhy we beden kämilligine ymtylmagy bilen baglylykda futboluň ösdürilmegine uly üns berilýär diýlip maslahatda bellenildi. Biziň futbolçylarymyz halkara derejesinde hem ep-esli üstünlikler gazandylar. Mysal üçin, şu ýyl ýurdumyzyň ýygyndy topary Nepalyň paýtagty Katmanduda geçirilen AFK-nyň çagyryş Kubogyny almak ugrundaky 4-nji bäsleşiklerde finala çykyp, özüniň iki ýyl mundan öňki ýeten sepgidini gaýtalady.
Şeýle üstünlikleriň ählisi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň sporty, şol sanda futboly ösdürmäge ägirt uly üns berýändigi netijesinde mümkin boldy diýip, maslahata gatnaşyjylar bellediler. Döwlet Baştutanynyň başlangyjy bilen, her welaýatda halkara ülňülerine laýyk gelýän 10 müň tomaşaçy orunlyk sport toplumlary guruldy. Geljekde bolsa "Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasyna" laýyklykda ýurdumyzda ýüzlerçe sport mekdebi gurlar. Olarda ýaş türkmenistanlyllaryň müňlerçesi sportuň dürli görnüşleri, şol sanda futbol bilen meşgullanmaga mümkinçilik alar.
Hormatly Prezidentimiziň milletiň saglygyna şunuň ýaly ägirt uly üns berýändigi Türkmenistanyň Futbol federasiýasyny sportuň dünýäde iň meşhur görnüşini ösdürmegiň hatyrasyna has-da tutanýerli işlemäge borçly edýär diýlip maslahatda nygtaldy. Şunda futboly ösdürmek üçin uzakmöhletleýin çäreleriň meýilnamasyny işläp düzmek we sportuň bu görnüşi bilen meşgullanýan ähli ýaşdaky toparlarda okuw-türgenleşik işlerini kämilleşdirmek ilkinji nobatdaky mesele bolup durýar.
Täze ýolbaşçyny saýlamak maslahatyň gün tertibiniň esasy meseleleriniň biri boldy. Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň başlygy wezipesine Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew görkezildi we maslahata gatnaşyjylar bu teklibi biragyzdan golladylar.
Maslahatyň barşynda şeýle hem Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň derňew toparynyň täze düzümi saýlanyldy we Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ozal makullanylan ýurduň Futbol federasiýasynyň nyşany tassyklanyldy.