Şu gün paýtagtymyzyň häkimliginiň mejlisler zalynda Aşgabadyň iň bir owadan künjekleriniň birinde bina edilýän Olimpiýa şäherjiginiň ikinji tapgyrynyň gurluşygy bilen tanyşdyryşy bolup geçdi. Meýdany boýunça 100 gektardan gowrak ýerde ýerleşen, sebitde özüne taý bolmadyk bu ägirt uly toplum 2017-nji ýylda Türkmenistanda ýapyk binalarda we söweş sungat boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçiriljek ýeri bolar.
Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we ýokary netijeler sportuny ösdürmegi Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň wajyp ugurlarynyň biri hökmünde öňe süren hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen bu desgalaryň gurluşygy ýola goýuldy. Bu desgalar milletiň saglygyny berkitmäge, berk bedenli, ruhy taýdan baý ýaş nesli terbiýelemäge niýetlenilendir.
Sagdyn durmuş ýörelgeleriniň tarapdary hem-de ony wagyz ediji milletiň Lideri Milli olimpaýa komitetiniň Prezidenti, Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň ýokary sylagy - Hormat ordeniniň eýesi, şeýle-de karate boýunça gara guşagyň altynjy danynyň we teakwondo boýunça gara guşagyň ýedinji danynyň eýesi bolmak bilen, 2010-njy ýylyň noýabr aýynda bu uly Olimpiýa şäherjiginiň düýbüni tutmaklygyň dabarasyna hem gatnaşdy. Hormatly Prezidentimiz ýakynda bolup geçen Ministrler Kabinetiniň Mejlisinde hem “Aşgabat şäherinde Olimpiýa şäherjiginiň binalar we desgalar toplumynyň ikinji tapgyryny gurmak hakyndaky” Karara gol çekdi. Resminamada bu sport desgalarynyň tutuş toplumynyň dünýäniň öňdebaryjy inžener-tehniki serişdelerini peýdalanmak arkaly, şeýle-de binagärlik sungatynyň soňky gazananlaryny hasaba almak bilen bina etmek göz öňünde tutulýar. Şolara – ýapyk ýeňil atletika toplumy, 5 müň orunlyk suw toplumy we akwopark, 4 müň tomaşaçy orunlyk ýapyk tennis korty, 450 orunlyk myhmanhana, halkalaýyn welotrassa, halkalaýyn ylgaw ýodasy, açyk we ýerasty awtoduralgalar we beýleki desgalar girýär.
Döwlet Baştutany “Aşgabat şäherinde Olimpiýa şäherjiginiň binalar we desgalar toplumynyň ikinji tapgyryny gurmak hakyndaky” Karara gol çekmek bilen, öňde duran 2017-nji ýyldaky Aziýa oýunlary diňe bir milli sport çäresi bolman, dünýä boýunça iň bir gyzykly we täsirli wakalaryň biri bolar diýip belledi. Şeýle ýaryşlar Orta Aziýa sebitinde ilkinji gezek geçirilýär. Bu bolsa türkmen paýtagtynyň eýýäm halkara olimpiýa hereketinde özüni işjeň guramaçy we gatnaşyjy hökmünde görkezýändigine şaýatlyk edýär.
Tanyşdyrylyş dabarasyna häkimligiň, paýtagtyň dürli edaralarynyň, kärhanalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, giň sport jemgyýetçiligiň wekilleri, belli türgenler, tälimçiler, hormatly ýaşulular, talyp ýaşlar ýygnandylar. Bu ýerde zalyň iki tarabynda hem sport desgalarynyň köp sanly nusgalary asylypdyr. Onuň merkezinde bolsa geljekki Olimpiýa şäherjiginiň dürli görnüşli desgalaryny görkezýän monitor goýlupdyr.
Duşuşyga gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, onuň esasy maksatlarynyň biri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasaty esasynda biziň jemgyýetimizde durmuşa geçirilýän sagdyn durmuş ýörelgeleriniň maksatlary ýaş neslimizi beden we ruhy taýdan terbiýelemekden ybaratdyr. Şulardan ugur almak bilen, gysga döwürde Aşgabat şäherinde iri sport desgalary – Olimpiýa suw sporty toplumy, milli Olimpiýa sport köşgi, sportuň gyşky görnüşleri bilen meşgullanmak üçin sport toplumy, 20 müň tomaşaçy orunlyk köpugurly “Aşgabat” stadiony bina edildi. Her welaýatyň merkezinde 10 müň orunlyk täze häzirki zaman stadionlary, häzirki zaman aýlawlary we onlarça beýleki sport desgalary guruldy.
Şu özgeritmeleriň çäklerinde, Olimpiýa şäherjiginiň ikinji tapgyrynyň bat alan gurluşygynyň wajyp ähmiýeti bardyr. Sebitde özüne taý bolmadyk bu topluma girýän desgalar iň bir häzirki zaman gurluşy we işjeň dynç almak hem-de sport bilen hemmetaraplaýyn meşgullanmak üçin ähli mümkinçilikleri özünde jemleýär. Bagtyýarlyk döwrümiziň iň bir görnükli nyşanlaryna öwrülen bu uly sport desgalary ýene bir näçe ýyldan türkmenistanlylaryň, biziň ýurdumyzyň köpsanly myhmanlarynyň we daşary ýurtly syýahatçylaryň öňünde özüniň gapylaryny giňden açar.
Bu ýerde her bir sportuň dürli görnüşleri, şol sanda halkara derejede ýaryşlar geçirmek üçin ähli şertler dörediler. Türgenlere we tomaşaçylara gurluşyk, durmuş-medeni we söwda merkezleri, häzirki zaman myhmanhanalar, kafe, dükanlar, durmuş hyzmaty kärhanasy, awtoduralga hyzmat eder. Şeýle-de toplumyň töwereginde pyýada geçelgeleri we monorels ýoly goýular. Döwlet Baştutanmyzyň gol çeken Kararyna laýyklykda, Olimpiýa şäherjiginiň ikinji tapgyrynyň gurluşygyny 2012-nji ýylyň maýynda başlamak we 2015-nji ýylyň ahyrynda doly tamamlamak göz öňünde tutulýar.
Dabaranyň soňunda ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda buzda typmak boýunça “Dubaýyň altyn kubogy” ady bilen ýakynda geçirilen halkara ýaryşynda ýeňiji bolan türkmen türgen gyzlaryna Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan gymmat bahaly sylaglar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.