Ï Türkmenistanyň ýygyndy topary futzal boýunça Aziýanyň çempionatyna ugrady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň ýygyndy topary futzal boýunça Aziýanyň çempionatyna ugrady

view-icon 728
Şu gün Türkmenistanyň futzal boýunça ýygyndy topary 25-nji maýda Birleşen Arap Emirliklerinde Aziýanyň 12-nji çempionatynyň jemleýji tapgyryna gatnaşmaga ugrady. Iki ýyldan bir gezek Aziýanyň futbol konfederasiýasynyň howandarlyk etmeginde geçirilýän bu kontinental ýaryşa Aziýanyň saýlama toparlarynyň 16-sy gatnaşýar. Olaryň arasynda indi altynjy gezek Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň gatnaşýandygy bellärliklidir.

Jogapkärli ýaryşlara türkmen futzalçylary ilkinji gezek daşary ýurtly hünärmen—ýaponiýaly türgenleşdiriji-geňeşçi Kioheýa Nakamuranyň ýolbaşçylyk etmeginde taýynlandylar, ol ýarym ýylda Türkmenistanda işlän mahalynda, biziň toparymyzyň oýnuny taktiki taýdan baýlaşdyrdy we oýunçylaryň ynamyny has-da artdyrdy. Türkmenistanyň ýygyndy topary Aziýa –2012 çempionatynyň finalyna taýýarlyk görülmeginiň barşynda Birleşen Arap Emirliklerinde, Tailandda we Belarusda okuw-türgenleşdiriş tälimleriň çäklerinde barlag üçin 12 sany oýun oýnady, şol sanda 7 gezek ýeňiş gazandy, şonda Bangkokda Aziýa—2008-iň wise-çempiony bolan Tailandyň toparyndan 1:0 hasabynda üstün çykdy.

Aziýa—20012 çempionatda Türkmenistanyň ýygyndy toparynda ýurdumyzyň has tapawutlanýan toparlarynyň üçüsiniň :”Arwananyň” , “Galkanyň” (ikisem Aşgabatdan) we “Deňizçiniň” (Türkmenbaşydan) oýunçylary çykyş eder.

Türkmenistanlylar ilkinji oýunda çempionaty guraýan Birleşen Arap Emirlikleriniň futzalçylary bilen duşuşarlar. Geçen ýylda şol ýerde oýunçylar üç gezek ýoldaşlyk duşuşyklarynda özara bäsleşdiler. Şolaryň birinde Türkmenistanyň ýygyndy topary 3:1 hasabynda ýeňiş gazandy, ikinji oýunda 3:3 hasabynda deňme-deň oýnaldy we üçünji oýunda Birleşen Arap Emirlikleriniň topary 2:1 hasabynda üstün çykdy.

Ikinji tapgyrda Türkmenistanyň ýygyndy topary Tailandyň ýygyndy topary bilen bäsleşer. Ýaryşyň toparlaýyn tapgyrynda biziň futzalçylarymyz yklymda soňky gezek oýnalan çärýek finalda oýnan Gyrgyzystan Respublikasynyň ýygyndy topary bilen duşuşar.

Toparlaryň arasyndaky ýaryşyň jemleri boýunça has oňat netije gazanan iki sany topar çärýek finala çykar. Ýarym finala ýeten ýygyndy toparlar dünýä çempionatynda çykyş etmäge hukuk gazanarlar. Şol oýun noýabrda Bangkokda geçiriler.

Aziýanyň çempionaty 1-nji iýunda tamamlanar.