Ï Resmi habarlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Resmi habarlar

view-icon 725
Türkmenistanda kämillik ýaşyna ýetmedikleriň arasynda jenaýatlaryň we kanun bozulmalarynyň ýüze çykmagynyň hem-de gaýtalanmagynyň öňüni almak we adyl kazyýetlik iş ýöredişiň çagalara hoşniýetli bolmagyny we çaganyň hukuklaryny berjaý etmegini gazanmak, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň kämillik ýaşyna ýetmedikleriň hukuklaryny kesgitleýän ýörelgelerinden ugur alyp, çagalary milli we umumyadamzat ruhy gymmatlyklary esasynda terbiýelemek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama bilen “Kämillik ýaşyna ýetmedikleriň işi barada adyl kazyýetlik ulgamyny ösdürmek boýunça Türkmenistanyň Baş maksatnamasy tassyklanyldy.

* * *

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe weterinariýa işini talaba laýyk ýola goýmak hem-de “Ýurdumyzda weterinariýa işini kämilleşdirmek hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2012-nji ýylyň 29-njy martynda çykaran 12203-nji kararyny ýerine ýetiremk maksady bilen, Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň ýanyndaky Döwlet weterinariýa gullugynyň işini dünýä ölçeglerine laýyklykda ýola goýmak boýunça durmuşa geçirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy.

* * *

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaşlarymyzy ylymly-bilimli, beden we ruhy taýdan sagdyn, ýokary medeniýetli, ata Watanymyza we merdana halkymyza wepaly nesiller edip ýetişdirmek, zehinli çagalaryň milli sungatda, medeniýetde hem-de bilimde gazanan üstünliklerini dünýä ýaýmak, hemişelik Bitarap Watanymyzyň ýaş nesilleriniň we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň çagalarynyň dost-doganlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak maksady bilen, şeýle hem Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli Türkmenistanyň Bilim ministrligine 2012-nji ýylyň 3-13-nji iýuny aralygynda ýurdumyzyň welaýatlaryndan we Aşgabat şäherinden 180 çaganyň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlardan 100 çaganyň “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda dynç almaklaryny guramak tabşyryldy. Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi we Balkan welaýatynyň häkimligi 2012-nji ýylyň 9-njy iýunynda ýurdumyzyň we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň çagalarynyň gatnaşmagynda halkara çagalar festiwalyny geçirmäge borçly edildi. Şeýle hem resminama bilen ýurdumyzyň we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň çagalarynyň dynç almaklaryny guramak hem-de halkara çagalar festiwalyny geçirmek boýunça guramaçylyk toparynyň düzümi tassyklanyldy.