Ï Türkmen sporty hemmelere elýeterdir
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen sporty hemmelere elýeterdir

view-icon 759
Milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy netijesinde biziň ýurdumyzda köpçülikleýin sport hereketi giň gerime eýe bolýar. Bu sport ýaryşlaryna diňe bir sagdyn adamlar däl, sagdynlyk mümkinçilikleri çäklendirilen adamlar hem uly höwes bilen gatnaşýarlar. Şunuň ýaly ýaryşlaryň biri paýtagtymyzyň “Olimp” sport mekdebinde hem geçirildi. Bu ýerde kerlik boýunça maýyplaryň arasynda Türkmenistanyň futbol çempionatynyň jemleýji oýunlary boldy. Aýlawlaýyn geçen duşuşyklaryň dowamynda Aşgabat şäheriniň maýyplarynyň bedenterbiýe-sport klubunyň we Ahal welaýatynyň birleşen topary ýeňiş gazandy.

Çempionaty Türkmenistanyň maýyplarynyň bedenterbiýe-sport klubunyň merkezi gurady. Ýaryşyň esasy maksady fiziki mümkinçilikleri çäkli adamlary soňra olaryň sagalyp gitmekleri üçin sport türgenleşiklerine çekmekden ybaratdyr.

Hasap boýunça 18-nji gezek geçirilýän häzirki çempionat beýlekilerden tapawutlandy. Bu çempionatda ilkinji gezek göçme kubok döredildi.

Bu bedenterbiýe-sport klubunyň topary indi birnäçe ýyl bäri milli derejedäki ähli ýaryşlaryň ýeňijisi bolup gelýär. Ýöne geçen ýylky ýaryşda Mary welaýatynyň bedenterbiýe-sport klubunyň topary ýeňiji boldy. Bu ýyl bolsa Aşgabat şäheriniň we Ahal sebitiniň futbolçylary ýene-de birinji oruny özlerine gaýtaryp aldylar. Murgap jülgesiniň türgenleri ikinji orny, lebaply türgenler bolsa üçünji orny eýelediler.

Ýeňijiler we baýrakly orunlary eýelänler medallar, hormat hatlary hem-de gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglandy. Şeýle-de ýaryşyň iň oňat oýunçylary yglan edildi we ýörüte sylaglar bilen sylaglanyldy.

Iýun aýynyň 12-sinden 16-sy aralygynda paýtagtymyzda körler boýunça maýyplaryň arasynda küşt we şaşka oýny boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçiriler. Oňa sportuň bu görnüşi boýunça ýurdumyzyň ähli sebitlerinden iň oňat wekiller gatnaşar.