Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň haýyşy boýunça paýtagtymyza we onuň töwereklerine iş saparyny amala aşyryp, dikuçardan giň möçberde ýaýbaňlanan şäher gurluşyk maksatnamasynyň durmuşa geçirilişiniň barşy bilen tanyşdy. Iş saparynyň barşynda häkim döwlet Baştutanymyz tarapyndan ozal berlen degişli tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi hakynda hem hasabat berdi.
Mälim bolşy ýaly, milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow adamlaryň durmuşy, olaryň döredijilikli zähmeti hem-de göwnejaý dynç alşy üçin oňat şertleri döretmegi göz öňünde tutýan ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmegiň täze toplumlaýyn maksatnamasynyň we tutuşlygyna alnanda, Türkmenistanda amala aşyrylýan bu ulgamda dünýäniň öňdebaryjy gazananlaryny hem-de innowasiýalary peýdalanmaga ugur alan şähergurluşyk syýasatynyň gyşarnyksyz durmuşa geçirilmegine möhüm ähmiýet berýär. Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary we yzygiderli aladasy bilen alnyp barylýan iri möçberli tutumly işleriň netijesinde Gündogaryň merjen şäheri hasaplanýan Aşgabat ajaýyp binagärlik keşbi bilen dünýäde iň owadan we abadanlaşdyrylan şäherleriň birine öwrüldi.
Milletiň Lideri guşuçar belentlikden paýtagtymyzyň awtomobil ýollarynyň durkuny täzelemek boýunça işleriň barşy bilen tanşyp, bu babatda ýol gurluşyk ulgamynda iň häzirki zaman tehnologiýalary ulanmak bilen bir hatarda töweregindäki çäkleri abadanlaşdyrmak, yşyklandyrmak, zerur kommunikasion ulgamlary çekmek ýaly meseleleriň oýlanyşykly çözülmelidigini belledi.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz şäheri abadanlaşdyrmagyň geljegini nazara almak bilen paýtagtymyzyň göwnejaý durmuşyny üpjün etmegiň aýrylmaz şerti bolan Aşgabadyň ulag-aragatnaşyk düzümini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmagyň hem-de ösdürmegiň meýilnamalaryny ýokary derejede amala aşyrmak boýunça alnyp barylýan möhüm işleriň barşyna ünsi çekdi. Hususan-da, milletiň Lideri täze awtomobil ýollarynyň, köprileriň, estakadalaryň we ýollaryň çatryklarynyň, şol sanda häzirki wagtda gurluşyk işleri has gyzgalaňly dowam etdirilýän şäheriň künjeklerinde gurluşygyň depginleri we hili bilen içgin gyzyklandy.
Döwlet Baştutanymyz Aşgabadyň töwereginde gurulýan halkalaýyn tizlikli ýolda işleriň ýagdaýyna aýratyn üns berdi. Hususan-da, Türkmenistanyň Prezidenti halkalaýyn ýoluň şäherara awtomobil ýoly bilen şäheriň gündogaryndaky we günbatar tarapyndaky kesişýän ýerinde estakada köprüsiniň we ýol çatrygynyň gurluşygynyň barşyny guşuçar belentlikden synlamak bilen, bu çylşyrymly inžener-tehniki desgalarda işleriň hilini berk gözegçilikde saklamagy hem-de olaryň ulanmaga berilmeli möhletleriniň berjaý edilmegini talap etdi.
Şunuň bilen baglylykda, milletiň Lideri ýollaryň bitirýän hyzmatynyň we adamlar üçin amatlyklaryň şäheriň bezegi bilen göwnejaý utgaşdyrylmagy ýaly meseläniň möhümdigini belledi. Bu meselelere toplumlaýyn we oýlanyşykly çemeleşmek zerurdyr, şonda ýolyň gurluşyk we abatlaýyş işleriniň hilinden başlap, ýolagçylar üçin duralgalara, yşyklandyryşa hem-de bagy-bossanlyga öwürmäge çenli ähli ýagdaýlar nazara alynmalydyr diýip, milletiň Lideri belledi. Çylşyrymly inžener-tehniki desgalar bolan gurulýan ýol çatryklary ak mermere örtülen paýtagtymyzyň binagärlik-şähergurluşyk keşbiniň gözelligini hem-de özboluşlylygyny baýlaşdyryp, binagärlik sungatynyň parçasy hökmünde şäheriň ajaýyp keşbi bilen berk sazlaşmalydyr.
Döwlet Baştutanymyz berkarar döwletiimiziň bagtyýarlyk döwründe geçirilýän ähli giň möçberli özgertmeleriň, şol sanda şähergurluşygy babatda hem işleriň durmuş ugruna gönükdirilmelidigi babatda söz açyp, paýtagtymyzyň günorta böleginde gurlan “Altyn asyr” gündogar bazarynyň binalar toplumynyň ulanyş ýagdaýyna hem şäheriň häkiminiň ünsüni çekdi. Bu möçberi boýunça ägirt uly bolan bazar özüniň özboluşly binagärlik çözgüdi bilen tapawutlanýar, toplum guşuçar belentlikden ägirt uly haly göli keşbinde görünýär. Milletiň Lideriniň nygtaýşy ýaly, Ýewropanyň ägirt uly bazarlary üçin häsiýetli bolan satyjylar we alyjylar üçin häzirki zaman oňaýlylygynyň hem-de sahy Gündogar bazarynyň haýran galmaly gaýtalanmajak keşbiniň sazlaşykly utgaşmagy bu köpugurly söwda toplumynyň aýratynlygydyr. Şeýlelikde, “Altyn asyr” gündogar bazary türkmen paýtagtynyň özboluşly ajaýyp ýeri, berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ata Watanymyzyň abadançylygynyň we gülläp ösmeginiň nyşany bolmalydyr.
Türkmenistanyň Prezidenti halkalaýyn awtomobil ýolunyň bu ýerden geçýän bölegini synlap, ulag düzümini döwrebaplaşdyrmagyň Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini nygtap, bu işde ýokary halkara ülňüleriniň esasy çelgi bolup hyzmat etmelidigini belledi.
Türkmenistanyň Prezidenti durmuşa geçirilýän gurluşyk maksatnamasynyň ilkinji nobatdaky wezipelerine ünsi çekip, bu ugurda alnyp barylýan işler häzrki zaman binagärlik, bezeg we inžener-tehniki pikiriň öňdebaryjy gazananlaryny hem-de şunuň bilen birlikde milli binagärligiň we bezeg işleriniň asyrlaryň dowamynda halkymyzyň şöhrat gazanan başarjaň ussalarynyň däplerini ornaşdyrmak bilen hemme babatda bütin dünýä nusga bolup hyzmat etmelidigini aýratyn nygtady.
Munuň özi desgalaryň ýerleşýän we guruljak ýerlerini saýlap almakdan seýilgähleriň düýbüni tutmaga we ýaşyl zolaklary döretmäge çenli degişli meselelriň ählisini döwrebap derejede maksadalaýyk çözmäge degişlidir. Bu babatda milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow dünýäniň iň oňat tejribesini, şol sanda ony biziň ýurdumyzda ornaşdyrmagyň mümkinçiliklerini nazara almak bilen, tebigat bilen sazlaşykly bezegi babatda öwrenmegiň möhümdigini yzygiderli nygtap gelýär. Döwlet Baştutanymyz her bir şähergurluşyk maksatnamasyny işläp taýýarlamakda we durmuşa geçirmekde yşyklandyryşa, bagy-bossanlyga öwürmäge, gök zolaklary we dynç alyş zolaklaryny döretmäge aýratyn üns bermek bilen, milli äheňdäki bezegi hem-de ekologiýa we elbetde, şol desgalaryň bitirýän hyzmaty ýaly möhüm şertleri birjik-de gözden salman, turuwbaşdan ownuk zatlara çenli ähli zatlary ilik-düwme öwrenmegi pugta talap edýär.
Türkmenistanyň Prezidenti iş saparynyň ahyrynda Aşgabatda we onuň töwereklerinde gurulýan binalar we desgalar häzirki zamanyň döwrebap iri şäheriniň durmuşynyň okgunly depginlerini üpjün edip, onuň ajaýyp binagärlik keşbine sazlaşykly goşulmalydyr diýip bellemek bilen, halkara derejesindäki möhüm ähmiýetli çäreleriň – dünýä ösüşiniň wezipeleriniň oňyn çözgütlerini tapmak üçin möhüm duşukşyklaryň, gepleşikleriň, maslahatlaryň geçirilýän ýerine öwrülen türkmen paýtagty ähli ölçegleri boýunça bütindünýä ähmiýetli merkeziň ýokary derejesine laýyk gelmelidir diýip nygtady. Şunuň bilen baglyylkda, milli Liderimiz işleri talaba laýyk derejede alyp barmak maksady bilen şäheriň häkimine anyk tabşyryklary berdi.