Ï Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Ýerine Ýetiriji Komitetiniň Başlygyny kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Ýerine Ýetiriji Komitetiniň Başlygyny kabul etdi

view-icon 722
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine Ýetiriji Komitetiniň Başlygy – Ýerine Ýetiriji sekretary Sergeý Lebedewi kabul etdi. Ol GDA-nyň hökümet baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna geldi.

GDA-nyň çäklerinde bu ähmiýetli duşuşygy taýýarlamaga berlen uly goldaw üçin hoşallyk bildirip, myhman Türkmenistan Arkalaşykda döwletara gatnaşyklar meselelerine işjeň çemeleşmäni görkezýär diýip belledi. Şu ýyl GDA-da başlyklyk etmek bilen türkmen döwleti Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda netijeli gatnaşyklara tarap kesgitlenen ugra üýtgewsiz eýerýär hem-de Arkalaşygyň giňişliginde açyk we deňhukukly gatnaşyklara öz gyzyklanmasyny iş ýüzünde tassyklaýar diýip, Sergeý Lebedew aýtdy. Türkmenistanyň bu ugry we türkmen Lideriniň döredijilikli başlangyçlary GDA-nyň agzasy bolan ähli ýurtlaryň doly goldawyna eýe bolýar. Şol başlangyçlar häzirki zaman ýagdaýlaryny we ähli taraplaryň milli bähbitlerini nazara almak bilen netijeli gatnaşyklary giňeltmäge gönükdirilendir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerindäki hyzmatdaşlyk biziň ýurdumyzyň daşary syýasy strategiýasynyň kesgitleýji ugurlarynyň hatarynda durýar diýip belledi. Arkalaşygyň erkin agzasy bolmak bilen Türkmenistan GDA-nyň ýurtlary bilen giň gatnaşyklar syýasatyny amala aşyrýar we özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek bilen bagly meselelerde işjeň orny eýeleýär. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistan geljekde hem şu derejede arkalaşygyň işlerine işjeň gatnaşmak bilen, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşdäki netijeli gatnaşyklary ösdürmegi göz öňünde tutýar.

Duşuşygyň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we myhman GDA-nyň hökümet baştutanlarynyň Geňeşiniň ertir geçiriljek mejlisiniň gün tertibiniň esasy meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Arkalaşygyň giňişliginde hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary boýunça pikir alyşmagyň çäklerinde söwda-ykdysady ulgamy, täze maglumat beriji tehnologiýalary ösdürmek ugry, obasenagat toplumy, däbe öwrülen medeni-gumanitar gatnaşyklary giňeltmek we beýlekiler ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezildi. Şeýle hem ulag-aragatnaşyk we energetika ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň giň mümkinçilikleriniň bardygy bellenildi, bu ugurlarda Türkmenistana birnäçe möhüm halkara başlangyçlar degişlidir.

Milli we umumy bähbitleriň oňaýly deňagramlylygyna esaslanan deňhukukly hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk babatda biziň ýurdumyzyň nukdaýnazaryny beýan etmek bilen, türkmen Lideri Bitarap Türkmenistanyň gyzyklanma bildirýän ähli taraplar bilen hyzmatdaşlyk etmäge ygrarlydygyny tassyklady we GDA-nyň çäklerinde netijeli gatnaşyklaryň dowam etdirilmegi barada pikir aýtdy.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine Ýetiriji Komitetiniň Başlygy – Ýerine Ýetiriji sekretary Aşgabat duşuşygynyň jemleriniň GDA-nyň giňişliginde hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek üçin ygtybarly binýat, däbe öwrülen dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny, ynanyşmak we özara düşünişmek ýagdaýyny berkitmek işine goşant bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirdiler.