Ï Meni alyslara uzaýan ýollar çagyrýar...
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Meni alyslara uzaýan ýollar çagyrýar...

view-icon 887
Lebap welaýatynyň Galkynyş etrabynyň „Parahat“ daýhan birleşiginiň ýaşaýjysy, meşhur syýahatçy Batyr Abdyllaýew diňe pyýada syýahatçylyk edýär. Ol syýhatçylyk etmegiň diňe bir wagt geçirmek üçin edilýän gezelenç däldigini, ene topragyň ajaýyplyklaryny diňe bir awtoulagyň ýa-da otlynyň aýnalaryndan syn etmän, eýsem ony ýakynyndan synlap, tebigatyň gözelliklerine düşünmekdigini öz maşgalasyna – gelnine we üç sany çagasyna, şeýle hem ýakyn garyndaşlaryna ilkibada düşündirip bilmedi.

Bularyň ählisi mundan 30 ýyl öň, ýagny onuň heniz talyp döwri dinozawrlaryň aýak yzy galan ýapgydyna we ýurduň iň belent nokady bolan Aýrybaba belenligine eden syýahatyndan başlandy. Ol şonda bu ýerlerden baş çykarmaga ugrukdyran, gije ýatmaga ýer beren, suwy we duzy deň paýlaşan ýol ugra gabat gelen çopanlaryň ählisini diýen ýaly, beýleki gabat gelen adamlary bu günki gün ýagşylykda ýatlaýar.


Şu ýyl Batyr Abdyllaýewiň 50 ýaşy dolýar. Şu ýyllaryň dowamynda onuň ýekeleikde ýa-da özi ýaly tebigaty söýýän we işjeň dynç almagy halaýanlaryň biri bilen edilen syhatlaryň onlarçasy edildi. Özi hem Batyr syýahatçylyk edýän döwründe ýolugra gabat gelýän ulaglaryň eýeleriniň maşyn münmek baradaky edýän teklipleri bilen bir gezek-de ylalaşmady. Ol 2005-nji ýylda öz dogduk mekany bolan Galkynyş etrabyndan Aýrybaba belentligine çenli 12 günüň dowamynda 480 kilometr ýoly, 2007-nji ýylda 33 günde 1200 kilometr (Farap-Awaza) ýoly geçmegi başardy. Iň uzak ýöriş 2008-nji ýylda Aşgabat-Garagum-Daşoguz-Gazojak-Galkynyş-Türkmenabat-Halaç-Atamyrat-Köýtendag aralygyna boldy. Batyr uzynlygy 1800 kilometr bolan bu aralygy 45 günde geçdi.

Pyýada ýöremegi halaýan syýhatçy güýzde täze ugurlar: Köneürgenç-Daşoguz-Türkmenabat-Mary-Aşgabat-Balkanabat-Awaza ugry boýunça gezelneç etmegi göz öňünde tutýar. Bu syýahatçylyk onuň üçin dowamlylygy boýunça iň ýokary bolar. Ol ýola düşende 8 kilogramdan agyr bolmadyk ýüki – iň az mukdarda azygy we suwy, halta görnüşindäki ýatylýan ýorgan-düşegi, bellik etmek üçin depderçäni, karta bilen işlär ýaly dürli reňkdäki ruçkalary ýany bilen alar.