Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow GDA agza ýurtlaryň hökümet baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna gelen Gyrgyz Respublikasynyň Premýer-ministri Ömürbek Babanowy kabul etdi.
Duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, dostlukly ýurduň hökümet baştutany Ömürbek Babanow hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Almazbek Atambaýewiň iberen mähirli sözlerini we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Belent mertebeli myhman Arkalaşygyň agzalary bolan döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini Aşgabatda ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Türkmen döwletiniň Baştutany hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentine we ähli doganlyk gyrgyz halkyna üstünlik we abadançylyk baradaky iň gowy arzuwlaryny aýtdy.
Duşuşygyň barşynda söhbetdeşler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýagdaýy we geljegi, Türkmenistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň mümkinçiliklerini hem-de milli ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny nazara almak bilen, söwda-ykdysady döwletara gatnaşyklaryny giňeltmegiň geljegi barada pikir alşyp, ähli ugurlar boýunça netijeli türkmen-gyrgyz hyzmatdaşlygyny ösdürmäge iki tarapyň hem çalyşýandygyny we gyzyklanýandygyny bellediler.
Hususan-da, taraplar hyzmatdaşlyk etmek boýunça ikitaraplaýyn hökümetara toparynyň döredilmeginiň zerurdygyny belläp, şeýle derejede ýakyndan döwletara gatnaşyklarynyň ýola goýulmagy iki ýurduň ykdysadyýeti üçin bilelikdäki has möhüm çäreleri jikme-jik kesgitlemäge we özara bähbitli hyzmatdaşlygy hakykat ýüzünde durmuşa geçirmäge ýardam berjekdigini nygtadylar. Ýakyn taryhy-medeni däpleri bolan iki ýurduň we halklaryň arasynda ynsanperwer gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmegiň möhümdigi hem nygtaldy.
Söhbetdeşligiň barşynda GDA-nyň we BMG-niň çäklerinde hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Energetika howpsuzlygyny üpjün etmek,Ýewraziýa giňişliginde üstaşyr ulag gatnawlaryny ösdürmek, ekologiýa ulgamy, hususan-da, howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleleri çözmek köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň hatarynda agzaldy.
Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Gyrgyz Respublikasynyň Premýer-ministri Ömürbek Babanow iki dostlukly ýurduň arasyndaky özara hormat goýmak we dostlukly ýörelgelerde guralýan hyzmatdaşlygyň döwrüň talabyna laýyk gelýän täze derejä çykjakdygyna ynam bildirdiler.