Şu gün "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyndaky “Hazyna” myhmanhanasynda “Syýahatçylyk ulgamyndaky standartlar we hil. Halkara tejribe we ony Türkmenistanda ulanmak” atly maglumat berýän we usuly görnüşdäki üç günlük okuw maslahaty başlanldy. Bu çäre Junior Achievement Worldwide halkara guramasy, ABŞ-nyň Halkara ösüşi boýunça agentligi (USAID) we Chevron Nebitgaz kompaniýasy tarapyndan Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň hem-de Syýahatçylyk we sport baradaky döwlet komitetiniň goldaw bermeginde guraldy.
Okuw maslahatyna degişli ministrilkleriň we pudak edaralarynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri, "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyndaky kaşaň myhmanhanalarynyň we sagaldyş öýleriniň hünärmenleri gatnaşýarlar, olaryň öňünde şypahana - syýahatçylyk ulgamy boýunça halkara derejeli bilermenler we myhmanhana degişli işewürlik boýunça menejerler çykyş etdiler.
Türkmen syýahatçylyk ulgamyny halkara derejesine ýetirmekde möhüm ähmiýete eýe bolan meseleler maslahata garamak üçin hödürlendi. Deňiz boýundaky şypahananyň innowasion görnüşde gurulmagyna dünýäde belli daşary ýurt kompaniýalarynyň onlarçasy, Türkmenistanyň döwlet kärhanalary we hususy maýadarlar gatnaşýarlar. Häzirki wagta "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyny ösdürmegiň depginleri we möçberleri günsaýyn ösýän şäheriň derejesine barabardyr, şunda köp sanly ýokary derejeli hünärmenler, şol sanda şypahana bilen bagly hyzmatlara degişli işgärler talap edilýär. Munuň özi maslahata gatnaşyjylaryň çykyşlarynda we interaktiw görnüşdäki tälimlerde esasy mesele bolup durýar.
Bölümlerde geçirilen mejlisleriň we tälimleriň barşynda myhmanhanalaryň işine degişli wajyp görkezijilere, şol sanda şu ugra degişli etika, hyzmat etmegiň standartlaryna, marketingiň usullaryna we wezipelerine hem-de syýahatçylyk ulgamynda milli hünärmenleriň ussatlygynyň artdyrylmagyna degişli beýleki jähetlere garaldy.
Üç günlük maslahatyň maksatnamasynda “Türkmenstan – syýahatçylyk we myhmansöýerlik” atly elektron görnüşde maglumat beriji neşir bilen tanyşdyrylyş dabarasyny geçirmek göz öňünde tutulýar, şonda Türkmenistanyň myhmanhana bilen bagly telekeçilikde gazanan üstünliklerini giňişleýin görkezmek bilen birlikde, şu ulgamda bilelikdäki halkara taslamalarynyň amala aşyrylmagynyň hem-de türkmen-amerikan hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň netijeliligi äşgär edilýär.
Maslahatyň ahyrynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň häzirki döwürdäki ýagdaýyna we ony geljekde ösdürmegiň mümkinçiliklerine bagyşlanan “tegelek stoluň” başynda söhbetdeşlik guralar. Şonda daşary ýurtly myhmanlar bilen birlikde türkmen bilermenleri hem çykyş ederler.