Ï “Balkanyň” futbolçylary “Dostluk” Kubogyna ikinji gezek mynasyp boldular
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

“Balkanyň” futbolçylary “Dostluk” Kubogyna ikinji gezek mynasyp boldular

view-icon 691
Şu gün türkmen paýtagtynda ýetginjekleriň arasynda däbe öwrülen “Dostluk” Kubogy ugrundaky futbol ýaryşy tamamlandy. Bu ýaryş indi 12-nji gezek geçirilýär. Ýurdumyzyň welaýatlaryndan we Aşgabat şäherinden toparlaryň 8-isi hormatly baýrak, şeýle hem altyn, kümüş we bürünç medallar ugrunda bäsleşdiler.

Final oýnunda “Köpetdag” stadionynda “Balkanyň” we “Olimpyň” futbolçylary duşuşdylar. 38-nji minutda “Balkan” toparynyň oýunçysy K.Annaýew hasaby açdy. Duşuşygyň 45-gji minutynda A.Bäşimow hasaby deňledi. 54-nji minutda Ý.Hurmenow 30 metr aralykdan dürs urgy bilen “Balkana” ýeňiş getirdi.

Şeýlelikde, “Balkanyň” futbolçylary 2:1 hasaby bilen ýeňiş gazanyp, bassyr ikinji gezek “Dostluk” Kubogyna we altyn medallara mynasyp boldular. “Olimp” topary kümüş medallara mynasyp boldy. Üçünji orun ugrundaky duşuşykda “Ahalyň” futbolçylary Syýahatçylyk we sport baradaky döwlet komitetiniň ýöriteleşdirilen çagalar-ýetginjekler olimpiýa rezerwleri mekdebini 3:2 hasabynda ýeňdi.