Ï Ýazky möwsümiň sekizinji çapyşyk güni
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýazky möwsümiň sekizinji çapyşyk güni

view-icon 772
Şu gün ýazky at çapyşygy möwsüminiň nobatdaky ýaryşlary geçirildi. Onda ilkinji gezek çapuw ýodasyna çykýan ikiýaşar bedewleriň bäsleşikleri guraldy we janköýerler şöhratly atlaryň nesilleriniň ýokary görkezijileriniň şaýatlary boldular.

Bu görkezijiler ýurdumyzda naýbaşy bedewleriň sanyny köpeltmek, olary dürli derejeli ýaryşlara taýýarlamak, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy bilen türkmen halkynyň milli buýsanjy bolan bedewleriň köp asyrlyk şöhratyny dikeltmek boýunça alnyp barylýan işleriň oňyn netije berýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň ýazky at çapyşyk möwsüminiň häsiýetli aýratynlygy aýlawlarda Türkmen bedewiniň baýramynyň öňüsyrasynda päsgelçilikden bökmek we uzak aralyga güýç synanyşmak boýunça bäsleşikleriň guralandygyndan ybaratdyr.

Ýazky möwsümiň sekizinji çapyşyk gününde atçylyk sportunyň köp sanly janköýerleri paýtagtymyzyň, Balkan, Daşgouz, Lebap we Mary welaýatlaryndaky atçylyk-sport toplumlaryna ýygnandylar. At çapyşyklary mynasybetli şol ýerlerde meşhur aýdymçylaryň, sazandalaryň we tans toparlarynyň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy.

Paýtagtymyzyň atçylyk-sport toplumynda 10, welaýat aýlawlarynda bolsa 5 at çapyşyklary guraldy.

Aşgabatdaky atçylyk-sport toplumynda ilkinji dört çapyşykda ikiýaşar bedewler 1000 metr aralykda güýç synanyşdylar. Şonda degişlilikde Arzuw (1 minut 07,3 sekunt), Gözegçi (1 minut 08,5 sekunt), şeýle hem mele reňkli Garajaoglan (1 minut 06,5 sekunt) we Garlawaç (1 minut 07,1 sekunt) diýen bedewler ýeňiji boldular.

Bäşinji çapyşykda dört we ulyýaşar bedewleriň 8-si “Garader” baýragyny almak ugrunda 2400 metr aralykdan güýç synanyşdylar. Mälim bolşy ýaly, Garader Gyrsakaryň nesil ugrundan bolmak bilen, onuň atasy Kerwen, enesi bolsa Ýelsonadyr. Garader Krasnodarda (Russiýa Federasiýasy) geçirilen bir möwsümiň dowamynda on gezek ýeňiş gazandy we “Ýeňilmez” diýen ada mynasyp boldy.

Şu günki çapyşykda “Garader” baýragyna Garazat diýen bedew mynasyp boldy. Ol bu aralygy 2 minut 47,7 sekuntda geçmegi başardy.

Altynjy çapyşykda üçýaşar bedewleriň 11-si ahalteke bedewleriniň şöhratly nesilleriniň biri we ada rowaýata öwrülen nesil ugrunyň nesilbaşysy bolan bedewiň adyna goýlan “Meleguş” baýragyny almak ugrunda güýç synanyşdylar. 1800 metr aralyga goşulan bedewleriň içinden Şöhrat öň gelmegi başardy. Ol bu aralyga 2 minut 05,4 sekunt wagt sarp etdi.

Ýedinji hem-de onunjy çapyşyklarda üçýaşar bedewler güýç synanyşdylar. 1400 metr aralyga goşulan bedewleriň arasynda Kerem (1 minut 37 sekunt) ýeňiji boldy. 1800 metra aralyk boýunça Dorgoňur (2 minut 01 sekunt) öň gelmegi başardy.

Dört we ulyýaşar bedewler sekizinji we dokuzynjy çaypyşyklara goşuldylar. 2000 metr aralyk boýunça geçirilen bäsleşikde Garadeňiz ýeňiji boldy. Ol bu aralygy 2 minut 22,4 sekuntda geçmegi başardy. 2200 metr aralyga goşulan bedewleriň arasynda Miraman (2 minut 38,4 sekunt) pellehana birinji bolup geldi.

Balkan welaýatynyň atçylyk-sport toplumynda ikiýaşar bedewler 1400 metr aralyga goşuldylar. Onda Arkadag (2 minut 04 sekunt) ýeňiji boldy. Ikinji çapyşykda ulyýaşar bedewler 4600 metr aralyk boýunça güýç synanyşdylar. Şonda bu aralygy 7 minut 59 sekuntda geçen Gala ýeňiji boldy. Üçünji we bäşinji çapyşyklarda bedewler 1400 metr aralykdan güýç synanyşdylar. Şonda degişlilikde Şadilli - 2 (1 minut 47 sekunt) we Akguş (2 minut 10 sekunt) diýen bedewler öň gelmegi başardylar. Dördünji çapyşykda üçýaşar bedewler 3 müň metr aralyga goşuldylar. Şonda janköýerlere giňden belli bolan Garaaltyn diýen bedew pellehanadan öň geçmegi başardy. Ol bu aralyga 4 minut 15 sekunt wagt sarp etdi.

Daşoguzdaky atçylyk-sport toplumynda birinji we dördünji çapyşyklarda üçýaşar bedewler 1400 metr aralykda güýç synanyşdylar. Olarda degişlilikde Girman (1 minut 50,30 sekunt) we Maýsa (1 minut 55,10 sekunt) diýen bedewler öň geldiler. Dört we ulyýaşar bedewler ikinji çapyşykda 1800 metra arlyga goşuldylar. Şonda Adalat bu aralygy 2 minut 24,20 sekuntda geçip, ýeňiji boldy. 2000 metr aralyk boýunça güýç synanyşan bedewleriň arasynda Salpy (2 minut 41,30 sekunt) ýeňiji boldy. Bäşinji çapyşykda ikiýaşar bedewler 1000 metra arlyk boýunça güýç synanyşdylar. Onda bu aralygy 1 minut 23,40 sekuntda geçen Maýa ýeňiji boldy.

Lebap welaýatyndaky atçylyk-sport toplumynda dördünji topardan çykan üçýaşar bedewler 1600 metr aralyga goşuldylar. Şonda bu aralygy 2 minut 02,01 sekuntda geçen Almaz öň gelmegi başardy. Beýleki çapyşyklarda dört we ulyýaşar bedewler öz aralarynda güýç synanyşdylar. Ikinji çapyşykda Köpel öň gelmegi başardy. Ol 2200 metr aralygy 2 minut 28,06 sekuntda geçdi. 1800 metr aralykdan goşulan bedewleriň içinde Gögerçin (2 minut 15,02 sekunt) ýeňiji boldy. 2000 metr aralykdan goşulan bedewlerden Ýazly (2 minut 18,01 sekunt) saýlanmagy başardy. 2400 metr aralygy 2 minut 45,06 sekuntda geçen Perzent bu ýaryşda ýeňiji boldy.

Marynyň atçylyk-sport toplumynda birinji iki çapyşykda ikiýaşar bedewler 500 metr aralykdan gouşldylar. Onda degişlilikde Aýjemal (37,56 sekunt) we Aýlar (37,19 sekunt) ýeňiji boldular. Üçünji çapyşykda 1200 metr aralygy 1 minut 45,56 sekuntda geçen Pynhan öňe saýlandy. Dördünji we bäşinji çapyşyklarda dört we ulyýaşar bedewler öz aralarynda güýç synanyşdylar. Şonda 1800 metr aralygy 2 minut 13,28 sekuntda geçen Sumbar --2 ýeňiş gazandy. 2000 metr aralyk boýunça geçirilen çapyşykda Garlawaç (2 minut 23,76 sekunt) pellehandan birinji bolup geçmegi başardy.