Ï Türkmenistanyň Prezidenti Tokio Gaznasynyň halkara gatnaşyklary boýunça professoryny we “Çalyk Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Tokio Gaznasynyň halkara gatnaşyklary boýunça professoryny we “Çalyk Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

view-icon 841
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Tokio Gaznasynyň halkara gatnaşyklary boýunça professory Ýoşiaki Sasakini, şeýle hem “Çalyk Holding” kompaniýalar toplumynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalygy kabul etdi.

Myhmanlar döwlet Baştutanymyz bilen salamlaşyp we wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Prezidentiniň kabul etmeginiň özleri üçin uly hormatdygyny nygtadylar.

Hususan-da, professor Ýoşiaki Sasaki öňdebaryjy döredijilikli syýasaty bilen meşhur bolan Türkmenistana ýene-de gelip görmäge mümkinçilik bolandygy üçin özüniň örän şatdygyny belledi, milletiň Lideriniň paýhasly baştutanlygynda ýöredilýän şol syýasat ýurda çäksiz halkara abraýyny getirdi. Häzirki wagtda Ýaponiýada we bütin dünýäde durmuş-ykdysady ösüşiň ýokary depginlerini görkezýän Türkmenistana, şeýle hem türkmen halkynyň baý taryhyna we medeniýetine, gadymy özboluşly däplerine uly gyzyklanma bildirýärler diýip, myhman buýsanç bilen aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, professor Ýoşiaki Sasaki “Kunstwelt e. V. Berlin” nemes medeni jemgyýetiniň dürli ýurtlaryň we halklaryň ajaýyp wekilleri bilen tanyşdyrýan “Dünýäniň öňdengörüjileriniň ýodasy” atly taslamasy üçin beýik türkmen nusgawy şahyry Döwletmämmet Azadyny we onuň paýhasly dana sözlerini saýlap alandygyny aýtdy, bu jemgyýet öz işini UNESKO-nyň howandarlygynda işjeň ösdürýär. Myhman bu şanly waka bilen döwlet Baştutanymyzy gutlap, soňky ýyllarda Türkmenistanyň döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda, şol sanda bilim we ylym ýaly möhüm ugurlarda ajaýyp üstünlikler gazanandygyny belledi, munuň özi hem ýurduň okgunly ösüşiniň aýdyň görkezijisi bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, bilim we ylym ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmegiň hem-de hemmetaraplaýyn ösdürmegiň düýpli özgertmeler ýolundan bedew bady bilen okgunly gadam urýan biziň ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň möhüm şertleri bolandygyny hem-de şeýle bolmagynda galýandygyny nygtady. Milletiň Lideri türkmen-ýapon gatnaşyklary barada söz açyp, Türkmenistanyň Ýaponiýa bilen däp bolan dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga, ykdysady ulgamda hem, gumanitar ulgamda hem netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge uly ähmiýet berýändigini kanagatlanma bilen belledi. Ýaponiýanyň öňdebaryjy tejribesi, şol sanda innowasion tehnologiýalary işläp taýýarlamak we ornaşdyrmak babatdaky tejribesi häzirki wagtda Türkmenistanda iş ýüzünde giňden ulanylyp bilner, Ýaponiýa bolsa bu babatda dünýäde esasy öňdebaryjy orunlary eýeleýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de türkmen tarapynyň ähli ugurlar boýunça ýapon hyzmatdaşlary bilen özara peýdaly gatnaşyklary giňeltmäge taýýardygyny belledi. Milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow ýaponiýaly myhmany Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XV maslahatyna gatnaşmaga hem çagyrdy, şol maslahat şu ýylyň oktýabrynda Aşgabatda geçiriler.

Öz nobatynda “Çalyk Holding” kompaniýsynyň ýolbaşçysy biziň ýurdumyzda bu kompaniýa ynanylan taslamalaryň birnäçesiniň durmuşa geçirilişi hakynda Türkmenistanyň Prezidentine habar berdi. Işewür türkmen bazarynyň geljeginiň örän uludygyny nygtap, ýurtda döredilen amatly maýa goýum ýagdaýynyň halkara işewür toparlarynyň Türkmenistana barha artýan gyzyklanmasyny şertlendirýär diýip belledi, Türkmenistanda milli ykdysadyýeti düýpli döwrebaplaşdyrmagy, kuwwatly senagat düzümlerini kemala getirmegi, durmuş ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmegi maksat edinýän iri özgertmeler maksatnamalary durmuşa geçirilýär. Ahmet Çalyk öz ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň Türkmenistan bilen özara peýdaly hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge çalyşýandygy hakynda aýdyp, “Çalyk Holding ” kompaniýasynyň geljekde-de özüniň ähli tejribesini we mümkinçiliklerini ulanyp, hyzmatdaşlyk babatdaky borçnamalaryny gyşarnyksyz ýerine ýetirjekdigine ynandyrdy.

Döwlet Baştutanymyz döwrüň synagyndan geçen daşary ýurtly hyzmatdaşlary bilen netijeli işewür hyzmatdaşlyk etmek üçin Türkmenistanyň hemişe açykdygyny nygtap, häzirki wagtda ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan ähli pudaklary ösdürmegiň toplumlaýyn maksatnamalary netijeli gatnaşyklary artdyrmak hem-de diwersifikasiýalaşdyrmak üçin örän amatly şertleri döredýär diýip belledi. Bu uly möçberli özgertmeler meýilnamalary dürli maksatly köp sanly täze desgalary gurmagy göz öňünde tutýar, olar ähli ölçegleri boýunça ýokary halkara standartlaryna laýyk gelmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtmak bilen, bu babatda gurluşyk işleriniň birkemsiz hili we olary ýerine ýetirmegiň möhletleriniň berk berjaý edilmegi potratçy kompaniýalara bildirilýän esasy, zerur talap bolup durýandygyny nygtady.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti we türk kompaniýasynyň ýolbaşçysy täze taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Işewür öz baştutanlyk edýän kompaniýasy üçin Türkmenistany ösdürmäge öz goşandyny goşmagyň uly hormatdygyny nygtap, “Çalyk Holding” kompaniýasynyň bildirilen ýokary ynamy ödemek üçin ähli güýçlerini sarp etjekdigini hem-de türkmen döwletiniň Baştutanynyň ähli tabşyryklarynyň we teklipleriniň we maslahatlarynyň hökman nazara alynjakdygyny aýtdy.

Myhmanlar hoşlaşanlarynda duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin

hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýene-de bir gezek tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler hem-de milletiň Liderine berk jan saglyk we ýokary döwlet wezipesinde alyp barýan köptaraply işinde täze görnükli üstünlikleri, türkmen halkyna bolsa abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdiler.