Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň bäş aýynda durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň jemlerine, birnäçe resminamalaryň taslamalaryna, şeýle hem döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere seredildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi açyp we oňa gatnaşyjylara ýüzlenip, şu gün ýurdumyzda Çagalary goramagyň halkara gününiň döwlet derejesinde bellenilýändigini aýtdy. Ösüp barýan ýaş nesilleriň uly alada we üsn bilen gurşalmagy, olara mynasyp terbiýäniň hem-de döwrebap bilimiň berilmegi türkmen halkynyň gadymdan gelýän asylly däpleriniň biridir. Biz häzirki döwürde şol asylly däplerden ugur alyp, çagalarymyzyň bagtyýar durmuşy, olaryň oňat okamaklary we doly derejeli dynç almaklary üçin ähli zerur bolan şertleri döredýäris diýip, milli Liderimiz belledi. Ýurdumyzda multimediýa enjamlary bilen üpjün edilen köp sanly, döwrebap mekdepleriň, çagalar baglarynyň, çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezleriniň we sport desgalarynyň gurluşyklary yzygiderli alnyp barylýar diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi.
Şu gün Gökderede häzirki zaman talaplaryna doly laýyk gelýän müň orunlyk “Nesil” çagalar sagaldyş-dynç alyş merkeziniň açylýandygyny bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz munuň özi geljegimiz bolan ýaş nesilleri hakynda döwletimiziň yzygiderli alada edýändiginiň ýene-de bir subutnamasydygyny aýtdy.
Biz indi Türkmenistan bagtyýar çagalygyň we belent arzuwlaryň hasyl bolýan ýurdudyr diýip, ynam bilen aýdýarys, şeýle hem men ýaşajyk türkmenistanlylara berk jan saglyk, bagtly durmuş, olaryň döwrebap bilim almaklaryny, boş wagtlaryny peýdaly hem-de gyzykly geçirmeklerini, iň esasy bolsa olaryň zähmetsöýer adamlar bolup ýetişmeklerini, mähriban Watanymyzyň we halkymyzyň merdana ogullary bolmaklaryny arzuw edýärin diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Milli Liderimiz mejlisiň gün tertibine geçmek bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň Iş dolandyryjysy H.Muhammedowa söz berdi.
Ilki bilen mejlisde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Iş dolandyryjysy H.Muhammedow edilen işler barada hasabat bermek bilen, döwlet dolandyryş ederalarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada aýtdy. Şeýle hem ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň düzümine we işgärleriniň sanawyna üýtgetmeleri girizmek bilen bagly mesele barada habar berildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, şol düzümleriň işiniň göwnejaý guralmagyna degişli ähli meselelere yzygiderli gözegçilik etmegi hem-de olaryň öz wezipelerini dolulygyna we netijeli ýerine ýetirmegini üpjün etmek boýunça çäreler görmegi tabşyrdy. Galyberse-de, döwlet Baştutany döwrebap usullardan we öňdebaryjy tehnologiýalardan işjeň peýdalanmagyň zerurdygyny belläp, öňde goýlan wezipäniň utgaşdyrylyp, gijikdirilmän berjaý edilmeginiň möhümdigini aýtdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýew şu ýylyň bäş aýynda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň netijeleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, hasabat döwri makroykdysady görkezijileriň ýokary bolmagy we jemi içerki önümiň durnukly ösüş depgini bilen häsiýetlendirilýär. Umuman, gazanylan üstünlikler ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň okgunly we durnukly ösýändigine we häzirki wagtda Türkmenistanyň Prezidentiniň türkmen döwletini gülledip ösdürmäge we türkmenistanlylaryň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmaga gönükdirilen milli maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmek üçin ähli şertleriň bardygyna şaýatlyk edýär.
Mysal üçin, senagat we gurluşyk ulgamlarynda, söwdada, ulag we aragatnaşyk pudaklarynda gazanylan ýokary netijeleriň hasabyna jemi içerki önümiň ösüş depgininiň ýokary bolmagy üpjün edilýär, bu görkeziji 110,9 göterime barabar boldy.
Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende bölek söwda haryt dolanyşygynyň möçberi 14,7 göterim artdy. Daşary söwda dolanyşygynyň möçberiniň ösüş depgini 1,5 esse ýokarlandy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende ilata edilýän tölegli hyzmatlar 14,5 göterim artdy.
Wise-premýer ýurdumyzyň Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi barada hasabat berip, şu ýylyň ýanwar-maý aýlarynyň deslapky jemleri boýunça Döwlet býujetine tölenilmeli salgytlaryň ähli görnüşleri boýunça meýilnamanyň doly ýerine ýetirilendigini aýtdy. Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 117 göterim, çykdajy bölegi bolsa 94,1 göterim ýerine ýetirildi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende girdejiler 62,3 göterim we çykdajylar 40,4 göterim artdy.
Hasabat döwründe Türkmenistanyň ykdysadyýetinde ortaça aýlyk zähmet haky geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 10,8 göterim ýokarlandy.
2012-nji ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna ýurdumyzda özleşdirilen düýpli maýa goýumlarynyň möçberi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 39,9 göterim ýokarlandy.
Hasabatyň çäklerinde hökümet Baştutanynyň orunbasary Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Sebitleýin meýilnamalaşdyryş geňeşiniň nobatdaky 22-nji maslahatyny 11-13-nji iýunda Aşgabat şäherinde geçirmäge görülýän taýýarlyk barada habar berdi. Bellenilişi ýaly, forumyň işine Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna gatnaşýan ýurtlaryň maliýe we býujet edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşarlar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşine kanagatlanma bildirip, geljekde hem halk hojalygynyň ähli pudaklarynda ýokary görkezijileri üpjün etmek üçin ähli çäreleri görmegiň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz öňde goýlan wezipeleri çözmäge toplumlaýyn çemeleşmegiň möhümdigini nygtap, bu babatda anyk tabşyryklary berdi.
Milletiň Lideri dünýäniň ähli ýurtlary bilen, şol sanda esasy halkara guramalarynyň çäklerinde özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek meseleleriniň türkmen döwletiniň daşary syýasat strategiýasynda möhüm orun eýeleýändigini belläp, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Sebitleýin meýilnamalaşdyryş geňeşiniň öňümizdäki mejlisiniň ähmiýetini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda geçiriljek duşuşygyň ýokary derejede guralmagyny üpjün etmek babatda anyk tabşyryklary berdi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow şu ýylyň bäş aýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ýurdumyzyň daşary syýasatyny amala aşyrmak bilen baglylykda, DIM-niň işiniň netijeleri barada hasabat berdi. Şonda Bitarap Türkmenistanyň giň halkara hyzmatdaşlygyna esaslanýan strategiýa ygrarly bolmak arkaly, dünýäniň köp sanly döwletleri bilen netijeli syýasy gepleşigi hem-de söwda-ykdysady we gumanitar medeni gatnaşyklary üstünlikli ösdürýändigi bellenildi. Ýurdumyz şol hyzmatdaşlygyň geografiýasyny yzygiderli ýagdaýda giňeltdi, onuň many-mazmunyny baýlaşdyrmak arkaly, özüniň parahatçylyk we döredijilik mümkinçiliklerinden peýdalanýar.
Hasabat döwründe Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary ýurtlara birnäçe saparlary amala aşyryldy, bular däbe öwrülen dostlukly döwletara gatnaşyklaryny we özara peýdaly hyzmatdaşlygy ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn görnüşde ösdürmegiň we giňeltmegiň ýolunda möhüm ädime öwrüldi. BMG bilen hyzmatdaşlyk hem-de abraýly halkara we sebit derejesindäki guramalar hem-de düzümler bilen özara arkalaşykly hereket sazlaşykly häsiýetde ösdürilýär. Mälim bolşy ýaly, geçen hepdede Aşgabatda GDA ýurtlarynyň hökümetleriniň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi bolup geçdi, şonda Türkmenistan bu mejlisi 2012-njy ýylda Arkalaşykda başlyklyk edýän ýurt hökmünde geçirdi.
Şu ýylyň geçen bäş aýynda Türkmenistan halkara derejeli çäreleriň birnäçesi geçirildi, şol çäreler dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni çekip, uly gyzyklanma döretdi hem-de dürli ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ýolunda täze ädimlere öwrüldi. Maý aýynda ýurdumyzda “Musulman dünýäsinde bosgunlar”, “Orta Aziýada we Hazar deňziniň sebitinde ulag hem-de üstaşyr gatnawlaryň ösüşiniň geljegi”, “Maliýe ulgamynyň globallaşmagy we durnukly ösüşiň sebitara ölçegleri” atly uly möçberli çäreleriň birnäçesi, Türkmenistanyň III Halkara gaz kongresi geçirildi.
Şeýle hem ýanwar-maý aýlarynda Türkmenistana daşary ýurt wekiýliýetleriniň 275-siniň gelmegi daşary ýurtly hyzmatdaşlyk bilen gatnaşyklaryň sazlaşykly ösdürilýändigine güwä geçýän görkezijidir. Şol bir wagtyň özünde ýurdumyzyň wekiliýetleriniň 272-si daşary ýurtlarda boldy. Daşary işler ministrlikleriň arasynda syýasy geňeşmeleriň 16-sy, hökümetara toparlarynyň mejlisleriniň 5-si geçirilip, bularyň işi ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegine gönükdirilendir.
Hasabat bermegiň barşynda, wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy 5-7-nji iýunda Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň agzalary bolup durýan döwletleriň baştutanlarynyň Geňeşiniň 12-nji mejlisine gatnaşmak üçin HHR-e Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň iş saparyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.
Şeýle hem “Kämillik ýaşyna ýetmedikleriň işi barada adyl kazyýetlik ulgamyny ösdürmek boýunça Türkmenistanyň baş maksatnamasyny tassyklamak hakyndaky” Kararyň taslamasy barada aýdyldy. Bu maksatnamanyň taslamasynyň ýurdumyzyň degişli düzümleriniň we edaralarynyň işjeň ýagdaýda gatnaşmagynda UNISEF bilen bilelikde Türkmenistanyň döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlary we şu ugur boýunça halkara hukugynyň hemmeler tarapyndan ykrar edilen kadalaryny göz öňünde tutmak arkaly işlenip taýýarlanandygy bellenildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň geljekde-de giň halkara hyzmatdaşlygyna esaslanýan strategiýany yzygiderli ýagdaýda durmuşa geçirjekdigini, häzirki döwürde tutuş adamzady tolgundyrýan derwaýys meseleleriň oýlanyşykly çözgetleriniň işlenip taýýarlanmagy ugrundaky tagallalaryň jemlenmegine hemmetaraplaýyn ýardam berjekdigini belläp, ýurdumyzyň gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ählisi bilen özara arkalaşykly hereket edilmegine gönükdirilen ugra ygrarlydygyny tassyklady.
Milletiň Lideri Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň geçiriljek sammitine degişli mesele barada durup geçip, türkmen tarapynyň şunuň ýaly duşuşyklara yzygiderli gatnaşmagynyň Türkmenistanyň iri halkara guramalary bilen oňyn gatnaşyklarynyň giňeldilmegine hem-de döwletara derejesindäki özara peýdaly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna ýardam berýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda,
hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow däbe öwülen dostlukly tükmen-hytaý gatnaşyklarynyň ýokary derejä ýetirilendigini hem-de has giňden ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belledi.
Döwlet Baştutany “Kämillik ýaşyna ýetmedikleriň işi barada adyl kazyýetlik ulgamyny ösdürmek boýunça Türkmenistanyň baş maksatnamasyny tassyklamak hakyndaky” Karara gol çekip, bu resminamanyň ýurdumyzda kazyýet önümçiligini asyrlar boýy türkmen halkyna mahsus bolan ynsanperwerligiň ýörelgeleri hem-de halkara hukugy boýunça ählumumy ykrar edilen kadalary göz öňünde tutmak esasynda mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň ýolunda möhüm ädime eýe bolup durýandygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hayýr-sahawatlylygyň, adama uly sarpa goýmagyň we ynsanperwerligiň milletimiziň esasy gymmailyklary bolup durýandygyny aýdyp, olaryň häzirki dşöwürde demokratik, hukuk döwletiniň ýörelgelerine gyşarnyksyz eýerýän Türkmenistanyň ýöredýän syýsatynda öz beýanyny tapýandygyny aýtdy.
Türkmenistan ruhy we beden taýdan sagdyn nesliň ösdürilip ýetişdirilmegine, çagalaryň we ýaşlaryň abadançylygyna degişli meseleler aýratyn üns berip, BMG-niň hukuk baradaky esasy resminamalaryna, şol sanda Çaganyň hukuklary hakyndaky konwensiýa goşuldy hem-de şu ugurda toplumlaýyn we maksada laýyk işler amala aşyrýar. Döwlet Baştutany bu barada aýtmak bilen, ýaş türkmenistanlylaryň watançylyga, tutuş türkmen jemgyýetiniň belent ahlak-ruhy milli we umumy adamzat gymmatlyklaryna mahsus ruhda terbiýelenilmegine gatnaşmagyň zerurdygyny aýtdy.
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň kämillik ýaşyna ýetmedikleriň hukuklaryny kesgitleýän ýörelgelerini ugur edinmek arkaly taýýarlanan Baş maksatnamanyň ugurlary barada durup geçip, onuň yzygiderli ýagdaýda durmuşa geçirilmeginiň zerurdygyny belledi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Nurmyradowa özüniň gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň 5 aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, şol sanda medeniýet edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, neşir we kino önümlerini çykarmak, täze teatr eserlerini we sergilerini taýýarlamak bilen baglanyşykly işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, hasabat berilýän döwürde umumymilli baýramçylyklara we milli senenamamyzyň şanly senelerine bagyşlanan köp sanly çäreler, şol sanda sergiler, konsertler, teatr çykyşlary we beýleki dabaralar guraldy. Daşary ýurtlar bilen hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegi, gumanitar ulgamdaky gatnaşyklaryň ösdürilmegi halkara derejesindäki birnäçe çärleriň geçirilmegini şertlendirdi. Hasabat döwründe Aşgabatda Eýran Yslam Respublikasynyň, Belarus Respublikasynyň, Tatarystan Respublikasynyň Medeniýet günleri, şeýle hem Özbegistanda Türkmenistanyň kino günleri geçirildi. Öz gezeginde Türkmenistanyň Medeniýet günleri Awstriýa Respublikasynda we Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynda üstünlikli geçdi.
Türkmen medeniýetiniň işgärleri we sungat ussatlary Koreýa Respublikasynyň Ýosu şäherine “EKSPO-2012” Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň milli bölüminiň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin iberildi. Aprel aýynda Aşgabatda “Bagtyýar döwrüň teatr sungaty” atly Halkara festiwaly geçirildi. Oňa dünýäniň 11 ýurdundan wekiller gatnaşdylar. Türkmenistanyň döredijilik işgärleriniň wekiliýeti Eýran Yslam Respublikasynyň Gülüstan welaýatynda boldy. Şol ýerde 18-nji maýda türkmen edebiýatynyň beýik nusgawy şahyrlaryna—Magtymguly Pyraga we Döwletmämmet Azada bagyşlanan dabara geçirilidi, şeýle hem olaryň aramgählerine zyýarat edildi.
Ýurdumyzda geçirilýän çäreleriň hatarynda Türkmenistanyň şu ýyl GDA başlyklyk etmeginiň çäklerinde 30-njy aprelde Mary welaýatynyň merkezinde Mary şäherine 2012-nji ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň medeni merkezi diýen derejäniň berilmegi mynasybetli dabara guraldy. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer 6-njy iýunda Maryda “Gadymy Merw -- dünýä medeniýetiniň ojagy” atly Halkara maslahatynyň geçirilmegine görülýän taýýarlyk barada habar berdi. Bellenilişi ýaly, bu çärä gatnaşmak üçin daşary ýurtlardan alymlar topary geler. Gadymy Merw olar üçin düýpli ylmy barlaglaryň merkezi bolup durýar.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, medeniýet ulgamynda geçirilýän dürli çäreleriň, şeýle hem ýurduň dünýä giňişligindäki abraýynyň ýokarlanmagyny, Türkmenistanyň köp müň ýyllyk şöhratly taryhynyň we medeniýetiniň mundan beýläk-de içgin öwrenilmegini we onuň asyrlaryň dowamynda medeniýetleriň özara baglanyşygy ulgamyndaky ähmiýetiniň ýokarlanmagyny şertlendirýän halkara forumlarynyň aýratyn gymmatlydygyny belledi.
“Gadymy Merw—dünýä medeniýetiniň ojagy” atlý halkara maslahaty barada aýdylanda bolsa, türkmen halkynyň baý medeni hem-de ruhy mirasynyň dünýä ýüzünde wagyz edilmegi ýurdumyzyň medeniýetiniň we sungatynyň mundan beýläk-de ösdürilmegi, baýlaşdyrylmagy, dünýäniň dürli halklary bilen dostluk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagy üçin kuwwatly itergi berer diýip bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Maryda geçiriljek halkara forumynyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigi barada wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň bäş aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri hem-de oba hojalyk işleriniň ýerine ýetirilişi, şol sanda ýurdumyzyň ekin meýdanlarynda ýaýbaňlandyrylan galla oragynyň barşy we gowaçalara ideg edilişi barada hasabat berdi.
Hususan-da, önümçiligiň umumy möçberi babatda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende ösüş depgininiň Oba hojalyk ministrligi boýunça 109,3 göterime, “Türkmengallaönümleri” assosiasiýasy boýunça 136,5 göterime, Azyk senagaty assosiasiýasy boýunça 103,5 göterime barabar bolandygy bellenildi. Mysal üçin, çörek we çörek önümleriniň öndürilişi 3,7 göterim, unaş önümleriniň çykarylyşy 6,6 göterim, süýdüň öndürilişi 2,4 göterim, ösümlik ýagynyň öndürilişi 2,3 göterim ýokarlandy.
Hasabatyň çäklerinde döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Oba hojalyk ministrliginiň ýanyndaky Döwlet weterinariýa gullugynyň işini dünýä ölçeglerine laýyklykda ýola goýmak boýunça durmuşa geçirilmeli çäreleriň meýilnamasyny tassyklamak hakyndaky buýrugyň taslamasy hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hödürlenen resminamany makullap we oňa gol çekip, Döwlet weterinariýa gullugynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň möhümdigini nygtady. Munuň özi maldarçylyk pudagynyň okgunly ösmegine, oba hojalyk önümleriniň ähli görnüşleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmaga we degişlilikde ýurdumyzyň sarp ediş bazarynda azyk bolçulygyny döretmäge ýardam eder.
Döwlet Baştutanymyz galla oragynyň depginini gyşarnyksyz ýokarlandyrmagyň möhümdigini belläp, bugdaý oragyny öz wagtynda we ýokary hilli geçirmek boýunça ähli çäreleriň görülmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Bu möhüm oba hojalyk möwsüminiň netijeleri obasenagat toplumynyň esasy pudaklarynyň işiniň özboluşly görkezijisi bolar. Milletiň Lideri şeýle hem bol hasyl almak üçin gowaçalara we beýleki oba hojalyk ekinlerine ideg etmek boýunça agrotehniki çäreleriň öz wagtynda we ýokary hilli geçirilmeginiň möhümdigini belledi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew özüniň gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň 5 aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, bilim, ylym, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynyň desgalarynyň gurluşygy, olaryň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagy, şeýle hem ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň we mekdep okuwçylarynyň, ýurdumyzyň türgenleriniň halkara olimpiadalarynda we dürli bäsleşiklerinde gazanan netijeleri, täze neşirler hakynda hasabat berdi. Ylmy pudagyň işine degip geçmek bilen wise-premýer, hususan-da, hasabat berilýän döwürde halkara ylmy maslahatlarynyň 5-siniň, şol sanda halkara ekspedisiýanyň geçirilendigini habar berdi.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyza HHR-e şu ýylyň 4-9-njy iýuny aralygynda gadymy Hytaý lukmançylygynyň medeniýetini ösdürmegiň meseleleri boýunça ýokary derejedäki maslahata gatnaşmak üçin türkmen hünärmenlerini ugratmak hakyndaky buýrugyň taslamasy hödürlendi. Mundan başga-da, wise-premýer 3-13-nji iýunda biziň ýurdumyzyň we GDA agza ýurtlaryň çagalarynyň “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda dynç almagy, 9-njy iýunda Halkara çagalar festiwalynyň geçirilmegi bilen baglanyşykly meseleler barada aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, tomus dynç alyş möwsüminde, şol sanda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky çagalar sagaldyş merkezlerinde çagalaryň ýokary derejeli dynç alşyny guramagyň meselelerine aýratyn ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň körpe nesilleriniň, şeýle hem GDA ýurtlaryndan Türkmenistana gelýän çagalaryň doly derejede dynç almagy, saglyklaryny berkitmegi we sazlaşykly ösüşi üçin ähli zerur şertleriň döredilmelidigini belledi.
Hazaryň türkmen kenarynda Halkara çagalar festiwalyny geçirmek barada aýtmak bilen, milli Liderimiz onuň çagalaryň watansöýüjilik ruhunda terbiýelenmeginde, festiwala gatnaşyjy ýurtlaryň arasynda dostluk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagynda aýratyn ähmiýete eýedigini belledi we onuň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden beýan etmek babatda anyk tabşyryklary berdi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýegeleýew gözegçilik edýän pudaklarynyň işiniň netijeleri, şol sanda gurluşyk ulgamynda, gurluşyk materiallary senagatynda, şeýle hem elektroenergetika boýunça şu ýylyň geçen bäş aýynda gazanylan netijeler barada hasabat berdi. Lebap welaýatynda energiýany tygşytlamagyň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça görülýän çäreler barada aýdyldy.
Hususan-da, ýurdumyzyň Gurluşyk ministrligi boýunça geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde önümleri öndürmegiň ösüş depgini 115 göterime barabar bolup durýar.
Ýurdumyzyň Gurluşyk materiallary senagaty ministrligi boýunça 2012-nji ýylyň ýanwar-maý aýlarynda geçen ýylyň şu döwri bilen deňeşdireniňde ösüş depgini 100,7 göterime barabar boldy. Hususan-da, sement öndürmek boýunça görkeziji 114 göterime, sozulan metaly öndürmegyň görkezijisi 103,7 göterime ýetdi.
Türkmenistanyň Jemagat hojalygy ministrligi boýunça şu döwürde ýerine ýetirilen işler geçen ýyldaky bilen deňeşdireniňde 111 göterim möçberinde berjaý edildi.
2012-nji ýylyň ýanwar-maý aralygynda Aşgabat şäherinde býujete geçirilen girdejileriň ösüşi 109,4 göterime barabar boldy.
Ýurdumyzyň Energetika we senagat ministrligi boýunça geçen ýylyň degişli döwri deňeşdireniňde ösüş depgini 121,5 göterime deň boldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gurluşyk pudagynda önümçilige degişli görkezijileriň ösüş depgininiň sazlaşykly ýagdaýdadygyny belläp, Türkmenistanda halk hojalygynyň ähli pudaklaryny ösdürmek boýunça giň möçberli maksatnamalaryň ýokary depginde amala aşyrylmagynyň gurluşygyň depginini, gurluşyk materiallarynyň çykarylyşyny, ýerine ýetirilýän işleriň we hyzmatlaryň hiliniň ýokary bolmagyny hem-de olaryň bildirilýän talaplara we döwrebap standartlara laýyk gelmelidigini aýtdy. Milletiň Lideri has täze tehnologiýalary, ýokary netijeli enjamlary we tehnikany giňden ulanmak hem-de pudagy mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak bilen bagly wezipäni öňde goýdy.
Döwlet Baştutany elektroenergetikanyň milli ykdysadyýetiň esasy pudaklarynyň biri bolup durýandygyny belläp, ýurdumyzyň energetika syýasatynyň Türkmenistanyň senagatynyň, oba hojalygynyň we durmuş ulgamynyň hajatlarynyň dolulygyna kanagatlandyrylmalydygyny hem-de beýleki döwletlere ugradylýan energiýa serişdeleriniň möçberleriniň artdyrylmagyna gönükdirilendigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, milletiň Lideri Lebap welaýatynda energiýa serişdeleriniň tygşytlanmagynyň netijeliliginiň artdyrylmalydygyna, şol sanda energiýa desgalarynyň birnäçesiniň durkunyň täzelenilmelidigine we döwrebaplaşdyrylmalydygyna, önümçilige häzirki zaman energiýany tygşytlaýjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmalydygyna, şol tehnologiýalaryň welaýatyň elektrik energiýasy bilen üpjünçiliginiň ýokary derejä ýetirilmegine mümkinçilik berjekdigine ünsi çekdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary R.Seýitkulyýew gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň bäş aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berip, ulag-aragatnaşyk toplumynyň aýry-aýry pudaklary boýunça deslapky maglumatlary getirdi.
Mysal üçin, Demir ýol ulaglary ministrligi boýunça 2012-nji ýylyň ýanwar-maý aýlarynda edilen hyzmatlaryň ösüş depgininiň milli pulda 104,9 göterime we daşary ýurt pulunda 110,5 göterime deň bolandygy bellenildi. Daşalan ýükleriň möçberiniň we gatnadylan ýolagçylaryň sanynyň ösüş depgini degişlilikde 100,2 we 100,4 göterime barabar boldy.
Awtomobil ulaglary ministrligi tarapyndan milli we daşary ýurt pullarynda ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini degişlilikde 113,8 göterime we 112,1 göterime barabar boldy. Daşalan ýükleriň möçberiniň we gatnadylan ýolagçylaryň sanynyň ösüş depgini degişlilikde 101,5 göterime we 100,6 göterime deň boldy.
Aragatnaşyk ministrligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň möçberi milli pulda we daşary ýurt pulunda ösüş depgini degişlilikde 162,5 we 134,2 göterime barabar boldy. Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe ilatyň we guramalaryň ýokary hilli telefon (simli), radiotelefon we öýjükli aragatnaşyk hyzmatlaryna bolan isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen, ýurdumyzda 435 müňe golaý telefon nokady gurnalyp, meýilnama 205,8 göterim ýerine ýetirildi.
“Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugy boýunça hasabat döwründe awia hyzmatlar babatda ösüş depgini degişlilikde 100,3 göterime we 100,8 göterime barabar boldy.
Şeýle hem deslapky maglumatlara görä, Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy boýunça şu ýylyň ýanwar-maý aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň möçberiniň ösüş depgini milli we daşary ýurt pulunda degişlilikde 128,2 göterime we 124,5 göterime barabar boldy. Hasabat döwründe ýük daşamakda 134,7 göterime we ýolagçy gatnatmakda 111,7 göterime deň ösüş depgini üpjün edildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp we häzirki zaman ulag düzüminiň hem-de telekommunikasiýa babatda ýokary tehnologiýaly ulgamlaryň bolmagynyň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň hem-de üstünlikli halkara hyzmatdaşlygynyň möhüm şerti bolup durýandygyny belläp, bu pudaklary mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmagyň we olara iň täze tehnikalary, enjamlary we innowasion tehnologiýalary çekmegiň möhümdigine ünsi çekdi.
Döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda Türkmenistanda ulag-aragatnaşyk ulgamyny toplumlaýyn ösdürmäge we döwrebaplaşdyrmaga ägirt uly üns berilýändigini nygtap, onuň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, täze sepgitlere ýetmek, ýokary dünýä ülňülerini üpjün etmek boýunça gaýragoýulmasyz wezipeleri kesgitledi. Bäsdeşlige ukyply söwda flotuny, şeýle hem port we hyzmatlar düzümini döretmek wezipeleri bu işiň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Milletiň Lideri demir ýol, howa, awtomobil we suw ulaglaryndan peýdalanýan ýolagçylara ýokary hilli hyzmaty üpjün etmek meselesi barada durup geçip, şol hyzmatyň ilatyň ösýän isleglerine we häzirki günüň talaplaryna laýyk gelmelidigini nygtady. Hormatly Prezidentimiz wise-premýere ulag-aragatnaşyk ulgamyny ösdürmek, onuň geçirijilik ukybyny we ýurdumyzyň üstaşyr mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak boýunça guramaçylyk we maýa goýum çäreleriniň üstünde işlemegi tabşyrdy.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň bäş aýynda işleriň netijeleri barada hasabat berip, esasy görkezijiler boýunça sazlaşykly ösüşiň saklanýandygyny belledi.
Hususan-da, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça haryt dolanyşygynyň umumy möçberi 981 million 900 müň manada barabar bolup, geçen ýylyň degişli döwründäkisi bilen deňeşdirilende 104,3 göterime barabar möçberde ösüş depgini gazanyldy, şunda bölek-satuw dolanyşygy 15,6 göterim möçberinde artdy.
Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi boýunça bäş aýda umuman 456 million 400 müň manatlyk önüm öndürildi, önümçilik meýilnamasy 102,6 göterim möçberinde berjaý edildi. Nah ýüplüginiň öndürilişi boýunça has ýokary ösüş depgini gazanyldy. Şol döwürde 490 million 400 müň manatlyk önüm ýerlendi, munuň özi meýilnamanyň 115,8 göterim möçberinde ýerine ýetirilendigini aňladýar.
“Türkmenhaly” döwlet paýdarlar korporasiýasynyň kärhanalary ýanwar-maý aralygynda 17 müň inedördül metrden gowrak haly önümlerinii öndürdiler, önümçiligiň ösüş depgini 103 göterime barabar boldy. Şu döwürde 11 million 868 müň manatlyk önüm ýerlendi.
Döwlet haryt-çig mal biržasynda bäş aýyň jemleri boýunça eksporta degişli geleşikler 21 göterim artdy. Şu döwürde 46 million 735 müň manatlyk umumy girdeji alnyp, ösüş depgini 106,2 göterime ýetdi. Şunda daşary ýurt pulunda alnan girdejileriň möbçberi 27 göterim artdy, şeýle hem Söwda-senagat edarasyna degişli ugur boýunça daşary ýurt pulunda alnan girdejiler hem geçen ýylyň degişli döwründäkisine garanyňda 19,3 göterim köpdür.
Soňra wise-premýer 2-nji iýunda açyljak “Türkmenistanyň Dokma senagatynyň ýeten sepgitleri we geljegi” atly halkara sergisine we 3-nji iýunda onuň çäklerinde guraljak ylmy maslahata taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Dokma senagatynyň işgärleriniň gününe gabatlanyp geçirilýän bu wekilçilikli pudaklaýyn çärä ýurdumyzyň hünärmenlerinden başga-da, daşary ýurt kompaniýalarynyň 72-sinden 126 sany wekil gatnaşar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, dokma we söwda pudaklaryny ösdürmegiň maksatlarynyň, sarp edijileriň yzygiderli ýagdaýda artýan islegleriniň şu pudaklara degişli kärhanalaryň öňünde öndürilýän önümleriň hiliniň ýokarlandyrylmagy hem-de olaryň görnüşleriniň artdyrylmagy we haryt boýunça teklipleriň köpelmegi bilen bagly wezipeleriň durmuşa geçirilmegini talap edýändigini belledi. Milletiň Lideri sözüni dowam edip, Türkmenistanda öndürilen önümleriň eksporta ugradylýan möçberleriniň artdyrylmagyna badalga berýän göwnejaý şertleriň döredilmegi we höweslendirilmegi üçin ýurdumyzda önüm öndürijileriň tehnologik mümkinçilikleriniň derejesiniň ýokarlandyrylmalydygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany ýurdumyzda we onuň çäklerinden daşarda milli ykdysadyýetiň gazananlarynyň we mümkinçilikleriniň dünýä jemgyýetçiligine görkezilmegine, daşary söwda dolanyşygynyň artdyrylmagyna hem-de pudaga täze tehnologiýaryň we maýa goýumlarynyň çekilmegine ýardam berýän sergileriň geçirilmeginiň wajyp ähmiýete eýedigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow geçiriljek halkara maslahatynyň we Türkmenistanyň dokma senagatynyň gözden geçirilişiniň işine degişli meseleler barada durup geçip, şu ugurda-da pudagyň innowasion taýdan ösdürilmegine, bildirilýän islegiň we dünýä bazarynyň, bäsdeşlige degişli şertleriň öwrenilmegine gönükdirilen çemeleşmäniň esasy we maksatlaýyn ugra öwrülmelidigini aýdyp, serginiň çäklerinde önümçilikde tapawutlanan öňdebaryjylara döwlet Baştutanynyň adyndan gymmat bahaly sylaglary gowşurmagy tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow nebitgaz senagatynda, himiýa pudagynda we balyk hojalygynda şu ýylyň bäş aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri boýunça amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi.
Hususan-da, wise-premýer şu ýylyň ýanwar-maý aýlarynyň jemleri boýunça nebitiň gaz kondensaty bilen çykarylyşynyň ösüş depgininiň 108 göterime barabar bolandygyny habar berdi. Şunda “mawy ýangyjyň” daşary ýurtlara ugradylan möçberiniň ösüş depgini 121,9 göterime deň boldy.
Nebit önümlerini öndürmek ulgamynda awtoulag benzinlerini çykarmak babatda ýokary ösüş depgini üpjün edilýär. Benzinleriň öndürilişiniň ösüş depgini 108,5 göterime, dizel ýangyjynyň ösüş depgini 103,8 göterime, polipropileniň öndürilişiniň ösüş depgini 123 göterime we suwuklandyrylan gazyň öndürilişiniň ösüş depgini 134 göterime barabar boldy.
“Türkmenhimiýa” döwlet konserni boýunça hasabat döwründe fosfor dökünleriniň öndürilişiniň ösüş depgini 9,5 göterim, tehniki ýoduň öndürilişiniň ösüş depgini 2,8 göterim artdy.
Türkmenistanyň Döwlet balyk hojalygy komitetiniň kärhanalary hem önümleriň öndürilişini artdyrýarlar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, hökümet Baştutanynyň orunbasaryna ýangyç-energetika toplumyny mundan beýläk-de ösdürmek, täze tehnologiýalary ornaşdyrmak, iri düzümleýin taslamalara, şol sanda täze ýangyç ýataklaryny özleşdirmek, energetika geçirijileri we beýleki desgalary gurmak, şeýle hem nebithimiýa kärhanalaryny tehniki taýdan täzeden enjamlaşdyrmak baradaky taslamalara daşary ýurt maýalaryny çekmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi. Şunuň bilen baglylykda, milletiň Lideri öňdebaryjy tejribäniň, şu ulgamda tehniki we tehnologiki mümkinçiliklere eýe bolan esasy daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy tapgyrlaýyn giňeltmegiň möhümdigini nygtady.
Himiýa senagaty we balyk hojalygy ulgamynda hem anyk tabşyryklar berildi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň direktory Ý.Kakaýew ýolbaşçylyk edýän pudaklarynda şu ýylyň 5 aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri hakynda hasabat berdi. Wise-premýeriň belleýşi ýaly, häzirki döwürde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýolbaşçylygynda nebitgaz pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça
durmuşa geçirilýän öňdengörüjilikli syýasatyň netijesinde ýurdumyzyň önümçilik pudagynyň ýokary görkezijileri üpjün edilýär. Hazar deňziniň türkmen bölegindäki nebitgaz ýataklaryny işläp taýýarlamak üçin daşary ýurt maýalaryny çekmäge gönükdirilen döwlet strategiýasyna laýyklykda, uglewodorod serişdeleriniň alnyşynyň möçberleri yzygiderli artdyrylýar.
2012-nji ýylyň 1-nji iýuny ýagdaýynda önümi paýlaşmak hakyndaky Şertnamalara laýyklykda, 8 sany taslama durmuşa geçirilýär. Olaryň 5-si nebiti we gazy çykarmak, üçüsi bolsa geologiýa-gözleg işlerini geçirmek boýunçadyr. Hasabat döwrüniň görkezijileriniň seljermeleriniň jemleri nebitiň we gazyň çykarylyşynyň möçberleriniň we “mawy ýangyjyň” eksport edilişiniň möçberleriniň artýandygyny görkezýär.
Şu ýylyň ýanwar-maý aýlarynda “Türkmengaz” döwlet konserniniň Nebit we gaz instituty tarapyndan ylmy-barlag işleri boýunça 61 şertnama we taslama işleri boýunça bolsa 93 şertnama esasynda netijeli işler ýerine ýetirildi.
“Türkmennebit” döwlet konserniniň “Nebitgazylmytaslama” instituty tarapyndan hasabat döwründe nebit we gaz ýataklaryny işläp taýýarlamagyň, geologiýa – gözleg işlerini, nebiti we gazy çykarmagyň işleriniň meseleleri boýunça degişli çäreler durmuşa geçirildi. Institutyň hünärmenleri tarapyndan ylmy-tehniki çäreleriň 14-si guraldy. Önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak boýunça teklip taýýarlandy.
“Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň Ylmy-barlag hem-de geologiýa-gözleg instituty tarapyndan uly möçberli işler ýerine ýetirildi. Şu ýylyň 5 aýynda abraýly halkara guramalary we dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary bilen ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyndaky netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen, iki sany iri çäre geçirildi. Olaryň biri 2012-nji ýylyň martynda Berlinde “Türkmenistan-Ýewropa: hyzmatdaşlygyň geljegi” ady bilen geçirilen halkara maslahat bolsa, beýlekisi “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen III Halkara gaz kongresidir.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, nebitgaz pudagynyň ösdürilmegi halk hojalyk toplumyny özgertmek boýunça ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan işleriň ileri tutulýan wezipeleriniň biridir diýip belledi. Ýurdumyzyň ýangyç-energetika strategiýasyny durmuşa geçirmek boýunça esasy wezipeler “Türkmenistanyň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin nebitgaz senagatyny ösdürmegiň maksatnamasynda” kesgitlenildi. Ol täze geljegi uly gaz ýataklarynyň durkuny täzelemegi tizleşdirmek, nebitiň we gazyň täze ýataklarynyň gözlegine gönükdirilen geologiýa-gözleg we buraw işlerini işjeňleşdirmek, ýangyç-energetika toplumyna häzirki zaman tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmak boýunça toplumlaýyn çäreleri geçirmegi göz öňünde tutýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz bu ugurda alnyp barylýan işleriň yzygiderli dowam etdirilmeginiň möhümdigine ünsi çekip, wise-premýere pudakda alnyp barylýan işlere yzygiderli gözegçilik etmegi tabşyrdy.
Şeýle hem mejlisiň barşynda döwlet durmuşy bilen baglanyşykly başga-da birnäçe meselelere seredildi we degişli çözgütler kabul edildi.
Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň mejlisini tamamlap, oňa gatnaşyjylara jan saglyk, abadançylyk we Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi we olar bilen hoşlaşdy.