Ï Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministrini kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministrini kabul etdi

view-icon 557
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow GDA-nyň hökümet baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministri Akil Akilowy kabul etdi.

Duşuşygyň çäklerinde döwletara hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, myhman Türkmenistanyň Baştutanyna Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň mähirli salamyny gowşurdy. Ol öz türkmen kärdeşine iň gowy arzuwlaryny ýollapdyr. Bellenilişi ýaly, iki doganlyk halklaryň dostlugy wagtyň synagyndan mynasyp geçdi we netijeli gatnaşyklaryň köp ýyllyk tejribesi bilen berkidildi.

Döwlet Baştutany öz gezeginde täjik liderine iň gowy arzuwlaryny ýollap, Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasy bilen hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge we pugtalandyrmaga uly ähmiýet berýändigini belledi, biz şol hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen türkmen we täjik halklarynyň öňden gelýän dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk däplerine, halkara işlerinde parahatçylyk söýüjilik hem-de ynsanperwerlik ýörelgelerinde özara ygrarlydygymyza daýanýarys.

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde köp görnüşli netijeli gatnaşyklary ýola goýmakda Bitarap Türkmenistanyň oňyn çemeleşmesine ýokary baha bermek bilen, myhman täjik tarapynyň türkmen Lideriniň bütin dünýä we anyk alnanda Orta Aziýa sebiti üçin aýratyn möhüm ähmiýete eýe bolan energetika howpsuzlygyny üpjün etmek, ekologiýa, ulag ulgamyny ösdürmek babatda öňe sürýän başlangyçlaryny hemmetaraplaýyn goldaýandygyny aýtdy.

Türkmenistanyň we Täjigistanyň halkara we sebitleýin syýasatyň esasy meselelerine umumy çemeleşmelerini, şeýle hem soňky ýyllarda esasy ugurlaryň birnäçesinde, ilkinji nobatda, söwda-ykdysady we energetika ulgamlarynda netijeli hyzmatdaşlygy berkitmäge we hemmetaraplaýyn giňeltmäge bolan durnukly islegiň bardygyny kanagatlanmak bilen belläp, Türkmenistanyň Prezidenti we myhman bar bolan mümkinçilikleri, milli bähbitleri we döwlet ösüşiniň ileri tutulýan wezipelerini nazara almak bilen guralýan netijeli türkmen-täjik gatnaşyklarynyň has-da giňeldiljekdigine ynam bildirdiler.

Elektrik energetikasy ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçilikleri, şeýle hem möhüm düzümleýin taslamalara – Owganystanyň üsti bilen gaz geçirijisini we demir ýoly gurmaga degişli meseleler ara alyp maslahatlaşmagyň aýratyn meselesi boldy, olaryň diňe bir Türkmenistan we Täjigistan üçin däl, eýsem, tutuşlygyna alnanda, bütin sebit üçin ähmiýeti bolar.

Myhman hoşlaşanlarynda ak mermere örtülen türkmen paýtagtyna örän haýran galýandygyny beýan etdi. “Meniň soňky saparymdan bäri geçen bäş ýylyň içinde Aşgabat tanalmaz derejede özgeripdir. Siziň ajaýyp şäheriňize bütin dünýäde taý ýokdygyna aşgabatlylar buýsanmalydyrlar” diýip, Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministri Akil Akilow aýtdy.