Ï Türkmenistanyň Prezidenti göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

view-icon 756
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow nobatdaky göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi, oňa hökümet agzalarynyň käbiri, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň birnäçesiniň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleri gatnaşdylar.

Maslahatyň barşynda berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe durmuş-ykdysady ösüşiň ýurdumyzda ýaýbaňlanan giň möçberli maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň esasy ugurlary hem-de meseleleri, welaýatlarda alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň barşy, şeýle hem dürli düzümlerde işleriň ýagdaýy we Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan öň berlen tabşyryklary ýerine ýetirmek boýunça görülýän çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän wideoşekilli iş maslahatynda ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýew bilen söhbetdeş boldy. Hökümet Baştutanynyň orunbasary öz gözegçilik edýän pudaklarynda işleriň ýagdaýy, şol sanda olaryň öňünde goýlan wezipeleri çözmek maksady bilen, bank-maliýe ulgamynyň edaralary tarapyndan geçirilýän işler hakynda hasabat berdi.

Halkara standartlaryny ornaşdyrmagyň, häzirki zaman öňdebaryjy usullaryny we tehnologiýalaryny işjeň ulanmagyň esasynda bank-maliýe we ykdysadyýet düzümleriň işini has-da kämilleşdirmek milli ykdysadyýetimizi üstünlikli ösdürmegiň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz degişli ugurda yzygiderli çäreleri görmegiň möhümdigini belledi. Şol bir wagtyň özünde döwlet Baştutanymyz bar bolan kemçilikler, hususan-da, hasabat maliýe resminamalarynda käbir kemçilikleriň bardygyny aýdyp, wise-premýere nägilelik bildirdi. Şol kemçilikleri gyssagly düzetmegi talap edip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň maliýe we bank edaralarynyň işine berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Nurmyradowany göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyna çagyryp, onuň gözegçilik edýän ulgamlarynda bellenilen meýilnamalaryň ýerine ýetirilişi bilen gyzyklandy.

Wise-premýer medeniýet edaralarynyň işini kämilleşdirmek, ýurdumyzyň habar beriş serişdelerini ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler hakynda Türkmenistanyň Prezidentine hasabat berip, ýakyn wagtlarda geçiriljek çäreler hakynda hem aýtdy.

Milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli ýaýlymlaryň tele we radio gepleşiklerini taýýarlamak meseleleriniň üstünde durup geçdi. Hususan-da, döwlet Baştutanymyz olaryň işine täzeçil usullary we döredijilik babatda çözgütleri has işjeň ornaşdyrmagyň zerurdygyny nygtap, ýaýlyma goýberilýän gepleşikleriň hilini hem-de mazmunyny ýokarlandyrmak we studiýalaryň bezegini kämilleşdirmek üçin yzygiderli çäreleri görmegi tabşyrdy.

Soňra göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän wideoşekilli iş maslahatynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew gözegçilik edýän pudaklarynda işleriň ýagdaýy hem-de degişli pudaklaýyn düzümi has-da döwrebaplaşdyrmak maksady bilen, görülýän çäreler hakynda hasabat bilen çykyş etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň işine ünsi çekdi. Milli Liderimiz hususy kompaniýalaryň ýurdumyzda üstünlikli alyp barýan işleriniň köpdügine garamazdan, käbir ynanylan gurluşyklarynyň möhletlerini berjaý etmek bilen bagly möhüm işlerde düýpli nogsanlyklaryň, hususan-da, ep-esli wagt geçendigine garamazdan, medeni-durmuş maksatly wajyp desgalaryň birenteginde henize – bu güne çenli işe girişilmändigi üçin düýpli närazylyk bildirdi. Döwlet Baştutanymyz şeýle ýagdaýyň ýol berilmesizdigini belläp, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine ynanylan ähli gurluşyklarda işleriň talaba laýyk alnyp barylmagyna berk gözegçiligi üpjün etmegi talap etdi.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti göni wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň direktory Ý.Kakaýew bilen gürrüňdeş boldy. Wise-premýeriň belleýişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň nebitgaz pudagyny ösdürmek boýunça geçirilýän öňdengörüjilikli syýasat netijesinde onuň önümçilik böleginde oňat görkezijileri üpjün edilýär. Hazar deňziniň türkmen bölegindäki nebitgaz ýataklaryny işläp taýýarlamak üçin daşary ýurt maýalarynyň çekilmegini göz öňünde tutýan strategiýa laýyklykda, bu ýerde ýangyjyň çykarylýan möçberleri günsaýyn artýar.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, nebitgaz pudagyny ösdürmek ýurdumyzda amala aşyrylýan halk hojalyk toplumynyň ähli ugurlaryny özgertmek babatda ileri tutulýan wezipeleriň biri bolup durýar diýip belledi. Ýurdumyzyň ýangyç-energetika strategiýasyny amala aşyrmak boýunça esasy wezipeler Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasynda kesgitlenildi. Ol geljegi uly nebitgaz meýdanlaryny çalt depginlerde gurmak, nebitiň we gazyň täze ýataklaryny gözläp tapmaga, ýangyç-energetika toplumyna häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmaga gönükdirilen geologiýa-gözleg we buraw işlerini giňeltmek boýunça anyk çäreleri göz öňünde tutýar diýp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Şunuň bilen baglylykda, milletiň Lideri wise-premýeriň ünsüni bu ugurda işleri dowam etdirmegiň möhümdigine çekdi we degişli düzümleriň işine berk gözegçilik etmegi talap etdi.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow göni wideoaragatnaşyga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýegeleýewi çagyrdy. Ol ýurdumyzda dürli maksatly desgalaryň alnyp barylýan gurluşygy, paýtagtymyzda we welaýat merkezlerinde binalaryň we ýollaryň durkuny täzelemek we döwrebaplaşdyrmak boýunça amala aşyrylýan işler, şeýle hem gurulmagy meýilleşdirilýän täze desgalar hakynda hasabat berdi.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň düzümini mundan beýläk-de ösdürmegiň möhümdigi baradaky meselä degip geçmek bilen, şunda täze desgalaryň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak, inženerçilik ulgamlaryny we beýlekileri gurmak bilen bagly gurluşyk taslamalarynyň toplumlaýyn amala aşyrylmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.

Milletiň Lideri paýtagtymyzda, şeýle hem ýurdumyzyň ähli künjeklerinde binagärlik-şähergurluşyk maksatnamasyny üstünlikli amala aşyrmak boýunça işleriň depginleriniň artdyrylmagyna, şäher ilaty üçin ähli döwrebap oňaýlyklary döretmek bilen bagly meselelere ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň köçeleriniň, seýilgäh toplumlarynyň we dürli maksatly desgalaryň bezelişine, olaryň milli binagärlik däplerine gabat gelmegine aýratyn ähmiýet berilmelidir diýip belledi.

Gurulýan desgalaryň hiline berk gözegçilik etmegiň we olary ulanmaga bermegiň möhletlerini berjaý etmegiň möhümdigi barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz gurluşyk pudagynda işleriň netijeleriniň pesligi sebäpli wise-premýere nägilelik bildirdi we A.Ýegeleýewe degişli tabşyryklary berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hökümetiň Baştutanynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy H.Muhammedowa onuň gözegçilik edýän Ahal welaýatynda özgertmeler maksatnamasyny amala aşyrmagyň barşy hakynda hasabat bermek üçin söz berdi.

Milletiň Lideri welaýatda gurulýan iri desgalarda işleriň ýagdaýy bilen gyzyklanyp, bu welaýatyň durmuş hem-de senagat düzümlerini ösdürmek boýunça işleriň depginleriniň pes derejede alnyp barylýandygy üçin nägilelik bildirdi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz welaýatda giň gerimde ýaýbaňlandyrylan özgertmeler maksatnamasynda göz öňünde tutulan medeni – durmuş ähmiýetli desgalardaky gurluşyk işleriniň depgininiň güýçlendirilmelidigini aýtdy. Wideoşekilli maslahatyň barşynda milletiň Lideri göni aragatnaşyga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradowy çagyrdy. Wise-premýer Mary welaýatyna iş saparynyň jemleri, oba hojalyk toplumynda geçirilýän işler we möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, şol sanda ýurdumyzyň meýdanlarynda ýaýbaňlanan galla oragynyň we gowaça ideg etmegiň barşy hakynda hasabat berdi. Şeýle hem ýazky at çapyşyk möwsüminiň tamamlanandygy barada aýdyldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oragyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi we ýygnalan hasyly aýawly saklamak barada alada etmek bilen, oragyň bellenilen möhletlerde geçirilmegini talap etdi. Döwlet Baştutany galla oragynyň depginlerini gyşarnyksyz ýokarlandyrmagyň zerurdygyna ünsi çekip, oragy öz wagtynda we ýokary hilli geçirmek boýunça işleriň tutuş toplumynyň üpjün edilmelidigini aratyn nygtady. Onuň jemleri oba hojalyk toplumynyň esasy bölümleriniň işine beriljek özboluşly baha bolar. Milletiň Lideri bereketli hasyl almak maksady bilen, gowaça we beýleki oba hojalyk ekinlerine ideg etmek boýunça degişli agrotehniki çäreleri öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirmegiň möhümdigini belledi.

Mary welaýatynda, şeýle hem tutuş ýurdumyz boýunça ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeler maksatnamasynyň amala aşyrylmagyna berk gözegçilik etmegiň zerurdygyny aýdyp, milletiň Lideri bu maksatnamanyň esasy maksady adamlaryň abadan durmuşy, olaryň amatly ýaşamagy we netijeli zähmet çekmegi üçin ähli şertleri döretmekden ybaratdyr diýip belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem wise-premýeriň ünsüni häzirki zaman oba senagat desgalarynyň, hususan-da, elewatorlaryň gurulmagy ýaly möhüm ugra çekdi.

Döwlet Baştutany asyrlaryň dowamynda şöhrat gazanan türkmen atçylygyny mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň hem-de ösdürmegiň özboluşly däplerini gorap saklamagyň hem-de şonuň bilen birlikde atçylyk sportuny höweslendirmegiň, häzirki zaman degişli düzümleri kemala getirmegiň täze taryhy eýýamda Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda çykyş edýändigini nygtap, biziň ýurdumyzyň bu ulgamda netijeli gatnaşyklar üçin hemişe açykdygyny belledi.

Öz gözelligi, syratlylygy we ýyndamlygy bilen deňsiz-taýsyz bolan ahalteke bedewleri türkmen halkynyň milli buýsanjy bolup durýar we onuň baý medeni mirasynda aýratyn orny eýeleýär hem-de şunda hakykatdan hem umumadamzat siwilizasiýasynyň gymmatlygy, baýlygy bolup durýar diýip döwlet Baştutany aýtdy. Milletiň Lideri bu barada söz açyp, “Behişdi bedewleri” dünýä tanatmak, ýurdumyzyň atçylyk sportunyň halkara abraýyny ýokarlandyrmak boýunça belli bir maksada gönükdirilen işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny ýene-de nygtady.

Göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyna çagyrylan Ahal welaýatynyň häkimi M.Nurmämmedow welaýatda işleriň ýagdaýy, galla oragynyň barşy hem-de bugdaýyň hasyllylygy, pile taýýarlamakda gazanylýan netijeler, şu aýda ulanmaga beriljek möhüm medeni-durmuş ähmiýetli binalarda gurluşyk işleriniň depgini hem-de täze desgalaryň düýbüni tutmak bilen bagly işler hakynda hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ähli ugurlar boýunça welaýaty ösdürmegiň gaýragoýulmasyz meselelerini hemişe üns merkezinde saklamagyň zerurdygyny belläp, möhüm oba hojalyk möwsümi bolan galla oragynyň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda berk berjaý edilmelidigini hem-de bellenilen möhletlerde we ýokary hil derejesinde tamamlanylmalydygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz bu barada söz açyp, welaýatyň aýry-aýry etraplarynda galla oragynyň barşynda ýol berilýän anyk kemçiliklere ünsi çekmek bilen, Ruhabat etrabynda (häkimi A.Guldurdyýew) galla oragynyň haýal depginde alnyp barylýandygyny, şeýle hem bu ýerde oba hojalyk tehnikasynyň ýeterlik derejede peýdalanylmaýandygyny, hususan-da, 9 kombaýnyň işledilmeýändigini belledi.

Baharly etrabynda hem (häkimi J.Gulmyradow) galla oragynyň depgini pes. Sebäbi etrap boýunça 15 kombaýn orakda işledilmeýär. Tutuş welaýat boýunça 80 sany kombaýnyň galla oragynda işledilmeýändigini aýdylanlaryň üstüne goşsaň, onda işleriň depgininiň pesdiginiň sebäbi aýdyň bolar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu kemçilikleriň tiz aradan aýrylyp, bugdaý oragynyň depgininiň üzül-kesil ýokaprlandyrylmagy barada häkime berk tabşyryk berdi.

Soňra milletiň Lideri pile taýýarlamagyň barşy bilen gyzyklandy.

Döwlet Baştutanymyz welaýaty durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meseleleriniň üstünde durup geçmek bilen, welaýatda gurulýan estakadalaryň, ýol çatryklarynyň, köprüleriň töweregindäki çäkleri bagy-bossanlyga öwürmek hem-de abadanlaşdyrmak boýunça zerur işleri gysga möhletlerde geçirmek barada görkezme berdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatda Bagt köşgi, mekdep-internaty, welaýat kitaphanasy, metjit ýaly desgalaryň gurluşygynyň barşy bilen gyzyklanyp hem-de bar bolan birnäçe kemçilikleri, ýagny şol desgalaryň taslamasyny düzmek hem-de taslamalary ylalaşmak, potratçy kompaniýalary bäsleşik arkaly seçip almak boýunça işleriň uzaga çekdirilýändigini hem-de alnyp barylýan gurluşyklarda işleriň depgininiň pesdigini bellemek bilen, bu babatda welaýatyň häkimine nägilelik bildirdi hem-de işleriň ýagdaýyny gysga möhletlerde düzetmek barada görkezme berdi.

Soňra göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyna Balkan welaýatynyň häkimi S.Satlykow çagyryldy. Ol welaýatda alnyp barylýan işler hakynda, şol sanda galla ýygnamak möwsümi we onuň barşynda gazanylan netijeler hakynda habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz gallanyň öz wagtynda ýygnalmagy boýunça işleriň möhümdigini belledi.

Milletiň Lideri Magtymguly (häkimi H.Ylýasow) we Esenguly (häkimi N.Araztuwakow) etraplarynda galla oragyny öz möhletinde we ýitgisiz geçirmek boýunça işleriň haýal depginde alnyp barylýandygyna nägilelik bildirip, welaýatda galla oragynyň, şeýle hem pile taýýarlamagyň depginlerini ýokarlandyrmak üçin ähli çäreleriň görülmelidigini talap etdi.

Döwlet Baştutanymyz Balkan welaýatynda durmuş ähmiýetli desgalaryň, şol sanda Bagt köşgüniň, mekdep-internatyň, welaýat kitaphanasynyň, bazaryň gurluşygyna degişli meseleleriň üstünde durup geçmek bilen, bar bolan kemçilikleriň birnäçesini görkezip, olary gysga möhletlerde çözmek barada görkezme berdi.

Milletiň Lideri tomusky dynç alyş möwsüminiň ýokary derejede guralmagy baradaky meselelere welaýatyň ýolbaşçysynyň ünsüni çekip, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda dynç almaga gelýänleriň sany hem-de sagaldyş-dynç alyş merkezleriniň çagalary kabul etmäge taýýarlanylyşy bilen gyzyklandy. Halkara çagalar festiwalynyň açylyş dabarasyna taýýarlyk görmäge aýratyn üns berildi, şol dabara 9-njy iýunda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda bolar. Hormatly Prezidentimiz bu halkara çäresini ýokary derejede guramaçylykly geçirmek barada degişli tabşyryklary berdi.

Soňra göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýewiň hasabaty bilen dowam etdirildi, ol häzirki wagtda welaýatda geçirilýän möwsümleýin oba hojalyk işleri hakynda, hususan-da, galla oragyna taýýarlyk görmek, şeýle hem pile taýýarlamak barada hasabat berdi, galla oragy mälim bolşy ýaly, demirgazyk welaýatda 13-nji iýunda başlanýar. Şeýle hem hakim welaýatda gurulmagy meýilleşdirilýän kitaphananyň taslamasyny hormatly Prezidentimize hödürledi. Öz hünärmenlerimiz tarapyndan taýýarlanan taslama görä, 4 gatly binada 3 million kitap saklanar. Bu ýerde dürli derejedäki çäreleri geçirmek üçin ähli şertler göz öňünde tutulýar.

Döwlet Baştutanymyz welaýaty durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynyň durmuşa geçirilişine ünsi çekip, welaýatyň çäklerinde gurmak meýilleşdirilýän täze desgalarda, hususan-da, Bagt köşgüni, mekdep-internady, welaýat kitaphanasyny, bazary gurmak bilen bagly alnyp barylýan işleriň barşy bilen gyzyklandy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu desgalaryň taslamasyny düzmek we olaryň taslamalaryny ylalaşmak, potratçy kompaniýalary bäsleşik arkaly seçip almak boýunça işleriň uzaga çekdirilmeginiň, şeýle hem eýýäm geçirilýän gurluşyk işleriniň depginleriniň pes bolmagyna ýol bermeli däldigini görkezmek bilen bu meseleleri gysga möhletlerde çözmegi talap etdi.

Göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatynda Lebap welaýatynyň häkimi Ý.Ýaýylow hasabat berdi, ol welaýatyň oba hojalyk ulgamynda işleriň ýagdaýy hakynda, hususan-da, zähmet siňdirilip ýetişdirilen ak bugdaýyň bereketli hasylyny ýitgisiz ýygnamagyň we pile taýýarlamagyň barşy barada habar berdi, şeýle hem welaýatyň gurluşyk desgalarynda işleriň ýagdaýy hakynda habar berildi.

Döwlet Baştutany geçen ýylyň netijelerine garanyňda, hususan-da, Seýdi şäheriniň (häkimi A.Wellekow), Garaşsyzlyk etrabynyň (häkimi I.Bazarow) hojalyklarynda galla oragynyň depginleriniň pesdigine ünsi çekip, welaýatda galla oragynyň depginlerini güýçlendirmek üçin ähli zerur çäreleri görmek barada görkezme berdi.

Milli Liderimiz welaýatyň durmuşynyň ähli ugurlarynda işleriň depginlerini ýokarlandyrmagyň zerurdygy hakynda söz açyp, welaýatyň durmuş we senagat düzümlerini mundan beýläk-de ösdürmek boýunça wezipeleri üstünlikli amala aşyrmagyň ähmiýetini aýratyn nygtady.

Döwlet Baştutanymyz şunuň bilen baglylykda, gurluşyga taýýarlyk görmek boýunça işleriň uzaga çekdirilýändigine we eýýäm welaýatda gurulýan durmuş ähmiýetli täze desgalarda gurluşyk işleriniň depginleriniň gowşakdygyna welaýatyň ýolbaşçysynyň ünsüni çekip, bu meseleleri gysga möhletde çözmegi talap etdi.

Soňra göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyna Mary welaýatynyň häkimi K.Gurbanow çagyryldy.

Häkim welaýatda geçirilýän işler hakynda, hususan-da, bugdaýy isripsiz ýygnamak we pile taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler hakynda hasabat berdi. Häkim döwlet Baştutanyna welaýatyň durmuş we senagat düzümlerini ösdürmek boýunça görülýän çäreler barada hem habar berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, galla oragynyň barşyna ünsi jemlemek bilen birnäçe düýpli kemçilikleri, hususan-da ony geçirmegiň depginleriniň pesdigini görkezdi. Milletiň Lideriniň belleýşi ýaly, Mary welaýatynda galla oragynda kombaýnlaryň 30-sy işledilmeýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýratyn hem Mary (häkimi N.Amanow), Altyn sähra (häkimi Ç.Aşyrow) we Ýolöten (häkimi R.Mukmyradow) etraplarynda galla oragynyň haýal depginlerde alnyp barylýandygyny aýtmak bilen, kemçilikleri düzetmek we welaýatda galla oragynyň depginlerini güýçlendirmek şeýle hem tohumçylyk işini gowulandyrmak üçin ähli zerur çäreleri görmegi talap etdi.

Döwlet Baştutanymyz welaýatda täze Bagt köşgüniň, mekdep-internatynyň we bazaryň gurluşygy hakynda söz açyp, taýýarlyk işleriniň uzaga çekilýändigini we aýry-aýry desgalarda eýýäm alnyp barylýan gurluşyk işleriniň pes depginlerini görkezmek bilen bar bolan ähli meseleleri gysga möhletlerde çözmegi talap etdi.

Göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyna çagyrylan Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy B.Atdaýew döwlet Baştutanynyň ozal beren tabşyryklary laýyklykda, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Belek şäherçesinde gurulýan medeni, ýaşaýyş durmuş ähmiýetli binalaryň ýagdaýyna geçirilen seljerme işleriniň jemleri barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, B.Atdaýewe bu möhüm meseleleri yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegi, olaryň ilatynyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegi şol meseleleriň çözülmegine gönüden-göni baglydyr.

Soňra göni wideoaragatnaşyga Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri B.Abaýew çagyryldy, ol özüniň ýolbaşçylyk edýän ministrliginiň alyp barýan işleri, şol sanda garamagyndaky düzümleriň işlerini yzygiderli kämilleşdirmek boýunça çäreler hakynda hasabat berdi.

Söwda ulgamyny sazlaşykly ösdürmek, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli işewür gatnaşyklaryny işjeňleşdirmegi nazara almak bilen ösdürmek ýurdumyzyň okgunly ykdysady ösüşiniň aýdyň görkezijileriniň biri bolup durýar diýip, milli Liderimiz degişli ulgamyň kärhanalarynyň we edaralarynyň netijeli işlemegini häzirki zaman talaplaryna laýyklykda üpjün etmegiň zerurdygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam edip, paýtagtymyzyň bazarlarynyň ýagdaýyny, şol sanda köp ugurly iri söwda toplumynyň – “Altyn asyr” gündogar bazarynyň ýagdaýyny hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz ýakynda Aşgabat şäheri boýunça amala aşyran iş saparynyň barşynda dikuçaryň üstünden bu bazaryň ýagdaýyny synlady. Paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň ähli bazarlarynda nusgalyk düzgün-tertip höküm sürmelidir. Bellenilen arassaçylyk kadalaryny berk berjaý etmekden başlap, alyjylara hyzmat etmegiň medeniýetini ýokary derejä ýetirmek olaryň esasyny düzmelidir diýip, milli Liderimiz bu babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Soňra göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyna demir ýol ulaglary ministri B.Annameredow çagyryldy, ol pudakda işleriň ýagdaýy we iri maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilişiniň barşy hakynda hasabat berdi. Hususan-da, demir ýol stansiýalarynyň, teplowozlara we wagonlara hyzmat etmek boýunça deponyň, energiýa üpjünçiligi ulgamlarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň we täze Uzen-Gyzylgaýa-Bereket-Etrek-Gürgen demir ýolunyň beýleki düzüm desgalarynyň taslamasyny düzmek hem-de gurmak babatda işleriň alnyp barlyşy hakynda jikme-jik habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimiziň beýleki pudaklaryny toplumlaýyn ösdürmekde demir ýol ulagynyň möhüm ornuny nygtady. Döwlet Baştutanymyz Gazagystanyň, Türkmenistanyň we Eýranyň çäklerinden geçýän Demirgazyk-Günorta transmilli demir ýoluny gurmak boýunça taslamanyň ägirt uly halkara ähmiýetiniň bardygyny belläp, täze ulag geçelgesiniň açylmagyna diňe bir goňşy döwletler däl, eýsem, alysdaky daşary ýurtlaryň ençemesi hem gyzyklanýar diýip nygtady, sebäbi bu ugur Ýewropanyň we Aziýanyň döwletleriniň arasynda ýük daşamagyň aralygyny we wagtyny ep-esli kemeltmäge mümkinçilik berer.

Soňra aragatnaşyga çagyrylan Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň başlygy Ş.Meredow geçirilýän işler hakynda döwlet Baştutanymyza habar berip, hususan-da, ýylyň başyndan bäri birža söwdalarynda baglaşylýan geleşikleriň we şertnamalaryň sanynyň, şeýle hem söwdalara gatnaşýan, dünýäniň onlarça ýurdunyň bähbitlerine wekilçilik edýän daşary ýurt şereketleriniň we kompaniýalarynyň sanynyň mese-mälim artandygynyň göze ilýändigi barada hasabat berdi, munuň özi döwlet gaznasyna ep-esli pul serişdeleriniň gelip gowuşmagyny üpjün edýär. Hususan-da, biržanyň üstünden 2010-njy ýylyň hasylyndan bugdaýyň daşarky bazara 150 müň tonnasynyň, içerki bazara bolsa 30 müň tonnasynyň ýerlenendigi bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bu ugurda görülýän çäreleri işjeňleşdirmegiň möhümdigini nygtamak bilen, daşary ýurt biržalarynyň tejribesini has düýpli öwrenmegiň hem-de işiň täze netijeli usullaryny ornaşdyrmagyň zerurdygyna aýratyn ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda artyk öndürilen bugdaýyň we unuň dünýä bazarlarynda ýerlenilmegine degişli meseläniň üstünde durup geçip, munuň aýratyn ähmiýetini belledi. Türkmenistan öz taryhynda ilkinji gezek azyklyk dänäni daşary ýurtlara iberýän ýurtlaryň biri bolmak bilen, öz ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmagyň ýolunda ýene-de bir möhüm ädimi ätdi diýip, milletiň Lideri aýtdy. Döwlet Baştutany Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň üstünden ýerlemek üçin 2011-nji ýylyň hasylyndan ýene-de 300 müň tonna bugdaýy bermek barada görkezme berdi.

Döwlet Baştutanymyz göni aragatnaşyk boýunça wideoşekilli iş maslahatynyň jemini jemläp, berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mähriban Watanymyzyň ähli künjeklerinde giň gerimde ýaýbaňlandyrylan oňyn özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň geljekde has-da ösdürilmegini we halkymyzyň maddy hal-ýagdaýynyň ýokarlandyrylmagyny üpjün eder diýip belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşyjylara ata Watanymyzyň mundan beýläk-de ykdysady ösüşine gönükdirilen möhüm wezipeleri durmuşa geçirmekde üstünlikleri, berk jan saglyk arzuw etdi.