Şaşka oýny boýunça ussatlar hasaplanýan balkanabatly Durdyýewleriň maşgalasyndan 21 ýaşly halkara derejeli ussat B. Durdyýew we 16 ýaşly sport ussady M. Durdyýew iňlis-amerikan şaşkasy boýunça Türkmenistanyň çempionlary boldular. Balkan welaýatyndaky ýöriteleşdirilen şaşka mekdebiniň okuwçylary Balkan welaýatynyň merkezinde geçirilen milli çempionatda üstün çykdylar.
Ussatlyk derejesini almak ugrunda aýlawly usulda geçirilen umumy milli ýaryşda bäsdeşler iki tapgyrda iki döw oýnadylar. Şonda Bäşim we Maksat Durdyýewleriň her biri 34 utuk toplady. Olaryň goşmaça görkezijileri hem deňme-deň boldy. Netijede, ýurduň çempiony diýen derejä şaşkaçylaryň ikisi-de mynasyp boldy.
Milli ýaryşyň taryhynda şunuň ýaly ýagdaýyň geçen ýyl hem bolandygyny bellemeli. Şonda Bäşim we Bagtyýar Durdyýewler çempionlyk derejäni öz aralarynda paýlaşdylar. Bu gezek Bagtyýar ikinji ýere düşdi we kümüş medala mynasyp boldy. Çempionatyň bürünç medalyna 32 utuk toplan we bassyr iki ýaryşa gatnaşmaga hukuk gazanan, iňlis-amerikan şaşkasy boýunça zenanlaryň arasynda dünýäniň häzirki absolýut çempiony Amangül Berdiýewa mynasyp boldy. Ol mümkin bolan 44 utukdan 42 utuk toplap, zenanlaryň ýaryşynda indi üçünji gezek ýeňiji boldy. Zenanlaryň arasynda ýaryşda ikinji orna Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby Merettäç Hajyýewa düşdi. Balkanabatdaky 7-nji orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy Almagül Garaýewa bolsa üçünji ýere mynasyp boldy. Olaryň ikisi-de 34 utuk toplady. Ýöne goşmaça görkezijileriň netijesi boýunça Merettäç kümüş medala, Almagül bolsa bürünç medala mynasyp boldy.
Çempionatyň jemleri boýunça ýurdumyzyň ýygyndy topary düzüler. Olar birnäçe halkara ýaryşlaryna, şol sanda dört ýyldan bir gezek geçirilýän ikinji Bütindünýä paýhas oýunlaryna gatnaşar. Şol bäsleşikler şu ýylyň awgust aýynda Fransiýanyň Lill şäherinde geçiriler.