Ï Türkmenistanyň Prezidenti Bütindünýä bankynyň Ýewropa we Orta Aziýa sebiti boýunça wise-prezidentini kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Bütindünýä bankynyň Ýewropa we Orta Aziýa sebiti boýunça wise-prezidentini kabul etdi

view-icon 734
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Maliýe ulgamynyň globallaşmagy we durnukly ösüşiň sebitara ölçegleri” atly halkara maslahatyna gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna gelen Bütindünýä bankynyň Ýewropa we Orta Aziýa boýunça wise-prezidenti jenap Filipp Le Ueruny kabul etdi.

Döwlet Baştutanymyza ýüzbe-ýüz duşuşyk üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirmek bilen, myhman Bütindünýä bankynyň dünýä giňişliginde jogapkärli we ygtybarly hyzmatdaş hökmünde ykrar edilen Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmäge uly gyzyklanma bildirýändigini aýtdy. Bütindünýä bankynyň wise-prezidenti biziň ýurdumyza saparynyň maksady barada aýtmak bilen, milli Liderimiziň ertir Aşgabatda açylýan we sebitleýin hem-de ählumumy ölçeglerde durnukly ykdysady ösüşiň möhüm meselelerine bagyşlanan halkara çäresiniň geçirilmegi hakyndaky başlangyjynyň öz wagtynda öňe sürlendigini we aýratyn wajyp ähmiýete eýedigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň we rowaçlygyň maksatlaryna laýyk gelýän giň halkara hyzmatdaşlyk ugruna eýermek bilen, Türkmenistan häzirki zamanyň derwaýys meseleleriniň çözgüdini tapmakda işjeň orny eýeleýär we bu ugurda anyk hem-de yzygiderli çäreleri durmuşa geçirýär diýip belledi.

Şu jähetden dünýä ykdysadyýetiniň globallaşmagynyň meselelerine bagyşlanylan wajyp halkara maslahatyň ähmiýetini bellemek bilen, myhman wekilçilikli duşuşygyň türkmen paýtagtynda geçirilmegi Türkmenistana uly hormat goýulýandygynyň, halkara hyzmatdaşlygynda türkmen Lideriniň ýöredýän açyklyk syýasatynyň ykrar edilýändiginiň, daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ägirt uly ykdysady kuwwata eýe bolan Türkmenistana barha artýan gyzyklanmasynyň subutnamasydyr diýip nygtady.

Şunuň bilen baglylykda jenap Filipp Le Ueru hormatly Prezidentimiziň BMG-niň, şol sanda beýleki abraýly halkara guramalaryň düzüminde geçirilýän maslahatlarda durmuş ulgamynyň ähli ugurlary boýunça, hususan-da, ekologiýa ýagdaýyny has-da sagdynlaşdyrmak babatda öňe sürýän oňyn başlangyçlarynyň dünýä jemngyýetçiligi tarapyndan giň goldawa eýe bolýandygyny belledi. Myhmanyň aýdyşy ýaly, şunuň ýaly asylly başlangyçlaryň we netijeli teklipleriň umumy adamzat durmuşynyň abadançylygyna gönükdirilýändigi has-da bellärliklidir. Türkmenistanyň ykdysady görkezijileriniň sazlaşykly ösýändigini, ýurduň ägirt uly tebigy serişdeler mümkinçiliklerini nazara alanyňda bolsa, siziň ýurduňyz bilen hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirýän döwletleriň, düzümleriň we iri kompaniýalaryň sanynyň artýandygy kanunalaýyklykdyr diýip, myhman nygtady.

Milli Liderimiz biziň ýurdumyzyň iri halkara maliýe guramalary, şol sanda bilelikldäki işiň netijesinde oňyn tejribe toplan Bütindünýä banky bilen netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge meýillidigini tassyklap, özara peýdaly we uzak möhletleýin esasda ýola goýulýan işjeň gatnaşyklaryň ykdysady ösüşiň kepilidigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz we myhman duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça işjeň pikir alyşdylar hem-de Türkmenistanda amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmeleriň jähedinden uzak geljegi nazarlaýan netijeli gatnaşyklary nazara almak bilen hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Jenap Filipp Le Uerunyň belleýşi ýaly, Bütindünýä banky milli ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak, bank-maliýe düzümini döwrebaplaşdyrmak boýunça Türkmenistanyň durmuşa geçirýän strategiýasyny doly goldaýar we ýurduň ösüşiň täze öňdäki hatarlaryna çykmagyna gönükdirilen meýillerine hemmetaraplaýyn ýardam bermäge taýýardyr.

Şeýle hem ählumumy häsiýetdäki möhüm ykdysady meseleleriň deňeçer çözgüdiniň işlenip taýýarlanylmagyny şertlendirýän we netijeli pikir alyşmalar üçin açyk binýat bolup hyzmat etjek halkara maslahatynyň gün tertibiniň meseleleri şu duşuşygyň dowamynda özara söhbetdeşligiň özenini düzdi.

Bütindünýä bankynyň wise-prezidenti Aşgabat maslahatynyň ählumumy abadançylygyň hatyrasyna ýola goýulýan netijeli halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek işine oňyn itergi berjekdigine, dünýäniň ykdysady-maliýe ulgamyndaky ýagdaýlaryň ara alnyp maslahatlaşylmagy bilen bir hatarda, Türkmenistanyň maýa goýum syýasatynyň dünýäniň ykdysady ösüşine täsiri babatda onuň tejribesiniň dünýä jemgyýeitçiligi trapapynldan işjeň öwreniljekdigine ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we myhman hoşlaşanlarynda Türkmenistanyň hem-de Bütindünýä bankynyň arasyndaky özara peýdaly hyzmatdaşlygyň, şol sanda täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek babatda ýola goýulýan gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy hem-de giňeldilmegi barada aýtdylar.