Şu gün Aşgabat şäheriniň, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň atçylyk - sport toplumlarynda ýazky at çapyşyk möwsüminiň jemleýji çapyşyklary geçiriildi.
Şu mynasybetli, ilki bilen tamamlanan möwsümde iň ýokary netije görkezen “behişdi bedewleriň” atlaryny sanap geçeliň. Olaryň arasynda ilkinji gezek çapuwa çykarylan ajaýyp ikiýaşar bedewler hem bar. Aşgabadyň atçylyk - sport toplumynda möwsümiň dowamynda geçirilen bäsleşiklerde 1000 metr aralykda Garajaoglan, Garlawaç, Arzuw, Ýaýla, Akmaňlaý, Altynaý, Gülsary, Gadamhan, Gülbahar, Aýnur, Merjen, Gözegçi, Gujurly, Hublot, Melehan, Aýýaly, Garaduman, Ýeserje, Surnaý iň oňat netijeleri görkezdiler.
Balkan atçylyk - sport toplumynlda 1400 metr aralyga ikiýaşar atlaryň arasynda geçirilen ýaryşlarda Arkadag atly bedew möwsümiň dowamynda hemişe ýeňiji bolup geldi.
Daşogzuň atçylyk - sport toplumynda ikiýaşar atlaryň arasynda 500 we 800 metr aralyklarda Garaja, 1000 metr aralykda bolsa Abadan we Maýa ýeňiji boldular.
Lebabyň atçylyk - sport toplumynda ikiýaşar atlaryň arasynda 500 we 800 metr aralyklarda Dorgyz ýeňiji boldy.
Marynyň atçylyk - sport toplumynda ikiýaşar atlaryň arasynda 500 metr aralykda geçirilen bäsleşiklerde Nowruzbaý, Gerden, Aýnur, Seýran, Aýlar, Dorgyz, Aýjemal, 800 metrlik aralykda bolsa Aýnur pellehana ilkinji bolup geldiler.
Elbetde, diňe bir ikiýaşar atlar däl, eýsem, öňden belli bolan ulyýaşar atlar hem türkmen bedewine mahsus bolan iň oňat ýyndamlyk sypatlaryny görkezdiler. Mundan başga-da, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Türkmen bedewiniň baýramynyň öň ýanynda päsgelçilikli aralyklara we uzak aralyga geçirilen ýaryşlar şu möwsümiň aýratynlygydyr.
Şeýlelik bilen, şu möwsümde görkezilen ýokary netijeler milletiň Lideriniň hut özüniň tagallalary bilen Türkmenistanda atçylyk sportuny ösdürmek boýunça geçirilýän işleriň oňat netije berýändigine şaýatlyk edýär. Bu bolsa türkmen bedewleriniň köp müňýyllyk dünýä şöhratyny has-da artdyrmak üçin oňaýly şertler döredýär.
Ine, şu gün hem at çapyşyklarynyň geçirilmegi mynasybetli ýurdumyzyň atçylyk - sport toplumlarynda däp bolan dabaraly çäreler guraldy. Häzirki zaman atçylyk toplumlaryda belli aýdymçylaryň, sazandalaryň we tans toparlarynyň gatnaşmagynda aýdym-sazly çykyşlar boldy. Tejribeli we ýaş suratkeşleriň hem-de amaly-haşam sungatynyň ussatlarynyň sergileri ýaýbaňlandyryldy, dürli sport ýaryşlary geçirildi.
Şeýlelikde, ýazky at çapyşyk möwsüminiň jemleýji gününde paýtagtymyzyň atçylyk - sport toplumynda sekiz çapuw, welaýatlaryň atçylyk - sport toplumlarynyň her birinde bolsa bäş çapyşyk geçirildi.
Aşgabadyň atçylyk - sport toplumynda 1000 metr aralyga geçirilen ilkinji dört çapyşykda ikiýaşar atlar bäsleşdiler we şonda Gözelobam (1 minut 07.5 sekunt), Paýtagt (1 minut 11.8 sekunt), Kaýsar (1 minut 06.9 sekunt) we Akgaýma (1 minut 09.5 sekunt) üstünlik gazandylar.
1200 metr aralyga üçýaşar atlaryň arasynda geçirilen bäşinji we altynjy çapyşyklarda degişlilikde Gowşuthan (1 minut 23 sekunt) we Goşant (1 minut 22.5 sekunt) ilkinji bolup pellehana geldiler.
Dörtýaşar we uly atlaryň arasynyda geçirilen ýedinji we sekizinji çapyşyklarda 2400 metr aralykda Aköýli (2 minut 50 sekunt) we 2000 metr aralykda Gyşyksakar (2 minut 24.3 sekunt) ýeňiji boldular.
Balkanyň atçylyk - sport toplumynda 1400 metr aralyga geçirilen birinji çapyşykda Arkadag atly ikiýaşar bedew (2 minut 09 sekunt), dörtýaşar we ulyýaşar bedewleriň arasynda 4600 metr aralyga geçirilen ýaryşda Burnak (8 minut), 1400 metr aralyga geçirilen üçünji we bäşinji çapyşyklarda bolsa Garader (1 minut 40 sekunt) we Gyrdäli (2 minut 15 sekunt) pellehana ilkinji bolup geldiler. Üçýaşar atlaryň arasynda 3000 metr aralyga geçirilen çekeleşikli bäsleşikde öň hem şu möwsümde örän oňat netijeleri görkezen Garaaltyn (4 minut 15 sekunt) ýeňiji boldy.
Daşoguz welaýatynyň atçylyk - sport toplumynda 1800 metr aralyga geçirilen birinji we ikinji çapyşyklarda dörtýaşar we ulyýaşar atlaryň arasynda degişlilikde Salpy (2 minut 22.30 sekunt) we Adalat (2 minut 33.10 sekunt) ýeňiji boldular. Üçýaşar atlaryň arasynda 1400 metr aralykda üçünji we dördünji çapyşyklarda Girman (1 minut 52.30 sekunt) we Sülgün (1 minut 57.30 sekunt), ikiýaşar atlaryň arasynda 800 metr aralykda bolsa Keýik (1 minut 2.10 sekunt) ilkinji bolup pellehana geldiler.
Lebap welaýatynyň atçylyk - sport toplumynda ikiýaşar atlaryň arasynda 1000 metr aralyga geçirilen birinji çapyşykda Dorgyz (1 minut 06.08 sekunt), üçýaşar atlaryň arasynda ikinji çapyşykda Edermen (2 minut 20 sekunt) ýeňiji boldular. 2400 metr aralyga geçirilen çapyşyklaryň üçüsinde dört we ulyýaşar atlaryň arasynda Köpel (2 minut 44.02 sekunt), Ýazly (2 minut 46.05 sekunt) we Toýly (2 minut 50.05 sekunt) iň oňat netijeleri görkezdiler.
Marynyň atçylyk - sport toplumynda ikiýaşar atlaryň arasynda 500 metr aralyga geçirilen birinji çapyşykda Baharly (39.27 sekunt), ikinji çapyşykda 800 metr aralyga geçiilen bäsleşikde Gerden (1 minut 4.20 sekunt), üçünji çapyşykda üçýaşar atlaryň arasynda 1600 metr aralykda Galmaz (2 minut 14.69 sekunt) ýeňiji boldular. Dörtdünji we bäşinji çapyşyklarda 1800 metr aralyga dört we ulyýaşar bedewleriň arasynda geçirilen bäsleşiklerde degişlilikde Tahyr (2 minut 13.28 sekunt) we Garlawaç (2 minut 23.85 sekunt) pellehana ilkinji bolup geldiler.
Şeýlelikde, şunuň ýaly ajaýyp netijeler bilen ýazky çapyşyk möwsüminiň soňky güni hem tamamlandy. Indi atçylyk sportunyň janköýerleri öz söýgüli, behişdi bedewleri, bilen güýzki çapyşyk möwsümi başlananda, awgust aýynyň aýagynda duşuşyp bilerler.